Mekgäniň eýelenmeginden hem-de Hewazin (Huneýn) ýeňşinden soňra Arap ýarymadasynda ýaşaýan ähli taýpalarda yslam dinine girmäge bolan ymtylyş görnüp başlady. Çünki araplar gadymdan bäri «Käbäniň goňşulary, goragçylary, hyzmatkärleri» diýip, kureýşe hormat goýup gelýärdiler. Emma kureýş indi yslam goşunyndan ýeňlip, özbaşdaklygyny ýitiripdi. Mekgäniň dolandyryjylygy bolsa musulmanlaryň ygtyýaryna geçipdi. Taýf sebitlerinde-de hewazin we beýleki taýpalar ýeňlişe sezewar edilipdi. Medinedäki yslam hökümeti bu wakalardan soň has-da güýçlenipdi. Ine, şondan soňra arap taýpalary Kurany-Kerimiň beýan edişi ýaly, yslam dinine girmek üçin toplum-toplum, kowçum-kowçum bolup herekete geçdiler. Medine şäheri çar ýandan topar-topar bolup gelýän adamlardan ýaňa hyň berýärdi.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Medine gelýän arap taýpalarynyň wekiliýetlerini myhmanhanalarda ýerleşdirýärdi. Käbir toparlar barjamly musulmanlaryň öýlerinde myhman alynýardy. Wekiliýetler has köp adamly bolsa, olary bölüp, aýry-aýry öýlere ýerleşdirýärdiler. Eger öý eýesiniň myhmanlary hezzetlemäge gurby çatmasa, çykdajylary döwlet hazynasyndan tölenýärdi. Resulalla (s.a.w) myhmanlary, köplenç, metjitde kabul ederdi. Soňra ol ýerden myhman alynjak öýlere ugradardy.
Resuly-Ekrem (s.a.w) her gelen wekiliýete bir mugallym berkiderdi. Mugallymlar çar ýandan gelen wekiliýetlere Yslam dininiň esasyny, many-mazmunyny öwrederdiler. Olaryň içinden has ukyply, zehinli kişini ymamlyga taýynlardylar. Olara gysga wagtyň içinde mümkingadarhas köp zat öwretmäge çalyşýardylar. Ondan soňra myhmanlar Pygamberimiz (s.a.w) tarapyndan synag edilerdi. Munuň maksady, yslam dininiň esasyny, düýp mazmuyny dogry öwrenip-öwrenmändiklerini barlamakdy. Resuly-Ekrem (s.a.w) myhmanlary synagdan geçirip, öwrenen ylymlaryny doly özleşdirendiklerine göz ýetirenden soňra, «Öwrenen zatlaryňyzy taýpadaşlaryňyza-da öwrediň!» diýip, olary öýlerine ýollardy. Wekiliýetiň içinde yslam dinini has gowy öwrenen, Kuranyň süreslerini has köp ýat tutan kişini-de şol topara ymam bellärdi. Yslam dinini kabul etmek üçin Medinä gelen wekiliýetiň arasynda taýpa serdary bar bolsa, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ony musulman bolandan soňam öz taýpasyna baştutan bellärdi.
Pygamberimiz (s.a.w) daş-töwerekdäki taýpalardan gelen wekiliýetleri yzyna ugradanda, olara täze lybas geýdirerdi, her hili sowgat-serpaý ýapyp, göwünlerini alardy. Olar bilen duşuşan wagtynda özi hem iň gowy lybasyny geýerdi.
Resulalla (s.a.w) arap sähralaryndan gelýän wekiliýetler bilen duşuşanda, olaryň dürli hili gödek, biedep hereketlerine sabyr ederdi, myhmanlar bilen özüni hemişe hoşamaý alyp barardy. Emma gelýän toparlaryň içinde kimdir biri yslam dinine dil ýetiräýse, söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) dessine munuň öňüni alyp, ony geplemez ýaly ederdi. Ol (s.a.w) ýagşy niýet bilen gelip, gyzyklanýan meseleleri barada jedelleşmek isleýänler bilen oturyp, olary soňuna çenli diňlärdi, sabyr-kanagaty elden bermezdi. Meselem, Amir bin Tufeýl bilen Erdeb bin Kaýs yslam dinine şyltak atmakçy bolanlarynda, olara örän ýowuz darapdy. Pert jogap berip, agyzlaryny ýumdurypdy. Beýleki bir tarapdan bolsa, Resulalla (s.a.w) hristiýan araplar bolan nejran kowmunyň wekiliýeti gelende, olaryň jedelli gürrüňlerini soňuna çenli diňläpdi, Kurany-Kerimde-de beýan edilişi ýaly, olary iki diniň esasy bolan towhydda birleşmäge çagyrypdy. Hatda olaryň talap edişi ýaly, mübahele[1] etmegi-de kabul edipdi. Emma soňra nejran hristiýanlarynyň özleri «Eger Muhammet hakly bolsa, bu biziň zyýanymyza bolar» diýşip, niýetlerinden dänipdiler.[2] Bir gezek Pyagmberimiz (s.a.w) Beni Temim taýpasynyň wekiliýetiniň haýyşyny kanagatlandyryp, olaryň şahyrlarydyr suhangöýleri bilen musulmanlaryň şahyrlarynyň hem-de dilewarlarynyň arasynda ýaryş guralmagyna-da rugsat beripdi.
Eýsem-de, Resulalla (s.a.w) çar ýandan gelen myhmanlar bilen näme üçin beýle içgin gyzyklanypdyr?! Çünki Onuň (s.a.w) beýan etmegine görä, ýekeje kişiniň yslama girmegine sebäp bolmak, dünýäni tutup duran süri-süri saýlama düýelere (maddy gymmaty ýokary bolan dünýe baýlygy) eýe bolmakdanam has haýyrlydyr.
Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) yslam dini bilen gyzyklanyp, çar töwerekden gelýän ýagşy niýetli myhmanlara gujak açypdyr, olar bilen hemişe güler ýüzli bolupdyr. Haýsy döwür bolsun, tapawudy ýok, dinimizi başgalara öwretmegi borç edinen mürşitler, ymamlar, mugallymlar, pedagoglar Onuň (s.a.w) bu hereketinden ybrat almalydyrlar.
[1] Mübahele – «Kim haksyz bolsa, oňa Alla länet etsin!» diýmek.
[2] Ibn Sad, «Tabakatül-Kübra», II, 357; Halebi, «Insanül-Uýun», III, 212.