Jomartlyk, hiç hili tamakinçiliksiz, diňe Allanyň razylygy üçin mätäç kişilere maddy ýa-da ruhy goldaw bermekdir. Bu babatda Kurany-Kerimde şeýle diýilýär:
«Takwalar göze görünmeýän gaýb äleminiň bardygyna ynanýarlar, namazlaryny üns bilen okaýarlar, özlerine yhsan eden nygmatlarymyzdan Alla ýolunda harçlaýarlar».[1]
«Takwalyk diňe siziň ýüzüňizi namazda Gündogar we Günbatar tarapa öwürmegiňiz däldir. Hakyky takwalyk Alla, ahyret gününe, perişdelere, kitaba, pygamberlere ynanyp, Allanyň razylygy üçin ýakyn dogan-garyndaşlaryna, ýetimlere, misginlere, ýolda galanlara, dilegçilere we gulçulykdan, ýesirlikden azat bolmakçy bolýanlara öz gowy görýän zadyndan berýän, namazy yhlas bilen okaýan, zekatyny berýän, eden ähti-peýmanyna wepaly bolup, kynçylykda, hassalykda we söweşiň aldym-berdimli pursatynda sabyr edýän kişileriň häsiýetidir. Ine, olar, dogruçyllardyr. Ine, takwa kişiler hut şolardyr».[2]
«Mal-mülküňizi Alla ýolunda sarp ediň! Öz eliňiz bilen özüňizi heläkçilige iteklemäň! Haýyr-sahawat ediň! Alla haýyr-sahawat edýänleri söýýändir, munda şübhe ýokdur!»[3]
«Eý, iman getirenler! Söwda-satygyň, dostlugyň we şepagatyň bolmaýan kyýamat güni gelmezden öň size beren rysgymyzdan haýyr-sahawat ediň!»[4]
Görşümiz ýaly, Allatagala Kurany-Kerimde bizi sadaka bermäge, haýyr-sahawat etmäge, özüň mätäç hem bolsaň, musulman dogaňyny özünden ileri tutmaga, ýagşylyk etmäge, garyp-pukaralara ýardam bermäge höweslendirýär, husytlygy, gysgançlygy bolsa ýazgarýar. Şeýlelikde, Kuran bize jomart, haýyrsöýer bolmagy, hor-homsy ýaşaýan mätäçlere ýardam etmegi buýurýar. Galyberse-de, Kurany-Kerimde sadaka bereniňde iň gowy görýän zadyňdan bermelidigi, eden kömegiň deregine hiç hili hantama bolmaly däldigi, eden ýagşylygyňy diliňe çolamakdan, ony göz üçin etmekden, kişini minnet astyna goýmakdan uzak durmalydygy nygtalýar.[5]
Bu okan aýatlarymyzda Alla bolan ynanjymyzdan, ýerine ýetirýän ybadatlarymyzdan gözbaş alýan ýagşy amallarymyzyň, berýän sadakalarymyzyň imanymyzy artdyrýandygyna, içki dünýämizi has-da gözelleşdirýändigine göz ýetirýäris. Diýmek, Alla ynanýan, ybadatlaryny-da berjaý edýän kişiniň boýnuna mätäç adamlara kömek bermek jogapkärçiligi-de düşýär eken. Haýyr-sahawat etmeklik halk köpçüliginiň arasynda adalatlylygy, jemgyýetiň gatlaklarynyň arasynda deňagramlylygy üpjün edýär, şeýle-de her hili synpy tolgunyşyklaryň, pitneleriň öňüni alýar.
Müslimiň kitabynda geçýän başga bir hadysda bolsa, Safwan bin Ümeýýe Pygamberimiziň (s.a.w) jomartlygyny görüp, musulman bolandygyny, ine, şeýle gürrüň berýär: «Alladan kasam edip aýdýaryn, Resulalla (s.a.w) maňa şeýle bir jomartlyk bilen eçildi welin, diýip-aýdar ýaly däl. Başda Ol meniň duşmanymdy, emma Resulalla (s.a.w) maňa köp sowgat-serpaý iberdi durdy. Ahyrynda-da bir gün Ol meniň üçin iň ajaýyp Ynsana öwrüldi duruberdi».[1]
Resulalanyň (s.a.w) jomartlygy hakynda hezreti Enesiň (r.a) aýdan şu sözleri hem aýratyn bellärliklidir: «Käbir kişi diňe dünýe malyna eýe bolmak üçin musulman bolardy. Emma yslam dinini kabul edenden soňra musulmanlyk ony şeýle bir üýtgederdi, din-imanyny dünýäniň ähli baýlygyndan üstün tutardy».[2]
Bu barada Ibni Abbas (r.a) hezretleri hem şeýle diýýär: «Jomartlykda Resulallany (s.a.w) geçip biljek ýokdur. Ol remezan aýynda hasam joşardy. Jebraýyl perişde her ýylyň remazan aýynda Pygamberimiz (s.a.w) bilen hökman görşerdi. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) oňa Kuran okap bererdi. Ol Jebraýyl perişde gelip gidenden soň göýä güýçli ýeliň yzyndan gelýän rahmet bulutlary kimin eçilerdi. Ilki bilenem mätäçleriň, pukaralaryň dadyna ýetişerdi».[3]
Ibni Abbasyň (r.a) sözlerinde hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) jomartlygynyň güýçli ýeliň yzyndan gelýän rahmet bulutlaryna meňzedilmegi, gör nähili manyly! Bu meňzetme diline, dinine, ýaşyna, kesp-kärine, ýa bolmasa aýal-erkekligine garamazdan, Onuň (s.a.w) hemme kişä deň derejede jomartdygyny görkezýär.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) beýik medeniýetleriň döräp, kemala gelmeginiň esasy sebäpleriniň biriniň jomartlykdygyny, şol medeniýetleriň ýykylmagyna, ýok bolup gitmegine sebäp bolýan zatlaryň biriniň bolsa husytlykdygyny belleýär. Onuň (s.a.w) dili bilen aýtsak, ynsanyň süňňüne, emer-damaryna ornan gysgançlyk oňa demir sowut geýen ýaly ezýet berer. Gysganç adam öz etini özi iýer. Adam bu erbet ýagdaýyndan diňe jomartlygy endik edinmek bilen halas bolup biler.
Şu ýerde şeýle bir zady nygtap geçmek ýerlikli bolsa gerek. Resulalla (s.a.w) hemişe her bir zatda orta ýoly tutmaly diýen düşünjä eýerip ýaşardy. Şonuň üçin Onuň (s.a.w) eden her bir hereketi müminler üçin nusgadyr. Jomartlyk hem orta ýoly tutmakdan dörän oňat häsiýetdir. Ýagny hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ne gysgançdy, ne-de isripçildi. Ol (s.a.w) jomartdy.
Hadyslarda beýan edilişi ýaly, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) sözüň doly manysynda jomart ynsandy. Ol (s.a.w) öz maşgalasyna, goňşularyna, garyp-pukaralara, ýetimlere, kyn günde galanlara, myhmanlara… jomartlyk bilen eçilýärdi. Bir ýetimiň göwnüni awlamak, garyp-pukaranyň dadyna ýetmek, ylym öwrenýän talyba ýardam etmek, ýetirinip bilmeýän goňşusynyň möhümini bitirmek Onuň (s.a.w) üçin iň uly bagtdy. Ýardama mätäç adamlar islendik wagt hiç hili ýaýdanman Resulalladan (s.a.w) kömek sorap bilýärdiler.
Beýleki bir tarapdan bolsa, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ýanyna dilegi düşüp gelýän garyplaryň arasynda zähmet çekmäge ukyby bolanlara işlemäge şert döredip berip, iýjek çöreklerini daban azaby bilen gazanmaga höweslendirerdi.
Musulmanlaryň sanynyň artmagynyň esasy sebäpleriniň biri-de, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) jomartlygydyr. Çünki kyn günlerinde Pygamberimizden (s.a.w) goldaw tapan kişileriň ýüreginde yslam dinine, musulmanlyga bolan söýgi döreýärdi. Biraz wagt geçenden soňra şol adamlar hakyky mümin ýaly ýaşamaga başlaýardylar.
Jomartlykda hemmelerden öňde bolan hezreti Pygamberimiz (s.a.w) jomartlyga ýürekleriniň töründen orun beren sahaba neslini-de ýetişdiripdir. Ýagny, Onuň (s.a.w) sahy, elaçyk bolmak hakyndaky ündewleri, görkezen göreldesi jemgyýetiň arasynda giňden ornaşypdyr. Hakykatdan hem, jomartlykda Resuly-Ekreme (s.a.w) meňzemäge çalşan mübärek sahabalarymyzyň bu babatda görkezen deňsiz-taýsyz pidakärliklerine taryh şaýatlyk edýär. Geliň, biz hem söýgüli Pygamberimize (s.a.w) we şanly sahabalarymyza eýerip, olar kimin jomart bolmaga çalşalyň! Hazirki döwürde biz muňa hemmeden beter mätäçdiris. Şunu-da unutmalyň: Resulallanyň (s.a.w) aýtmagyna görä, jomart kişi Allatagala, jennete hem-de adamlara ýakyndyr, jähennemden-de uzakdyr.[1]
[1] Tirmizi, «Birr», 40.
[1] Müslim, «Fedaýil», 59.
[2] Müslim, «Fedaýil», 58.
[3] Ibni Sad, «Tabakatül-Kübra», II. 195 sah; Haje M.Raif Efendi, «Muhtasar Şemaili-Şerif terjimesi», sah. 243.
[1] «Bakara» süresi, 3.
[2] «Bakara» süresi, 177.
[3] «Bakara» süresi, 195.
[4] «Bakara» süresi, 254.
[5] «Ynsan» süresi, 7-9; «Bakara» süresi, 262-265; «A:li-Imran» süresi, 92.