Rehimdarlyk, merhemetlilik Allanyň ýaradan barlyklaryna rehim-şepagatly bolmak, hemişe olaryň gowulygyny islemek, gerek wagty olara kömek etmekdir.
Allatagala Kurany-Kerimde hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hakynda: «Eý, resulym! Biz seni älemlere rahmet edip iberdik»[1] diýýär. Ibni Abbas hezretleri (r.a) bu aýatyň tefsirinde şeýle diýýär: «Onuň (s.a.w) rahmeti iman getirenleri-de, getirmedikleri-de öz içine alýar. Iman getirenleriň bu dünýäde-de, ahyretde-de bu rahmetden nesibeleri bardyr. Iman getirmedikler bolsa hak dini inkär edendikleri sebäpli sezewar ediljek köpçülikleýin ýok edilme jezasynyň soňa goýulmagy görnüşinde bu rahmetden peýdalanýarlar».
Bir gün hezreti Ebu Bekir (r.a) Resulallanyň (s.a.w) ýüzüne garap: «Eý, Allanyň resuly! Garrapsyňyz!» diýdi. Şonda hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Ebu Bekire (r.a): «Hud, «Wakyýa», «Mürselat», «Amme ýetesäelun», «Izeşşemsu kuwwirat» süreleri meni garratdy» diýip jogap berdi.
Yslam alymlary Resuly-Ekremiň (s.a.w) bu sözlerine şeýle düşündiriş berýärler: «Bu sürelerde kyýamatda, ahyretde ýüze çykjak wakalardan gürrüň ediliýärdi. Pygamberimiz öz janyny gaýgy edenokdy, Ol bize biziň özümizdenem has rehimdardygy üçin biziň düşjek günümizi, ymmatynyň şol sürelerde beýan edilýän hadysalaryň heňňamynda nä halda boljakdygyny alada edýärdi. Ony (s.a.w) garradan, saç-sakgalyny agardan ýagdaý hem şudur».[2]
Allatagala Kurany-Kerimde şeýle diýýär: «Size öz içiňizden şeýle bir pygamber (Muhammet) geldi. Siziň kynçylyga duçar bolmagyňyz oňa agyr degýär. Siziň iman getirmegiňizi çyn ýürekden isleýär. Çünki ol müminler üçin merhemetlidir, rehim-şepagatlydyr».[3]
Bu aýatda äşgär beýan edilişi ýaly, söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) ymmatynyň azaba duçar bolmagy beýlede dursun, sähelçe kynçylyk görmeginden-de gaýgylanýar. Ymmatynyň gaýgysy Onuň (s.a.w) hem gaýgysydyr, begenji Onuň (s.a.w) hem begenjidir. Şeýle hem, bu aýatyň aňladýan çuňňur manylaryna akyl ýetirmäge çalşanymyzda, alymlar inçe manyly möhüm bir hakykata ünsümizi çekýärler. Allatagala bu aýatda özüniň Esmaül-Hüsnasyndan (Allanyň gözel atlary we sypatlary) bolan «Rauf-Rahym (örän rehimdar, örän merhemetli)» atlaryny Pygamber Serwerimiz (s.a.w) hakynda ulanypdyr, lutfy-keremi bilen bu mübärek atlaryny Oňa-da (s.a.w) bagyş edipdir. Bu ýerde Beýik Allatagalanyň öz gullaryna merhemetli bolşy ýaly, Onuň Pygamberiniň (s.a.w) hem ymmatyna rehimdardygy, merhemetlidigi hakynda aýdylýar.[4] Bir gün bir kişi hezreti Pygamberimize (s.a.w) «Eý, Resulalla! Duşmanlarymyza bir nälet okasaň!» diýende, Resuly-Ekrem (s.a.w) oňa «Men nälet okamak üçin däl, älemlere rahmet edilip iberildim»[5] diýip jogap berýär.
Müşrikler söýgüli Pygamberimize (s.a.w) Mekgede gün bermeýärdiler. Emma Ol şeýle agyr günlerde-de olara gargyş etmändi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) dinini ýaýmak üçin Taife gidende, şol ýerde-de taifliler Ony (s.a.w) daşlap, endam-janyny gara gana boýapdylar. Eger Resulalla (s.a.w) şonda Beýik Alladan Taif we Mekge şäherleriniň ýer bilen ýegsan bolmagyny dilesedi, Allatagala Onuň dogasyny kabul ederdi. Emma Resulalla (s.a.w) olara gargamady, gaýta «Eý, Allam! Bular hakykaty bilmeýärler. Emma bir gün geler, bularyň çagalary hökman hakykata göz ýetirerler»[6] diýip öz-özüne teselli berdi.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Mekgäni eýeländen soň Taife ýöriş edipdi. Yslam goşuny Taifi gabawa salyp, birnäçe günläp söweşdiler, emma berk galaly şäheri zabt edip alyp bilmediler. Ahyrynda Resulalla (s.a.w) yzyna gaýdypdy. Ol (s.a.w) şonda-da taiflilere gargyş etmändi, olara rahmet diläpdi: «Eý, Allam! Senden taiflileriň kalbyny ýumşatmagyňy, olara yslamy söýdürip, huzuryma getirmegiňi dileýärin!» Şondan soň köp wagt geçmänkä, taiflileriň iberen wekiliýeti Resuly-Ekremiň (s.a.w) huzuryna gelip, musulman boldular. Şeýlelikde, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) dilegi kabul bolupdy.
Çäksiz merhemetli, rehimdar Pygamberimiz (s.a.w) hemişe adamlary dinsizligiň tümlüginden halas etmäge, olary yslamyň ýagty ýoluna ugrukdyrmaga çalşypdy. Aýratynam, Mekge eýelenen güni ýigrimi iki ýyl bäri musulmanlara ellerinden gelen ýamanlygy eden mekgeli müşrikler ýesir hökmünde Pygamberimiziň (s.a.w) huzuryna getirilipdi. Şonda Resulalla (s.a.w) olaryň hemmesini bagyşlapdy. Sebäbi Ol müşrikleriň hak dini kabul etmeklerini, dinsizligiň düýpsüz çukuryndan halas bolmaklaryny isleýärdi. Bu bolsa hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) näderejede rehimdardygyny, merhemetlidigini, bagyşlaýjydygyny görkezýärdi.
Bir gezek Pygamberimiz (s.a.w) bir çarwa adamyň Alladan diňe özüne hem-de Pygamberimize rahmet etmegini, bagyşlamagyny diläp, doga edip otyrka, oňa şeýle diýýär: «Allanyň rahmetiniň, lutuf-kereminiň çägini örän daraltdyň!»[7] Ol (s.a.w) munuň üsti bilen beýle diýip dileg etmeli däldigini aýtmak isleýärdi.
Resulallanyň (s.a.w) çäksiz merhemeti, rehim-şepagaty diňe bir adamlary däl, eýsem ähli janly-jandarlary, bütin tebigaty-da gurşap alýardy. Ol (s.a.w) ýükçi mallara agyr ýük urmaly däldigini, olara oňat ideg edilmelidigini, urup-sögmeli däldigini häli-şindi nygtaýardy. Eger kyýamat gopjak bolup duranam bolsa, eliňdäki nahaly oturtmalydygyny aýdýardy.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) saglyga zyýan ýetirýän serhoş ediji içgileri, maşgalalaryň dargamazlygy üçin humar oýunlaryny, nesliň çüpremezligi üçin zynany gadagan edýärdi. Musulmanlary dowzahyň oduna ýanmakdan gorajak bolup, janyny aýamaýardy. Çünki Ol (s.a.w) älemlere rahmet edilip iberilen pygamberdi. Hut şonuň üçin bolsa gerek, Resuly-Ekrem (s.a.w) hemişe töweregindäkileri rehimdar, merhemetli bolmaga çagyrýardy: «Merhemet edenlere Alla-da merhemet eder. Eger siz Ýer ýüzündäkilere merhemetli bolsaňyz, asmandakylar hem size merhemet eder!»[8]
Hezreti Muhammet (s.a.w) maşgalada, jemgyýetde merhemetiň, rehimdarlygyň iň ajaýyp göreldesini görkezipdi. Ol (s.a.w) adamlara, haýwanlara, ösümliklere, bütin barlyklara, älem-jahandaky her bir zada Beýik Ýaradan tarapyndan berlen amanat hökmünde garaýardy. Amanaty gorap saklamaklyk oňa ähmiýet bermekligi, gymmatyna akyl ýetirmekligi talap edýär. Galyberse, amanaty harlamazlyk üçin oňa jogapkärçilikli çemeleşmegi hem unutmaly däldir. Jogapkärçilik duýgusy bolsa rehimdarlygyň, merhemetiň, rahmetiň saýasynda kemala gelýär. Bu jähetden Resuly-Ekremiň (s.a.w) rahmeti, merhemeti, rehimdarlygy edil pygamberligi kimin älem möçberindedir. Onuň (s.a.w) älemdäki her bir barlyga merhemetli, rehimdar bolmalydygy hakynda goýup giden ýörelgeleri adamzada özboluşly bir sowgatdyr. Bize-de edil hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ýaly rehimdar, merhemetli bolmak ýaraşar. Rehimdarlyk, merhemetlilik gözbaşyny söýgüden alýan inçe duýgulardyr. Haçanda rehimdarlygy, merhemetliligi ýaran edinenimizde, jemgyýetimiz birek-birege bolan söýgi bilen, wepadarlyk bilen gaýnap joşar, halkymyz bagtyýar ýaşar.
[1] «Enbiýa» süresi, 21/107.
[2] Ibni Sad, «Tabakatul-Kübra», I, 435 sah.
[3] «Toba» süresi, 9/128.
[4] Elmalyly Hamdy Ýazyr, «Hak dini Kuran dili», IV, 2654 sah we başg; Ömer Nasuhi Bilmen, «Kurany-Kerimiň türkçe mealy-alisi we tefsiri», III, 135 sah («Toba» süresiniň 128-nji aýatynyň tefsiri).
[5] Şibli, «Asry-Saadet», II, 13 sah.
[6] Sahyhy-Buhary, «Muhtasary Tejridi-Sarih terjimesi», II, 760 sah; Ibn Hişam, «Es-siretün-nebewiýýe», II, 62.
[7] Sahyhy-Buhary, «Muhtasary Tejridi-Sarih terjimesi», XII, 128 sah.
[8] Ebu Dawud, «Edeb», 58 sah.