Älemleriň Serweri (s.a.w) dünýä inen wagty, atasy Abdulmuttalyp Käbede kureýşiň kethudalary bilen gepleşip otyrdy. Oňa agtygynyň bolandygy buşlandy. Bu habara çäksiz begenen Abdulmuttalyp derrew öýüne geldi. Mübärek agtygyny bagryna basdy, ogşady, ysgady. Soňra ony ogly Ebu Talyba berip:
– Bu çaga saňa amanadymdyr. Gelejekde bu oglumyň mertebesi örän uly bolar – diýdi.
Abdulmuttalyp Älemleriň Serweri (s.a.w) doglandan ýedi gün soňra düýedir dowar öldürdip, Mekgäniň ilatyna üç günläp toý berdi. Mundan başga-da, şäheriň her künjeginde birnäçe düýe söýduryp, adamlar geregiçe alsyn diýip goýdy.