Ebu Talybyň aýaly Fatyma hatynyň hem Pygamberimize (s.a.w) bolan söýgüsi, mähir-muhabbeti çäksizdi. Ol hezreti Muhammedi (s.a.w) öz çagasy ýaly eziz görerdi. Ony iýdirip-içirmän çagalaryna seretmezdi, olara barmysyňam diýmezdi. Ol ene-atasyz ýetime hossaryny küýsetmezlige çalyşýardy. Söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) hem oňa bolan sylag-hormaty uludy. Ol Fatyma hatynyň bu ýagşylygyny ömrüniň soňuna çenli unutmady. Ol aradan çykan wagty bolsa, «Bu gün ejem dünýeden ötdi» diýip, ony nähili gowy görýändigini bildiripdi. Soňra egnindeki köýnegini çykaryp, oňa kepenlik üçin beripdi. Jaýlanjak wagty onuň bilen gubura girip, biraz wagt ýanynda oturypdy.
Resuly-Ekremiň (s.a.w) bu hereketi sahabalaryň gözünden sypmady. Ondan näme sebäpden beýdendigini soranlarynda, Resulalla (s.a.w) şu jogabyny berdi: «Ebu Talypdan soňra maňa Fatyma ýaly ýagşylyk eden kişi ýokdur. Kyýamatda jennetiň geýimlerini geýmegi üçin oňa köýnegimi kepenlik berdim. Gabra öwrenişmegi üçin bolsa, ýanyna girip, az wagtlyk ýoldaş boldum».[1]
Pygamberimiz (s.a.w) özüne edilen ýagşylygy hiç haçan unutmaýan, ony birnäçe essesi bilen yzyna gaýtarýan beýik ynsandy. Resuly-Kerimiň (s.a.w) bu ajaýyp ahlagynyň adamlaryň Alla ynanmaklarynda uly täsire eýe bolandygyny Onuň (s.a.w) ömür beýanynda görersiňiz.
[1] Süheýli. «Rawdül-Ünf», t-1 sah.112; Ibni Abdyl-Berr, «El-Istiýab», t-1, sah. 369-370.