Adamzadyň umumy ýagdaýy
Älemler Serwerine (s.a.w) pygamberlik wahyýy gelmezinden owal dünýäniň ahwalatyna, adamzadyň umumy ýagdaýyna baha bermegiň ähmiýeti uludyr. Diňe şeýdilende, Resulallanyň (s.a.w) gysga wagtyň içinde adamzady şol döwrüň dini, ruhy, syýasy… tümlüginden nädip halas edendigine göz ýetirip bileris.
Milady ýyl hasabyndan altynjy asyryň ahyrlarydy. Bu döwürde bar labyryny adamzat äleminiň üstüne atan küpür, haýasyzlyk, wejeralyk bütin ynsanyýeti demikdirip, ölüm halyna salypdy. Şol döwürde dünýä ýüzünde Wizantiýa, Eýran, Müsür, Hindistan, Aleksandriýa, Mesopotamiýa, Hytaý ýaly ady belli möhüm döwletler bardy.
Bu döwletleriň hiç birinde:
Dinsizligiň ýa-da ýalňyş ynançlaryň ruhy azaplaryndan doly bu erbet zamanada Ýer ýüzünde ýaşaýan milletler azgyn haldady. Älemleri ýaradan Beýik Alla iman getirip, ybadat etmegiň deregine, dünýäde bolup geçýän hadysalara hem-de Gudraty Güýçliniň eseri bilen döreýän zatlara çokunylýardy. Biçäre ynsanlar ýyldyzlara, oda, daşdyr agaçlara sežde edýärdiler. Ruh, wyždan ýeke-täk Alla iman getirmekden mahrum edilip, garaňky zulmata batandygy üçin, Allanyň ýaradan barlyklaryna ylahy gudratyň döreden eseridir öýdülmeýärdi. Şol sebäpli bu döwrüň adamlary äleme manysyz, bihuda ýaradylan bir zat ýaly garaýardy. Imandan, ylym-bilimden mahrum bu gözli kör nalajedeýinler ýekeje harpyň, bir sözlemiň ýa-da bir kitabyň ýazyjysyz döremejegini bilýän hem bolsalar, müň bir syry ýüzünde jemlän älemi dereksiz, manysyz zat ýaly kabul edip, aňlaryny aldyran ýaly jöwlan urup ýördüler.
Şunuň ýaly gözgyny ýagdaýda ýaşaýan adamzat towhyt ynanjyny, Allanyň barlygyna hem ýeke-täkligine uýmagy wagyz etjek, köňülleri Alla şek ýetirmekden, kapyrlykdan, tersalykdan päklejek bir pygambere mätäçdi. Bütin adamzat Oňa göz dikip garaşýardy.
B) Bu ülkeleriň ählisinde adamlar aýry-aýry synplara bölünýärdi.
Ylahy zandyndan mahrum bolan adamzat öz arasynda baýa-garyba, güýçlä-ejize, hökmürowana-garamaýaga, gula hem gul eýesine bölünipdi. Baý bilen garybyň, halk bilen döwlet adamlarynyň arasynda gorkunç gorp bardy. Synplaryň arasyndaky ýagdaý dartgynlydy. Ýokary gatlakdakylar hemişe aşakdakylary ezýärdi. Gün güýçliniňki, gowurga dişliniňkidi. Meselem, Eýranyň ýagdaýyny alyp göreliň. Beýleki kowumlarda bolşy ýaly, eýranlylar hem synplara bölünipdiler. Ilkinji üçüsi iň aşaky dördünji basgançakdan doly üzňedi. Iň ýokardaky üç basgançaga magiý tiresinden alnan, şonuň üçinem «Magilet» we «Möbet» diýlip atlandyrylýan ruhanylar bilen häkimler, harby adamlar we resmi gullukçylar girýärdi. Dördünji basgançakdakylar bolsa daýhanlar we senetçilerden ybaratdy.[1]
Halk diýilýän topar azat şäherlilerden we ekerançylykda işleýän ýesir gullardan ybaratdy. Bularyň wezipeleri aýlyksyz, haksyz işlemekdi ýa-da goşunda gulluk etmekdi. Olara bu ýagdaýlaryndan ölýänçäler çykmak ýokdy, obalylar şäherli bolmak umydyndan mahrumdy.
Gündogar Rim imperiýasyndaky ýagdaý has hem erbetdi. Halk şu aşakdaky birnäçe gatlaklara bölünipdi:
1. Ne goşuna alynýan, ne-de söwda bilen meşgullanýan ýer eýelerinden dörän Jurule (Kürül) diýlen synp;
2. Eýrandaky ýaly, ýeri bolmadyk, baş sanyna görä salgyt töleýän, atadan ogla geçýän dürli hünärmentçilik bilen meşgullanýan ebedi bergidar halk;
3. Esgerler synpy.
Bu ýeriň ýagdaýy-da bir ýazyjynyň ýazyşy ýaly: «Ekin ekýän daýhanlar köşk emeldarlaryny doýurýan, geýindirýän bir guraldan başga zat däldi».[2] Orta Gündogaryň atly taryhçylarynyň biri bolan Finlaý Gündogar Rimiň şol wagtky halyny şeýle suratlandyrýar: «Jýustineniň ölümi (528-565) bilen Muhammet sallallahu aleýhi wesellemiň dogulmagy arasynda geçen wagtdakysy ýaly, belki, taryhyň hiç bir döwründe ahlagy beýle bozulan jemgyýet, şol jemgyýetiň içinde-de grekler we rimliler kimin bozuk millet görlen däldir».[3]
Ýewropada halk zalym korollaryň, aristokratlaryň, rysarlaryň we ruhanylarynyň elinde ezilýärdi, olaryň dilsiz haýwandan tapawudy ýokdy. Isledik wagty alnyp, islendik wagty hem satylardy. Olaryň garşy çykmaga hiç hili haky ýokdy. Satylanlar gul, beýlekilerem eýesiniň haksyz-hukuksyz hyzmatkärleri, talabanydy. Hiç kimiň eýesini günäkärlemek hukugynyň bolmaýşy ýaly, ony saýlamaga-da haky ýokdy. Diňe ýekeje mümkinçilik bardy. O-da käbir warwar ýurtlarda hyzmatkär eýesiniň bellän nyrhyny töläp, özüne başga hojaýyn tutunyp bilýärdi. Bu hem olar üçin ullakan bagty çüwenlikdi.
Gysgaça aýdanymyzda, Arabystan ýarym adasyndan galan beýleki ähli döwletler bir-birine kine, ýigrenç, wagşylyk bilen bakýan adamlardan düzülen gatlaklara bölünendi. Şeýle gözgyny ýagdaýa düşen dünýä Ýer ýüzünde Allanyň ýaradan iň gymmatly barlygynyň ynsandygyny, ynsanlaryň hem bir atadan ýaýrandygyny, şonuň üçin bir daragyň dişleri kimin hemmesiniň-de deňhukuklydygyny, muny dünýä inende ýany bilen getirýändigini yglan etjek, ynsanlaryň arasyndaky ýigrenji, duşmançylygy söýgä, hormat-sylaga, dostluga öwürjek pygambere mätäçlik çekýärdi. Göýä bütin älem-jahan şol beýik pygamberiň çaltrak gelmegini isläp ýalbarýardy.
W) Ýer ýüzündäki döwletleriň ählisinde gul eýeçilik adaty zat ýaly ornaşypdy:
Ynsan mukaddesdir, ezizdir. Muňa kalbynda hakyky iman ornaşan kişi düşünýär. Şol döwrüň imansyz adamlary bolsa, elbetde, ynsana hormatyň, ynsanyň Ýer ýüzündäki iň mukaddes barlykdygyny biljek däldi. Şeýdibem, bir-birilerini alyp-satyp ýören wagşylyklaryna galjakdy. Adamlar bazarlarda edil mal ýaly alnyp satylýardy. Eýesiniň guluna her hili zulum etmäge, islendik işini etdirmäge haky bardy. Adamzat bu wagşylygy ýok etjek, ynsanyň hakyky gymmatynyň nämedigini bildirjek bir ynsana mätäçlik çekýärdi. Täze dogan Gün kimin merhemeti bilen her kesi çoýjak bir ýol görkezijini küýseýärdi.
G) Din dawalary dowam edýärdi:
Hristian döwletlerinde hezreti Isanyň (a.s) getiren Towhyt – «Birlik» ynanjynyň ýerine Teslis – «Üçlük» ynanjy höküm sürýärdi. Ruhanylar hezreti Isanyň (a.s) getiren dininiň deregine düýbünden başga bir dini döredipdiler. Beýleki döwletlerde bolşy ýaly, Gündogar Rim imperiýasynda hem diniň adyndan her hili akyla sygmajak zulumlar edilýärdi. Muňa mysal hökmünde taryhçylar Patrisiýen Fokasyň zor bilen hristianlygy kabul etdirjek bolanlarynda, islemän, özüni zäherläp öldürendigini aýdýarlar.[4]
Eýranda bolsa, Mazdeizm dininden dönenler ýa-da bu dine duşmançylyk edenler ölüm jezasy bilen jezalandyrylýardy. Adamyň gözüni oýmak, agaja çüýlemek, daş bilen gömmek, aç-suwsuz gynap öldürmek adaty jezalara öwrülipdi.
Hytaý Konfusiniň pelsepelerini ýörelge edinip, medeniýetde azda-kände össe-de, şol wagtlar iň kyn döwürlerini başdan geçirýärdi. Ýurtdaky dawa-jenjelleriň yzy kesilmeýärdi. Dini tapawutlylyklar sebäpli her kim bir-biri bilen gyr-tutuşdy.
Hebeşistan yslamyň dörän döwürlerinde dawa-jenjellerden ýaňa gaýnap duran gazany ýadyňa salýardy.
D) Bu döwletleriň ählisinde ahlaksyzlyk höküm sürýärdi:
Alla iman getirmekden döreýän belent ahlakdan mahrum adamzat her dürli wejeralyklara ýüz urýardy. Humar, içgi, keýpi-sapa adamlaryň gündelik durmuşyna giňden ornapdy. Öňi-ardy gelmeýän bu wejeralyklar, bihaýalyklar ynsan diýen mukaddes ady aýak astyna alyp depeleýärdi.
Ynha, bir mysal: Wizantiýa imperatorlygynda ahlak şeýle bozulypdy welin, Imperator öz doganynyň gyzy bilen nikalaşýardy.[5] Zenanyň alnyp-satylýan maldan tapawudy ýokdy.
Hawa, biziň eramyzyň altynjy asyrynyň soňlary, ýedinji asyrynyň başlary şeýle wagşylykdan, haýasyzlykdan püre-pür döwürlerdi. Hemme ýerde dürli tersalyk, kör ynançlar höküm sürýärdi. Ynsan ýaradylany bäri, dünýä, belki, beýle bihaýalygyň, ahlaksyzlygyň, wagşylygyň şaýady bolan däldir. Ruhy ýol görkezijisi bolmadyk adamzat başyny daşa urýardy. Her gezek uranda-da kalp, ruh, wyždan ýaly gymmatlyklaryny ýitirýärdi. Bu ýagdaýdan çykalga gözläp, adamlaryň baran gapylary barmanka ýapylýardy.
Özlerini ýaradan Eýesini bilmeýän, tanamaýan, Onuň pygamberleriň üsti bilen adamzady gönükdirmek isleýän hak ýoluna akyl ýetirmeýän Ýer ýüzüniň ynsanlary haýwanlardan kän bir tapawutlanmaýardylar. Bir-birini iýmäge hemişe taýýar ýyrtyjy haýwana dönen ynsan Ýer ýüzüni zalymlyk, uruş bilen gana boýapdy. Bela-beteriň, betbagtlygyň gara ýeli çar ýandan ösýärdi! Adamzat ýetimdi. Älem ýas tutýardy. Ýer ýüzi bir matam jaýyny ýadyňa salýardy. Her kim bir-birine duşman, hemme zat manysyz, ruhsuz, maksatsyz ýaly görünýärdi! Adamlaryň nalyşy arşy-aglany titredýärdi, tutuş älem adamzadyň düşen bu gözgyny halyna aglaýardy!
Jemläp aýtsak, bütin dünýäni jebir-sütem, ahlaksyzlygyň gara buludy gaplap alypdy. Bu gara buludy böwsüp, gözleri, ruhlary, wyždanlary nury bilen gamaşdyrjak, köňülleri ýagtyltjak bir Gün gerekdi. Ol Gün adamzadyň ýüzüne şatlyk nuruny çaýmalydy. Goý, bütin älemiň Güni, Aýy, dagy, daşy, ynsany, haýwany, her bir zerresi manysyzlykdan, boş, bimaksat görünmekden halas bolsun! Her bir zadyň Allanyň ýaradan sungat eseridigi bilinsin, öwrenilsin! Ynançsyzlygyň ýerini arassa iman, zulumyň ýerini adalat, galagoplygyň ýeriňi köňül rahatlygy, nadanlygyň ýerini ylym, güzabyň ýerini rahatlyk eýlesin! Iman getiren her kes bir-biri bilen dost-dogan bolsun! Älemler şatlyk bilen dolup-daşsyn! Ynsan ýaradylmagynyň, ýoklugyň garaňkylygyndan barlyk älemine myhman edilip iberilmeginiň asyl maksadynyň Allany tanamakdygyny, Oňa iman getirip, ybadat etmekdigini bilsin! Şeýlelik bilen hakyky bagtly ýaşaýşa ýetilsin!
[1] Prof. Harun Han Şirwany, «Yslamda syýasy duşünje we dolandyryş». Terj. Kemal Kuşçu sah. 8.
[2] Prof. Harun Han Şirwany, a.g.eser, sah.10.
[3] Prof. Harun Han Şirwany, a.g.eser, cax.11.
[4] Prof. Harun Han Şirwany, a.g.eser, cax.11.
[5] Prof. Harun Han Şirwany, a.g.eser, cax.11.