Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) halk köpçüligi bilen arasy örän ýakyndy. Ol (s.a.w) ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli dürli gatlakdan, meslekden bolan kişiler gatnaşyk saklaýardy. Pygamberimiz (s.a.w) täze döreden jemgyýetinde adamlaryň arasynda öňden dowam edip gelýän adalatsyzlygy, eden-etdilikleri, artykmaç hukuklardan peýdalanmaklygy aradan aýryp, ähli kişä deňhukuklylyk getiripdi. Musulmanlaryň ýaşaýyş derejesini gün-günden gowulandyrmak, olary has-da bagtyýar durmuşa ýetirmek Onuň (s.a.w) iň öňde goýan wezipeleriniň biridi. Müminleriň öz aralarynda mähir-muhabbetli bolmagy, biri-birilerini ýürekden söýmegi, bir binanyň kerpiçleri deýin jebislikde, agzybirlikde ýaşamagy, biri-birileriniň begenjine şärik bolup, gaýgy-hasratyny paýlaşmaklary, ýagşy-ýaman her hili ýagdaýda öz aralarynda ýardamlaşmagy, göriplik etmekden, içlerinde musulman doganyna kine saklamakdan, tekepbirlikden, ulumsylykdan, ryýakärlikden uzak durmaklary, kiçigöwünli bolmaklary Pygamberimiziň (s.a.w) ymmatyna edýän nesihatlarynyň iň esasylarydyr. Şu ýerde aýdylyp geçilmeli iň möhüm zatlaryň biri-de Resuly-Ekrem (s.a.w) jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hemişe adalatlylyk, mähir-myhabbet, merhemetlilik, geçirimlilik, jomartlyk, ýardamlaşmak ýaly ahlak gymmatlyklarynyň rowaçlyk gazanmagyny isleýärdi.
Pygamberimiz (s.a.w) jemgyýetiň gün-güzeranyny kynlyk bilen aýlaýan pukara gatlagy bilen örän ýakyndan gatnaşardy. Barly kişilere bolsa ulumsylykdan gaça durmagy, eýeçilik edýän mal-mülkleriniň garyplaryň çekýän zähmetiniň netijesidigini aýdardy. «Işçiniň hakyny maňlaýynyň deri guramanka töläň!» diýýän Pygamberimiz (s.a.w) iş berijilere işgärleriniň zähmet haklaryny şertlere laýyklykda iň tiz wagtda tölemegi, olaryň hukuklaryny goramagy, işgärlere bolsa edýän işlerini birkemsiz, talaba laýyk ýerine ýetirmeklerini buýrardy.
Günleriň birinde horaşa, sal-sal eginbaşlaryndan ýarlykly garypdyklary belli bolan birnäçe adam Pygamberimizi (s.a.w) görmäge geldiler. Olaryň bu halyny görüp, örän gynanan Pygamberimiz (s.a.w) dessine sahabalaryny herekete geçirdi. Şeýdibem, ýerli-ýerden bu pukara kişilere ýardam berildi.
Jemgyýetiň arasynda köpçüligiň öňüne çykyp, çeper beýan bilen halka ýüzlenmegiň täsiri örän uludyr. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) köpçülige ýüzlenende aýdýan her bir sözüne dyngy berip, nazym bilen sözlärdi. Ol (s.a.w) gepleýän wagty, gürrüňi edilýän zada düşünmezlik mümkin däldi. Bar ünsüni berip diňleýänler Onuň (s.a.w) sözlerini ýat hem tutup bilýärdiler. Resuly-Ekrem (s.a.w) diňleýän kişileriň köplügine ýa-da azlygyna garamazdan, sadadan akgynly, ýumşak äheňde geplärdi, sözleri kalbynyň tä töründen çykardy.