Kurany-Kerimde çagalar hakynda «Asmanlar we ýer Allanyň gol astyndadyr. Ol islän zadyny bar eder, islänine gyz perzent, islänine bolsa ogul perzent miýesser eder. Ýa-da olary gyz we erkek perzent edip ýaratmak bilen jübüt-jübüt eder (hem gyz hem oglan çaga berer). Islänini bolsa nesilsiz (önelgesiz) goýar. Şübhesiz, Ol (ähli zady) bilýändir, (ähli zada) güýji ýetýändir» diýilýär («Şura» süresi, 42/49-50).
Galyberse-de, Kuran bize hezreti Hawwa hamyla bolanda, hezreti Adam aleýhisselam bilen birlikde «Eger bize (sagdyn), salyh bir perzent berseň‚ Saňa hemişe şükür edenlerden bolarys» diýip ýalbardylar» diýip dileg edendiklerini beýan edýär («Araf» süresi, 7/189).
Kuranda hezreti Adam (a.s), hezreti Zekeriýýa (a.s) we hezreti Ybraýym (a.s) ýaly pygamberleriň Allanyň haýyrly zürýat bermegi üçin eden dileg-dogalary aýatlaryň mazmunynda getirilýär. Munuň üsti bilen bize salyh perzent üçin dileg-doga etmelidigi ýatladylýar, haýyrly nesilleriň beriljegi begençli buşluk habary görnüşinde beýan edilýär («A:ly-Ymran» süresi, 3/38; «Furkan» süresi, 25/74). Meselem, hezreti Ybraýym (a.s) Allatagala ýalbaryp, salyh perzent dileýär we munuň garşylygynda oňa akylly-başly oglunyň boljakdygy buşlanýar («Saffat» süresi, 37/99-101). Ol (a.s) ogullary hezreti Ysmaýyl (a.s) bilen hezreti Yshagyň (a.s) dünýä inen wagty eden dileginde şeýle diýýär: «Eý, Rebbim! Meni we zürýatlarymy (dowamly) namaz okaýanlardan et! Eý, Rebbim! Dogamy kabul et!» («Ybraýym» süresi, 14/40).
Umuman, bu dileg-doga aýatlarynyň üsti bilen müminleriň beýleki hikmetleri bilen bir hatarda Allany razy etjek perzentleriniň bolmagy we olarda haýyrly nesil ýetişdirmek düşünjesiniň ornaşmagy göz öňüne tutulypdyr. Şeýle hem Kuran bize mal-mülküň, ogul-gyzyň bu dünýäniň bezegidigini, Allanyň gatynda baky bolan ýagşy amallaryň bolsa sogap jähetinden bulardan has haýyrlydygyny hem-de Allanyň rahmetinden umyt edilmäge degýändigini, baýlygyň, perzendiň dünýäde synalmak üçin bir sebäpdigini ýatladýar («Kehf», 18/46; «Enfal», 8/28). Ýatladyjy, duýdyryjy äheňdäki bu aýatlar haýyrly perzent terbiýeläp ýetişdirmegiň Allanyň huzurynda beýik derejeleri gazanmaga sebäp boljakdygyny, tersine, çagalarynyň terbiýesine biparh garap, erbet adamlaryň ýetişmegine sebäp bolan ata-eneleriň bolsa agyr ýagdaýa uçrajakdygyny bize habar berýär.
Kurany-Kerimiň çagalara bolan garaýşyna, olar bilen gyzyklanmaga berýän ähmiýetine has çuňňur düşünmek üçin hezreti Lukmanyň (a.s) ogluna berýän öwütlerini gözden geçirmek ýerlikli bolsa gerek. Hezreti Lukman (a.s) ogluna şeýle nesihat edýär: «Eý, oguljygym! Alla şärik goşma! Çünki (Alla) şärik goşmak örän uly zulumdyr… Eý, balam! Eden (ýagşy-ýaman) işiň nohut dänesi ýalyjak bolup, ol hem bir gaty daşyň içinde ýa asmanlarda ýa-da ýerde bolsa-da Alla ony getirer (ýüze çykarar). Şübhesiz, Alla fazly-kerem eýesidir, (ähli zatdan) habardardyr. Eý, balam! Namaz oka, (adamlary) ýagşylyga çagyr we ýamanlykdan gaýtar, başyňa gelen belalara sabyr et! Elbetde, bular iň sarpaly işlerdir. (Ulumsylyk edip) adamlardan ýüzüňi sowma, Ýer ýüzünde men-menlik edip ýöreme! Çünki Alla men-menlik edýän öwünjeňleri halamaz. Ýöräniňde pespällik bilen ýöre we sesiňi peselt! Bilip goý! Sesleriň iň ýakymsyzy eşekleriň sesidir» («Lukman» süresi, 31/13,16-19).
Kurany-Kerimiň bu mesele babatynda ýolumyzy ýagtyldan nurunyň saýasynda biz bu mowzuga dahylly Kuran ölçegleriniň hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) şahsynda şöhlenenen nusgalyk jähetini öwreneliň. Geliň bu nusgalyk hereketleriň käbirine bilelikde ser salalyň:
Hezreti Aýşe (r.a) enemiziň gürrüň bermegine görä, bir gün çölde ýaşaýan birnäçe çarwa arap söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) huzuryna gelipdiler. Olar gepleşip otyrkalar, gürrüňden gürrüň çykyp, şol ýerde oturan sahabalardan «Siz çagalaryňyzy gowy görüp ogşaýaňyzmy?» diýip soradylar. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) we sahabalarymyz olara «Hawa» diýip jogap berdiler. Şonda olar haýran galyp, geňirgenip durdular. Soňra-da «Bäh! Alla kasam bolsun, biz çagalarymyzy hiç haçanam ogşamaýarys» diýdiler. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) olara garap, «Eger Alla siziň kalbyňyzdan söýgini, merhemeti sogrup alan bolsa, men nädeýin?!» diýdi.[1] Resulalla (s.a.w) şeýle diýmek bilen, çagalar bilen gyzyklanmagyň, olary söýmegiň Allanyň adamlara bagyş eden rahmet, merhemet duýgularynyň eseridigini aýdýardy.
[1] Müslim, «Fedaýil», 64 (Mehmed Sofuoglu Terjemesi, VII, 197).