Älemleriň Serweri (s.a.w) indi ejesindenem, kakasyndanam aýrylan ýetimdi. Emma Onuň hakyky goragçysy, hemaýatkäri bardy. Hafy:z bolan Alla Ony Öz goragynda saklaýardy, ömri ötinçä howp-hatarlardan goraýardy. «Rebbiň Seni ýetim goýup, soňra-da goramadymy?»[1] diýen manydaky aýat Pygamberimiziň (s.a.w) bu halyny aýdyň görkezýärdi!
Aradan nije ýyllar ötenden soň, Älemleriň Serweri (s.a.w) Hudeýbiýe saparynda Ebwa obasynyň deňinden geçipdi. Ol Allanyň rugsady bilen ejesiniň guburyna zyýarat edipdi, elleri bilen mazaryň töweregini tertipleşdiripdi. Mähribanyny ýatlap, gynanjyndan aglapdy. Onuň mübärek gözlerinden gynanç gözýaşlarynyň dökülenini gören sahabalar hem aglapdylar, «Ýa Resulalla, näme üçin agladyňyz?» diýip sorapdylar. Pygamberimiz (s.a.w) şonda «Ejemiň maňa bolan söýgüsini, mährini ýatlap agladym» diýip jogap beripdi.[2]
[1] «Duha» suresi. 6.
[2] Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-116-117.
Ene-atanyň ir aradan çykmagynyň hikmetleri
Bu ýerde şu sowal kelläňize gelip biler: «Resulallanyň (s.a.w) mübärek pederi we mähriban ejesi näme üçin Onuň pygamberligini görüp bilmediler? Näme üçin Oňa iman getirmek olara nesip etmedi?»
Bedüizzaman Said Nursi (r.a) hezretleri «Mektubat» atly eserinde bu sowala şeýle jogap berýär: «Allatagala öz keremi bilen Resulalla aleýhyssalatu wesselamyň perzentlik duýgusyny razy etmek üçin Onuň ene-atasyna minnet çekdirmeýär. Ene-atalyk mertebesinden ruhy perzentlik mertebesine düşürmezlik üçin Öz sap howandarlygyna almak bilen hem ene-atasyny bagtly etmek hem-de Pygamberimizi (s.a.w) razy etmek Allanyň rahmetiniň talabydyr. Şonuň üçin ene-atasyny, ata-babasyny Oňa bu dünýäde ymmat etmändir. Emma ymmatyň belent derejesinden, fazyletinden, sagadatyndan olara-da bagyş edipdir. Hawa, uly bir goşunyň serkerdesi mysalynda bolan Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna kakasynyň ýüzbaşy hökmünde gelmegi ikisini-de oňaýsyz ýagdaýa salar. Älemleriň patyşasy Allatagala goşun serkerdesi derejesindäki Pygamberimize (s.a.w) merhemet etmek üçin kakasyny Onuň golastyna bermeýär».[1]
[1] Bediüzzaman Said Nursi, «Mektubat» sah.398.
Pygamberimiziň (s.a.w) ene-atasynyň imanlary meselesi
Yslam alymlary birleşip, şu netijä gelýärler: hezreti Ybraýymdan (aleýhysselam) gaýdan we Resulallanyň (s.a.w) nuruny göteren şejeräniň şahslarynyň hiç biri hak diniň nurundan binesip galmandylar, küpüriň tümlüginde azaşmandyrlar. Olaryň hiç biriniň köňli küpür, köphudaýlylyk bilen hapalanmandyr.[1]
Söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) ene-atasynyň imanlary meselesi hakynda aýtsak, birnäçe yslam alymy bir-birine ýakyn düşündirişler bilen Pygamberimiziň (s.a.w) mähriban ene-atasynyň ahyretde jenneti boljakdyklaryny açyk we kesgitli deliller bilen subut edýärler. Bu subutnamalar şulardyr:
1) Hezreti Abdulla bilen hezreti Emine, Pygamberimize (s.a.w) wahyý gelmänkä, has öň aradan çykypdyrlar, fetret döwründe (Yslamdan öňki döwürde) ýaşapdyrlar. Fetret döwründe dünýeden ötenlere bolsa azap ýokdur.
Bir gün biri uly alym Şerefüddin Münawiden: «Pygamberimiziň (s.a.w) kakasy we ejesi jähennemdemidir?» diýip sorapdyrlar. Münawi hezretleri nägilelik bilen: «Resulallanyň (s.a.w) kakasy we ejesi fetret wagtynda dünýeden ötdüler. Pygamberimiz iberilmezden öňki ötenlere bolsa azap ýokdur» diýip jogap beripdir.[2]
Özüne haýsy-da bolsa bir pygamberiň çakylygy barmadyk adamyň kyýamatda azap görmejegini aýatlar we hadyslar subut edýär.[3] Pygamberimiziň (s.a.w) ata-enesine-de geçen pygamberlerden hiç biriniň çakylygynyň ýetmändigini taryh görkezýär. Şonuň üçin olaryň jennetidigini we azap görmejekdiklerini çekinmän aýdyp bileris.
2) Resulallanyň (s.a.w) eziz pederiniň we mähriban ejesiniň köphudaýlylyk ynanjyna uýup-uýmandygy anyk däldir. Belki olar Zeýd bin Amr, bin Nüfeýl, Waraka bin Newfel we beýleki hanifler[4] ýaly atalary Ybraýymdan (aleýhysselam) gelen ynanç-adatlara görä amal eden haniflerdendir.
3) Söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) kakasynyň we ejesiniň köphudaýly bolmandyklarynyň bir delili hem «Men arassa atalaryň sulbundan we arassa eneleriň neslinden geldim»[5] diýýän hadysy-şerifidir.
Kuranda kureýş müşrükleri «pis adamlar» diýlip tanadylýar.[6] Tämizlik bilen pislik, iman bilen köphudaýlylyk, musulman bilen müşrik biri-biri bilen barlyşyksyzdyr. Muňa görä, ýokarda görkezilen hadysda aýdylyşy ýaly, Resulallanyň (s.a.w) ata-babalaryndan hiç biriniň küpür, köphudaýlylyk ýaly ruhy hapalara bulaşmandygyny kabul etmek wajypdyr.[7]
Bu meseläni şeýleräk jemläp bileris: Alla tarapyn älemlere rahmet edilip iberilen Resuly-Kerimiň (s.a.w) nuruny göteren ene-atany bu beýik Ogluň bereketinden, nurundan mahrum etmek hem edebe, hem akyla laýyk gelýän zat däldir. Şeýle hem Resuly-Kerimiň (s.a.w) eziz ene-atasynyň ömri jahylyýet döwründe geçipdir. Olar hezreti Muhammediň (s.a.w) pygamberlik döwrüni görüp bilmändirler.[8]
Şeýlelikde, bu babatda musulmanyň bilmeli we kabul etmeli zady şudur: «Resuly-Kerimiň (s.a.w) ene-atasy halas bolanlardandyr, jennetidir, imanlydyr. Allatagala Habybynyň (s.a.w) mübärek kalbyny hem-de bu kalbyň göteren perzent söýgüsini elbetde, närazy etmez».[9]
Bu hakykaty şu bir bent goşgy setirleri ajaýyp görnüşde görkezýär:
«Bagtyň çür başyndaka iki jahan Güneşi,
Möwla neçün bermesin ene-ata şerefi?
Eý, dil, ynsap gözi bilen nazar eýle guwwasa,
Heý-de dürüni alyp, zyňarlarmy sadaby?»
Manysy: «Iki jahan Güneşi bolan hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellemi sagadatyň gözbaşy eýlän Allatagala Onuň ene-atasyna neneň sylag-hormat, mertebe bermesin! Eý köňül! Suwuň düýbünden dür çykarýan guwwasa ynsap gözi bilen seret! Ol heý-de, düri alyp, onuň daşky gabygyny – sadabyny zyňarmy?»
[1] Bediüzzaman Said Nursi, «Mektubat», sah.397; Tejrid terjimesi, t-4. sah.537. Seret: M.Dikmen, – B.Ateş. «Pygamberler taryhy» t-1, sah. 41-43.
[2] Tejrid. Terjime t-4 sah.539.
[3] «Isra» süresi, 15.
[4] Hanif – Yslamyýetden öň Allanyň birligine we hezreti Ybraýymyň (a.s) dinine uýan kişi.
[5] Kadi Iýaz. t-1 sah. 183.
[6] «Tewbe» süresi, 28.
[7] Tejrid. Terjime t-4 sah.546.
[8] Agz. eser t-4 sah. 55.
[9] Said Nursi, «Mektubat» sah. 398.