7) Pygamberimiz (s.a.w) ýaşlara maşgala gurmaga ýardam edýär!

Bu bölümi Resuly-Ekremiň (s.a.w) döwründe bolup geçen bir waka bilen başlasak, gürrüňini etjek mowzugymyz has-da düşnükli bolsa gerek.

Bir gün hezreti Aly (r.a) söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) huzuryna bardy. Ol hezreti Fatyma (r.a) üçin söz aýtmaga gelipdi. Emma gapydan girenden aýtmak isleýän bütin sözleri ýadyndan uçdy, dili tutulyp, näme geplejegini bilmän, ýuwdunyp duruberdy. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w): «Ýogsa-da, Fatyma üçin söz aýtmaga geldiň öýdýän» diýip, ony ugrukdyrdy. Gökdäki dilegi ýere gowşan hezreti Aly (r.a) tolgunmakdan ýaňa utanyp, zordan: «Hawa» diýip bildi. Ýöne onuň toý etmäge, galyň geçirmäge, şaý-sep almaga ýa bolmasa öý goş edinmäge ýagdaýy ýokdy. Resuly-Ekrem (s.a.w) oňa bu meselede-de çykalga görkezdi. Sowudyny satyp, şonuň puluna gerek-ýaragyny düzedip biljekdigini maslahat berdi. Diňe toý zyýapatyny beräýmek galypdy. Sahabalaryň biri Hezreti Ala (r.a) bir goç berdi. Ensarlar bolsa mekgejöwen ýygyp, toý tagamyny taýynladylar. Şeýdip, her kimiň ýerli-ýerden ýardam etmegi bilen bu iki ajaýyp ynsanyň toýy tutuldy. Resulalla (s.a.w) hezreti Aly (r.a) bilen hezreti Fatyma (r.a) hakynda: «Eý, Allam! Ikisini-de bagtyýar eýle! Nikalaryny haýyrly kyl!» diýip, dileg-doga etdi.

Hezreti Alynyň (r.a) öýünde öý goş ugrundan boýra, ýassyk, içine ýaprak salnan düşek, toýun tabak, küýze we ş.m bardy. Ol bu zatlary hem satan sowudynyň pulunyň ujundan edinipdi. Galan puluna-da hezreti Fatyma (r.a) üçin şaý-sep alypdy. Resuly-Ekrem (s.a.w) hezreti Fatymanyň (r.a) bukjasy hökmünde bir halyça, bir suw küýzesi, bir ýassyk hem-de içine ot salnan düşek sowgat edipdi.[1]

Resulalla (s.a.w) hyzmat edýän sahabalaryň içinde Rebiýa atly ýaş ýigit bardy. Bir gün Pygamberimiz (s.a.w) Rebiýanyň ýaşynyň ötüşip barýandygyny görüp, ondan: «Öýlenmek hakynda pikir edýäňmi?!» diýip sorady. Rebiýa bolsa golunyň ýukalagyny, galyberse-de edýän işiniň möhümligini göz öňünde tutup, «Ýok, eý, Resulalla!» diýdi. Resuly-Ekrem (s.a.w) sowalyny ikinji gezek gaýtalady. Rebiýa-da şol bir jogabyny berdi. Pygamberimiz (s.a.w) sowalyny üçünji ýola gaýtalanda, Rebiýa munda bir hikmetiň bardygyny aňyp, «Öýlenmek isleýärin, eý, Resulalla! Emr et, näme edeýin?!» diýdi.

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Rebiýany ensarlaryň biriniň öýüne sawçylyga iberdi. Ol hem tabşyrylyşy ýaly, diýlen öýe baryp, olara Pygamberimiziň (s.a.w) iberen salamyny ýetirenden soňra, gyzlary üçin söz aýtdy. Bu maşgala-da hiç hili ýaýdanman, onuň sözüni aldylar, «Baş üstüne!» diýdiler. Begenjinden guş bolup uçan Rebiýa bu habary derhal Resulalla (s.a.w) ýetirdi.

Indi toýa taýynlyk görülmelidi. Emma Rebiýa pukara ýigitdi. Öý goş, şaý-sep almaga, zyýapat berere hiç zady ýokdy. Onuň ýagdaýyny bilýän söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) dessine sahabalaryny herekete geçirdi. Ýyldyrym tizliginde ýardamlaşma başlady. Jemlenen pula galyň geçirmäge şaý-sep, öý goşy hem-de toý zyýapatyny bermäge bir goç satyn alyndy. Pygamberimiz (s.a.w) hem üwedip un etmek üçin öýündäki bolanja arpasyndan berdi. Şeýdip, hezreti Resulallanyň (s.a.w) tagallasy bilen hezreti Rebiýanyň (r.a) toýy tutuldy, täze bir maşgala ojagy döredi.


[1] Ýusuf el-Kandehlewi, «Haýatus-Sahabe – Hadyslaryň üsti bilen musulmanlyk», (terj. Ahmet M. Büýükçynar – A. Ömer Tekin – Yaşar Erol), Stambul, 1975, III, 1275 we beýlekiler.