Arabystanyň ýagdaýy

Dünýä kartasynda syýasy, geografik we söwda taýdan möhüm ýerde ýerleşen Arabystanyň ýagdaýy hem dünýäniň beýleki ýurtlarynyňkydan ibaly däldi. Bu ýerde hem dil we edebiýaty hasap etmesek, ähli zat çygryndan çykypdy, düzgün-tertip ýokdy. Geliň, bu ýurda gysgajyk göz aýlalyň:

Dini ýagdaýy

Ynanç taýdan Arabystanda anarhiýa höküm sürýärdi. Ýalňyş, batyl ynançlar bu ýerde-de giňden ýaýrapdy. Ýurduň belli bir bölegi bolsa, diňe ýaşaýyşdan başga hiç zady kabul etmän, bütinleý ynançsyz ýaşaýardy.

«Olar (ýagny, kyýamaty inkär edýänler: «Ýaşaýyş diňe dünýädäki ýaşaýşymyzdyr. (Käbirlerimiz) ölüp, (başgalarymyz) dünýä inýäris we bizi (Alla öldürmeýär, belki) diňe (wagtyň) geçmegi öldürýär»[1] diýip, diňe keýp üçin geldi-geçer ýaşaýardylar. Pygamberimize (s.a.w) wahyý gelmäge başlanda Kuranda Allatagala (jelle jelaluhu) bu düşünjedäkilere şeýle diýýär:

«Adamlara, mekgelilere dogry ýoly görkezen pygamber Kuran bilen gelen wagtynda, diňe: «Alla (perişdeleri däl-de) adamzady pygamber edip iberdimi?!»[2] diýen sözleri olary iman getirmekden saklaýar.[3]

Kuran pygamberiň öz aralaryndan geljekdigine akyl ýetirip bilmän, bir perişdäniň beýle wezipe bilen iberilmegini arzuw edýän bu adamlara şu aýaty bilen jogap berip, hyýallarynyň nähili manysyzdygyny bildirýärdi:

«Eý, Resulym, mekgelilere aýt: «Eger Ýer ýüzünde (adamlar däl-de) perişdeler mesgen tutup ýören bolsady, elbetde, olara asmandan perişde pygamberi indererdik».[4]

Başga bir bölegi bolsa, Allanyň bardygyna ynansalar-da, ahyreti, ölüp dirilmek hakykatyny, ol ýerdäki beriljek jeza we sylaga akyllary çatanokdy. Kuran olara şu aýaty bilen jogap berýär:

«Ol özüniň (bir damja suwdan) ýaradylanyny unudyp, Bize «çüýräp giden süňkleri kim dirildip biler?»[5] diýip, mysal getirdi. Bu hetdini tanamaýanlara-da jogap berilýärdi: «(Eý, Muhammet), aýt: «Olary ilki kim ýaradan bolsa, şol hem direlder. Ol ýaradylyşyň her dürlüsini bilýändir».[6]

Adamlaryň başga bir topary bolsa, butlara ynanýardy. Esasy köpçülik hem şolardy. Daşdan, tagtadan, hatda halwadan ýasan butlaryna çokunyp şeýle diýýärdiler: «Biz (şol butlarymyza) diňe olaryň bizi Allatagala ýakynlaşdyrmagy üçin çokunýarys».[7]

Hawa, araplaryň köpüsi daşdan, tagtadan, käwagt sapara giden wagtlary halwadan ýasan butlaryna ynanyp, olardan medet isleýärdiler. Olar Ýer ýüzüniň ilkinji binasy bolan Käbäni üç ýüz altmyş sany but bilen doldurypdylar.

Yslama girenden soňra, adalatlylygy bilen dünýä meşhur bolan hezreti Omar (radyýallahu anh) dinsizlik döwründe başyndan geçen wakany şeýle gürrüň berýär: «Dinsizlik döwründe edýän iki işimiz bardy. Olary ýatlan wagtym, birinde aglaýaryn, beýlekisinde-de gülýärin. Meni agladýan zat, şol wagtlar gyzlarymyzy diriligine ýere gömerdik. Ejiz, söýgä mätäç biçärelere neneň dözüp bildik, hiç akylym çatanok. Muny ýatlan wagtym, ýüregim paralanyp, gözüm ýaşdan dolýar. Meni güldürýän zat aýtsam, jahylyýet döwründe öýümizde butlar bardy. Ýola çykan wagtymyz şol butlaryň şekilini undan ýa-da halwadan ýasap, ýanymyza alardyk. Ýolda barýarkak, olara ynanyp çokunardyk. Ýol uzak bolup, ajygamyzda-da ol butlarymyzy alyp iýerdik. Biziň şeýle gülkünç ynanjymyz bardy. Muny ýatlan wagtym, dinsizlik döwründe nähili akmak bolandygymyza gülýärin».

Arabystanda hezreti Ybraýymyň (a.s) towhyt – ýeke-täk Alla çagyrýan dininiň yzlaryna-da duşmak bolýardy. Adamzadyň gaflatdadygyna, aradan ençeme asyrlaryň geçendigine garamazdan, ýitip gitmedik bu dine ynanýanlara «hanifler» diýilýärdi. Çünki Kuranda «hanif» sözi hezreti Ybraýym üçin ulanylýardy: «Ybraýym ýahudy hem, nasrany hem däl, Ol hanif bir musulmandy».[8]

Hanifler butlary ýigrenerdiler. Olar Allanyň barlygyna we birligine ynanardylar. Bir gezek butlaryň biriniň şanyna guralan şagalaňda Waraka bin Newfel, Ubeýdullah bin Jahş, Osman bin Hüfeýris, Zeýd bin Amr atly şahslar jansyz, dilsiz, peýdasyz, zyýansyz bu butlara ynanmagyň akylsyzlykdygyny açyk aýdypdylar.[9]

Şeýle hem araplaryň arasynda jansyz butlara ynanmagyň manysyzdygyna düşünip, bu kör ynanjy ret edenler hem bolupdyr. Taif halkynyň ýolbaşçysy, galyberse-de Arabystanyň meşhur şahyrlarynyň biri hasaplanýan Ümeýýe bin Ebi Salt şolaryň biridi. Bu adam dinsizlik döwründe mukaddes kitaplary okap, butparazlygy terk edip, hezreti Ybraýymyň dinine giripdi. «Bismike Allahümme» sözüni bu şahyr tapypdy. Soňra bu söz araplaryň göwnüne ýarap, ony kitaplarynyň başynda ýazmaga başlapdylar.

Ümeýýe bin Ebi Salt şygyrlarynda pygambere mätäçlikden söz açardy, adamzat üçin pygamberligiň örän zerurdygyny beýan ederdi. Araplaryň içinden bir pygamberiň geljekdigini mukaddes kitaplardan öwreneni Ümeýýe bin Ebi Salt özi pygamber bolmagy arzuw ederdi. Şol sebäpden, hezreti Muhammede (s.a.w) pygamberlik wahyýy gelende, göriplik edip, Ony (s.a.w) inkär etdi. Ol Bedir söweşinde öldürilen müşrükler hakynda-da ýatlamalar ýazypdy.[10]

Hijretiň ikinji ýylynda iman getirmän ölen Ümeýýe hakynda hezreti Resulallanyň (s.a.w) adyndan birnäçe hadys aýdylypdyr. Şol hadyslaryň birinde, Pygamberimiz (s.a.w) bir gün Şerid bin Süweýd (r.a) bilen gidip barýarka, ondan: «Ümeýýäniň goşgularyndan bilýäniň barmy?» diýip soraýar. Şerid bin Süweýd hem «Hawa, bilýärin» diýip, Ümeýýäniň goşgularyndan beýtler okaýar. Bu setirleri örän gowy gören Pygamberimiz (s.a.w) ondan ýene-de okamagyny isleýär. Sahaba goşgyny okap gutarýar. Şonda Resulalla (s.a.w) şeýle diýýär: «Ümeýýe musulman bolmaga ýakynlaşypdyr».[11]

Başga bir hadysynda aýdylyşyna görä, hezreti Pygamberimiz (s.a.w): «Ümeýýäniň goşgulary iman getiripdir, emma özi imansyz galypdyr»[12] diýipdir. Bu ýerde ýatlamak isleýän haniflerimiziň ýene-de biri meşhur arap şahyrlarynyň biri Kuss bin Saidedir. Resuly-Ekremiň (s.a.w) pygamberliginden habar beren bu şahsyň sözleri barada soň gürrüň ederis.

Butlar

Mekgä ilkinji gezek but getirilişiniň şeýle hekaýaty bar. Amr bin Luheý diýilýän kişi ilki bolup şähere but getirip, halky butlara ynanmaga çagyran adamdyr.[13]

Amr bir gezek Şama giden wagty Maab diýlen ýere barýar we bu ýerde hezreti Nuhuň (a.s) neslinden bir tiräniň butlara çokunýanyny görýär. Ol butlaryň nämä ýaraýandygyny, näme üçin olara ynanýandyklaryny soran wagty olar: «Butlardan kömek dileýäris, olar kömek edýärler, ýagyş dileýäris, ýagyş ýagdyrýarlar» diýip jogap berýärler. Ondan soňra Amr Mekgä äkitmek üçin olardan bir but soraýar. Şonda oňa Hubel atly buty berýärler.[14] Amr ony Mekgä getirip, halky bu buta ynanmaga çagyrýar. Nadan halk hem bu çakylygy kabul edip, Hubele çokunmaga başlaýar.

Her tiräniň öz buty bardy

Şondan soňra butparazlyk Mekede we onuň töwereginde ýaýylmaga başlady. Her tire özbaşyna aýry but edindi. Kureýşliler Uzzany iň beýik but hasaplap, şoňa-da çokunýardy.

Ews we Hazreç tireleri Menat atly buta ynanýardy. Bu but Mekge bilen Medinäniň aralygynda Müşellel diýlen ýerdedi. Has soňra bu iki tire Menatdan başga Lat we Uzza atly butlara-da ynanmaga başlady. Kelb tiresiniň çokunýan Wed atly buty Dumetül-Jendel diýlen ýerde ýerleşýärdi. Huzeýl tiresiniň Suwa atly buty bardy. Ol Gatafan diýen ýerdedi. Hemdan tiresiniň bir şahasy bolan Haýwan taýpasy Ýauk butuna ynanýardy. Bu but Hemdan töwereklerinde ýerleşýärdi. Taýý we Mezhiç tireleriniň Ýagus atly buty bardy. Himerileriň butunyň ady bolsa Nesrdi. Bekirogullary bilen kinaneogullary bolsa, Sad atly buta tagzym edýärdiler.[15]

Şeýdip, bu tireleriň hersi öz butuna çokunardy. Olardan kömek islärdiler, ýagyş dilärdiler, ýeňiş gazanmaga hemaýat sorardylar. Olar jansyz, ruhsuz, daşdan, agaçdan ýasalan bu şekilleriň dileýän zatlaryny bermäge güýç-gudratynyň bardygyna ynanardylar. Ýogsam, akyly ýerindäki islendik adam jansyz, ruhsuz jisimlerden ynsana ne zyýan, ne-de peýda gelip biljekdigine, olarda ynsana kömek eder ýaly ne güýjüň, ne-de gudratyň bardygyna paýhas eder. Emma şol döwrüň araplarynyň bu göze dürtülip duran hakykata düşünerden aň-düşünjesi pesdi.

Ynha, Allanyň Resuly hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellem şunuň ýaly dinsizlik gaflatynda ýaşaýan ynsanlary halas etmäge gelýärdi, olara hakykatyň nuruny getirýärdi. Bu jemgyýetde ýaşaýan adamlara bu dünýäniň hem ahyretiň bagtyýarlygyny gazandyrmak wezipesini berjaý etmäge gelýärdi.

Ahlak ýagdaýy

Dinsizlik döwründe Arabystan ýarym adasy ahlak taýdan hem bozukdy. Jemgyýetiň bütin pişesi nebsiň bihaýa isleglerini berjaý etmekden ybaratdy. Içgi, humar, zyna, ogurlyk, zulum ýaly bütin erbetlikler bu ýarymadanyň dört künjeginde-de ýörgünlidi.

Zulum güýçlüniň ejize garşy ulanýan gaýtargysyz gamçysydy. Güýçliniňki hemişe dogrudy. Güýçli ejize zor bilen islänini etdirip bilýärdi. Ynsanyň ömrüniň bir siňekçe-de gadyry ýokdy. Talaňçylyklarda alnan ýesirler zulum-sütem bilen gynalyp öldürilýärdi ýa-da bazarda gul edilip satylýardy.

Zenanlara ýönekeý öý goşy ýaly baha kesilip, alnyp-satylýardy. Olaryň mata-marlakdan tapawudy bardyr hem öýdülmeýärdi. Ýaş gyrnaklar bedenini satyp, pul gazanmaga mejbur bolýardy. Kuran adamçylyga sygmaýan bu erbetlikler barada aýdýardy, olary ynsan ömrüniň gymmatyny gaçyrýan pis adat hökmünde gadagan edýärdi:

«Dünýä ýaşaýşynyň pany bähbitlerine eýe bolaly diýip, namysly ýaşamak isleýän gyrnaklaryňyzy bozuklyga mejbur etmäň! Kimdir biri olary muňa mejbur etse, onda Alla, biygtyýar ýagdaýa düşendikleri üçin, olary bagyşlar we merhemet eder».[16]

Bir aýal birnäçe erkek kişi bilen birlikde ýaşap bilýärdi. Şeýle durmuşda ýaşaýan aýal öýüniň depesinde bir bellik dikip, özüni halka tanadýardy. Aradan çykan atanyň baýlygy terekä salnanda öweý ene öý goşlarynyň biri ýaly ogla miras hökmünde geçirilýärdi.

Gyz çagalary diriligine gömmek adaty

Çölde ýaşaýan araplaryň bir bölegi gyz çagalaryň dünýä inmegini betbagtlyk, ýüzügaralyk hasaplaýardy. Şonuň üçin täze doglan çaga gyz bolsa, kähalatlarda, hiç kime görkezilmän, rehimsiz kakalary tarapyndan şobada diriligine ýere gömülýärdi ýa-da guýulara zyňylýardy.

Bu rehimsizliklerini bolsa şu deliller bilen aklaýardylar: «Bular bir gün ulalyp, namysymyza gara getirer ýa-da biabraý eder. Bize ýük bolar, olary eklemek kyn düşer…»[17]

Käwagt eneler dogum wagtlary ýakynlaşanda, öňünden çukur gazdyrardy. Dünýä inen bäbejik gyz bolsa, derrew şol çukura atylardy we üsti gömlerdi. Öldürmegi ýüregine düwen gyzlaryny alty ýaşyna ýetende, owadan eşikler geýdirip, edil toýa äkidýän ýaly, kakalary çöle äkiderdi. Biçäre çagany ol ýerde özi üçin öňden gazylyp goýlan mazara salardylar we üstüne gum sürüp, diriligine gömerdiler. Gömmek islemeýän gyzlaryny bolsa, galyň ýüň matadan tikilen eşik geýdirip, olara goýun ýa-da düýe bakdyryp, hiç kime görkezmän saklardylar.

Kurany-Kerim çarwa araplaryň bu wagşy adatlaryny şeýle beýan edýär: «Olaryň birine gyz (çagasynyň bolandygy) buşlananda, çişip (gaharlanyp, utanjyndan) ýüzi şar-gara bolar. Özüne buşlanan zadyň (habaryň) şumlugyndan ýaňa (utanyp) kowumyndan gizlener. (Mundan soň) ony zelillik bilen (ekläp) saklasynmy ýa-da topraga gömsünmi? Gör, nähili ýaman höküm çykarýarlar».[18]

Dinsizlik döwründe bu wagşylygy eden kişileriň biri yslamy kabul edenden soňra, gözünden ýaş döküp, Pygamberimize (s.a.w) bu ýagdaýy şeýle gürrüň beripdi: «Ýa Resulalla! Biz dinsizlik döwrüni-de gören adamlar. Butlara ynanyp, çagalarymyzy öldürerdik. Meniň hem bir gyzym bardy, çagyran wagtym ýanyma begenip, bökjekläp gelerdi. Bir gün ýene ony çagyrdym. Ylgap geldi we yzyma düşdi. Ony öýümiziň ýanyndaky bir guýa äkitdim. Elinden tutup guýa atdym. Onuň maňa iň soňky aýdan sözleri şu boldy: «Kaka jaň! Kaka jan!»

Pygamberimiz (s.a.w) bu wakany diňlän wagty, durup bilmän aglapdy. Onuň (s.a.w) mübärek gözlerinden akan ýaşy sakgalyny ezdi. Soňra-da şeýle diýdi: «Bu günäleri indi gaýtalamasaňyz, Alla dinsizlik döwründe edenleriňiz üçin sizden hasap soramaz. Yslamyýet döwrüne geçirmez».[19]

Ynha, şol döwürlerde adamlaryň ruhy, kalby söýgi we merhemet diýlen beýik ahlak sypatlaryndan mahrumdy. Elbetde, Älemleriň Soltanyna ynanmaýan wyždanda, Ondan gorkmaýan köňülde söýgüden, merhemetden, mähirden nam-nyşan bolmaz.

Syýasy ýagdaý

Dinsizlik döwründe Arabystan ýarym adasy syýasy nyzamdan, jemgyýetçilik düzgün-tertibinden mahrumdy. Halkyň köpüsi çarwady. Olar tire-tire, kowçum-kowçum bolup ýaşaýardylar. Her tiräniň içinde özlerine mahsus ýaşaýyş düzgün-kadalary bardy. Bu çarwalar elmydama oňşuksyz ýaşaýardy. Islendik wagt bir tire beýlekiniň üstüne çozmaga, başganyň malyny talamaga, namysyny depelemäge taýyndy. Alamançylygy, talaňçylygy özlerine eklenç serişdesi hökmünde kabul edipdiler. Olar özlerine duşman bolan tirelere çapawulçylyk ederdiler, mallaryny sürerdiler, aýal-gyzlaryny, çagalaryny ýesir alardylar.

Arap tire-taýpalarynyň arasyndaky duşmançylygyň soňy gelmezdi. Bir tiräniň eden zulumyna beýleki tireler hem artykmajy bilen jogap berýärdi. Uruş, çapawulçylyk, garpyşmak olaryň ruhuna şeýle bir ornapdy, hatda çapawullar ýaly tire tapylmasa, öz aralarynda urşardylar. Şahyr Kutamy bu ýagdaýy: «Dagy talara zat tapmasak, doganlarymyz Bekirleriň üstüne çozardyk»[20]  diýen setirleri bilen beýan edýär.

Olar gadymdan bäri tire-tire bolup ýaşaýardylar. Bir döwlet hökmünde birleşmegi asla oýlaryna-da getirmezdiler. Şol sebäpden bu ýarymada medeni we jemgyýetçilik kada-kanunlardan mahrumdy. Şonuň üçinem öz aralaryndaky söweşleriň, dawa-jenjelleriň soňy gelmeýärdi. Her kim güýji ýetenine islänini etdirip bilýärdi. Güýçli we ygtyýarlylaryň edenleri hemişe dogry hasaplanýardy.[21]


[1] «Jasiýe» süresi, 24.

[2] «Jasiýe» süresi, 26.

[3] «Isra» süresi,, 94.

[4] «Isra» süresi, 95.

[5] «Ýasin» süresi, 78.

[6] «Ýasin» süresi, 79.

[7] «Zümer» süresi,3.

[8] «Ali Imran» süresi, 67.

[9] Ibni Hişam, «Sire», tom1, sah237-238.

[10] Bagdady, Muhammet Fehmi, «Taryhy-edebiýaty arabiýe» t-1, sah. 19.

[11] Ez-Zebidi, Tejrid terjemesi, t-10, sah. 38-39.

[12] Bagdady, Muhammet Fehmi, «Taryhy-edebiýaty arabiýe» t-1, sah. 43

[13] Ibni Hişam, «Sire», tom1, sah 79.

[14] Ibni Hişam, «Sire», tom1, sah 79.

[15] Ibni Hişam, «Sire», tom1, sah 80-84.

[16] «Nur» süresi 33.

[17] «Engam» süresi, 151.

[18] «Nahl» süresi, 58-59.

[19] Darimi, «Sünen», t-1, sah 3-4.

[20] Ahmet Emin, «Fejrul Yslam», terj. Ahmet Serdarogly sah.37.

[21] Ahmet Emin, «Fejrül Yslam», terj. Ahmet Serdarogly sah.37-38.