Mekgäniň yssydan petiş howasy bardy. Bu howa çagalaryň bedeniniň kadaly, sagdyn ösmegine ýakymsyz täsir edýärdi. Çölüň howasy bolsa sergindi, suwy süýjüdi, ýaşaýşy asuda, tebigaty mylaýymdy. Aýratyn hem çölde ýaşaýan käbir tireler hasam akgynly, arassa gepleýärdiler. Olar diliň aslyýetini, tämizligini goraýardylar. Ahlaklary-da dilleri ýaly arassady. Şonuň üçin şol wagtlar kureýşiň abraýly maşgalalary çagalarynyň berk, sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri, aýratyn hem dilewar bolmaklary, arassa gepläp bilmekleri üçin olary çölde ýaşaýan tireleriň zenanlaryna emdirmäge bermegi adata öwrüpdiler. Çaga iki-üç ýyllap, kähalatlarda ondan-da köp wagtlap enekesiniň elinde bolýardy. Bu sebäp bilen ýaýlalarda ýaşaýan birnäçe tiräniň, esasan hem Sad bin Bekir tiresiniň zenanlary ýylyň dowamynda birnäçe gezek topar tutup Mekgä gelerdiler, täze doglan bäbekleri emdirmäge alybam yzlaryna dönerdiler.
Mekgäniň töweregindäki tireleriň arasynda Sad bin Bekir tiresi jomartlykda, mertlikde, açyk göwünlilikde, arap dilini arassa geplemekde aýratyn tapawutlanýan abraýly tiredi. Şonuň üçin kureýşiň barjamly maşgalalary, köplenç, çagalaryny bu tiräniň zenanlaryna bererdiler.