Resulalla (s.a.w) gündelik durmuşynda şol döwrüň jemgyýetinde bar bolan sedir (sofa), diwan, ýatak, ýorgan, ihram, kündük, legen we şuňa meňzeş öý goşlaryny ulanypdyr. Ol gymmat bahaly öý goşlaryny ulanmaga höwes etmezdi. Pygamberimiz (s.a.w) edil geýnişinde bolşy ýaly, öý goş babatynda-da sadalykdan, tertip-düzgünlilikden aýrylmandyr. Gerek zadyny diňe zerurlyk dörände alypdyr, tämizlige uly üns beripdir.
Bu meselelerde Pygamberimize (s.a.w) meňzemäge çalyşmak Onuň (s.a.w) adatyna uýmak bilen mümkin bolar. Ýagny haýsy döwür bolanda-da, diniň rugsat berýän çäginde adamzat jemgyýetinde gündelik ýaşaýşynyň özeni bolan iýip-içmekde, geýinmekde hem-de öý goşlaryny ulanmakda halallyk, tämizlik, tertip-düzgünlilik, salyhatlylyk ýaly esaslardan ugur alanymyzda, Resuly-Ekremiň (s.a.w) bu babatda görkezýän göreldesine eýerip bileris.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hemişe tertipli, serenjamly ýaşamaga çalşardy. Musulmanlara-da her bir zatda düzgünli, salyhatly bolmagy ündärdi.
Bir gün Resulallanyň (s.a.w) ýanyna saç-sakgaly imeşik bir adam geldi. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) oňa gidip, üst-başyny düzedip gelmegini yşarat etdi. Ol hem gidip, saç-sakgalyny darap geldi. Şondan soň Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi: «Siziň şeýtan ýaly saç-sakgaly bulaşyk görünmegiňizden, ine, şunuň ýaly sypaýy bolmagyňyz has gowy dälmi eýsem?!»
Başga bir gün Resulalla (s.a.w) kirlän egin-eşigi bilen köpçüligiň arasynda gezip ýören birini görkezip: «Bu kişi kirlän geýmini ýuwaýmaga hiç zat tapmadymyka?!» diýipdi.
Resuly-Ekrem (s.a.w) beden tämizligine, geýim-gejimiň päkizeligine, iýlip-içilýän zatlaryň, öýüň, köçäniň arassalygyna uly üns bererdi. Munuň bilen bir hatarda ynsanyň kalby hem-de ruhy päkliginiň ähmiýetini-de öwran-öwran nygtardy. Ol (s.a.w) hut şonuň üçin «Musulman – elinden we dilinden musulmanlara zyýan gelmeýän kişidir» diýýärdi.[1] Resulalla (s.a.w) bu hadysyň üsti bilen jemgyýetiň arasynda ygtybarly, ynamdar kimseler bolmalydygy babatynda musulmanlaryň üstüne uly jogapkärçilik ýükleýärdi. Bu sebäpden hezreti Pygamberimiz (s.a.w) geplände ýalan sözleýän, beren sözünde tapylmaýan, özüne ynanylan amanada hyýanat edýän kişileri ikiýüzlilikde aýyplapdyr. Çünki beýle hatalary goýberen musulmanlar sözüne ynam edilýän kişi bolmakdan uzaklaşýar. Pygamberimiz (s.a.w) kalp hakynda-da şeýle diýýär: «Dykgatly, seresap boluň! Bedeniň içinde şeýle bir et bölejigi bardyr, ol gowy bolsa, bütin beden gowudyr, eger erbet bolsa, tutuş beden erbetdir. Şol et bölejigi kalpdyr!»[2]
[1] Sahyhy-Buharynyň Muhtasary. Tejridi-Saryh Terjimesi, I, 29.
[2] Buhary, «Iman», 39.