Beni Bekir tiresiniň zenanlarynyň Mekgä gelmegi

Pygamberimizi (s.a.w) Suweýbe hatyn emdirýärdi. Şol döwürler sadogullarynyň ýurdunda seýrek görlen erbet gurakçylyk höküm sürýärdi. Bu gurakçylyk sebäpli dörän açlyk tiräniň halkyny garyp, gözgyny hala salypdy. Açlyk barha möwjeýärdi. Mallar horugyp, süýtlerini çekipdiler. Bu gahatçylyga garamazdan, beni bekir tiresiniň zenanlary emdirmek üçin çaga tapmak, şonuň üsti bilen günlerini aýlamak maksady bilen şol gezek Mekgä hasam köplük bolup gelipdiler. Gelen zenanlaryň birinden galany özlerine laýyk çaga aldy. Emma olaryň içinden söýgüli Pygamberimizi (s.a.w) almaga göwünjeň tapylmady. Agramlyja sowgat-serpaý hantama bolup gelensoňlar, beni bekir tiresiniň aýallarynyň hemmesi barjamly maşgalalaryň bäbegini aljak bolup, ýetim çagada känbir gözleri äginmändi.

Bu tireden bir aýal Mekgä beýlekilerden gijä galyp gelipdi. Ol tiresiniň içinde namysjaňlygy, arassalygy, haýalylygy, tämiz ahlagy we gadyrlylygy bilen bellidi. Bu zenan adamsy bilen lagar düşen garry düýelerine gezekleşip münüp gelensoňlar, beýlekilerden yza galypdylar. Olar Mekgä girenlerinde, kureýşiň bäbekleriniň birinden galanyny özlerinden öňürti gelenler alypdylar. Bu zenan hernäçe urunsa-da, enekelik eder ýaly bäbek tapmady. Ýanýoldaşy Haris hem muňa gynanýardy. Beýlekileriň ählisi barly maşgalalaryň çagalaryny paýlaşypdylar. Gijä galandyklaryy sebäpli elleri boş galan ýeke özleridi. Gam-gussa batan bu päkize zenan ýazgydyň özi üçin goýan paýyndan bihabar, Mekgäniň köçelerinde çäresiz aýlanyp ýördi. Şol barmana daş sypaty bu töweregiň sarpaly adamsyna meňzeýän, nurana ýüzli, mylakatly bir ýaşula gabat geldi. Bu kişi Pygamberimiziň (s.a.w) atasy Abdulmuttalypdy. Abdulmuttalyp oňa habar gatdy:

– Sen nireden?

– Beni sad tiresinden.

–  Adyň näme?

–  Halyma.

Abdulmuttalyp:

– Ne ajaýyp! Ne ajaýyp! Sad we Hilm! Bu iki häsiýetde hem dünýäniň haýyr-bereketi, hem-de ahyretiň yzzat-hormaty bardyr – diýenden soňra uludan demini aldy. Soňra Halyma ýüzlendi:

– Eý, Halyma! Biziň bir ýetim çagamyz bar. Ony sadogullarynyň aýallaryna teklip etdim, hijisi almady. Gel, sen onuň enekesi bol! Belki, Onuň hormatyna Allatagala seni bol-elinlige, berekete ýetirer – diýdi.

Halyma garaşylmadyk bu teklibe ilki ikirjinlendi, emma öýüne eli boş gaýdasy hem gelenokdy. Ol bu teklibe razy boldy, diňe ýanýoldaşyndan soramak galypdy. Derrew adamsynyň ýanyna bardy. Oňa Abdulmuttalybyň teklibini aýdandan soňra:

– Emdirer ýaly başga bäbek tapmadym. Köpçüligiň içinde ýeke özüm boş gaýdasym hem gelenok. Şonuň üçin gidip, şol ýetim bäbegi alaýjak – diýdi. Ýanýoldaşy Haris hem onuň pikirini makullady:

– Alasyň gelse, alaý. Belki, Alla Oňa-da, bize-de bereket beräýedi-dä![1]

Olar bir karara gelip, Abdulmuttalybyň ýanyna gitdiler. Abdulmuttalyp hem Halymany yzyna düşürip, söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) bilen nurlanan hezreti Eminäniň horaşaja öýüne äkitdi.

Halyma Älemleriň Serweriniň (s.a.w) ýanyna bardy. Ak ýüň mata bilen gundalgy nurana bäbek ýaşyl ýüpek matanyň üstünde süýji ukuda ýatyrdy. Töwerekden müşki-anbaryň ysy gelýärdi. Halyma haýranlar galyp durdy. Oňa mähri gitdi, hatda oýarmaga-da dözmedi. Indi onuň gam-gussasy, gynanjy bulut syrylan ýaly syrylypdy. Ol begenjinden uçaýjak bolýardy. Çaga tapyp bilmän, gynanyp ýören halyna, birden şeýle mähirlije çaga duşmak, gör, nähili bagt!

Halyma uzak saklanyp bilmedi. Älemleriň Serweriniň (s.a.w) başujuna has ýakyn bardy. Ýorganynyň ujuny ýuwaşja galdyrdy. Pamyk ýaly ýumşak, gar ýaly akja gül ysly ellerinden, mübärek maňlaýyndan ene mähri bilen öpdi. Şol wagt bäbejik gözlerini açdy, birenaýy ýylgyrdy. Olar düşünişipdiler!

Birisi enekälik etmäge bäbek tapman kösenen, ýadaw hem gamgyn aýal!

Beýlekisi bolsa, hossarsyz diýip idelmedik nurana ýetim!

Ýazgyt olaryň ikisiniň hem älemini şatlyk bilen doldurdy.


[1] Ibni Hişam. «Sire», t-1 sah.171-172. Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-110- 111.