Hezreti Emine ogly bilen Medinede bir aý bolandan soňra Mekgä gaýdarman boldy. Olar garyndaşlary bilen hoşlaşyp, şäherden çykdylar.
Çölüň içinden barýan üç ýolagçynyň — hezreti Eminäniň, Pygamberimiziň (s.a.w) we Ümmi Eýmeniň ruhy dünýälerinde harasat gopýardy. Mähriban enäniň we onuň söýgüli balasynyň ruhunda aýralygyň yzasy bardy. Hezreti Emine bileje durmuş guranlaryndan soň köp wagt geçmänkä ebedi äleme göç eden ýanýoldaşyny ýatlap, dynman aglaýardy. Resulalla (s.a.w) hem mähriban enesiniň ahy-nalasyna çydap bilmän, ýuwaşjadan aglaýardy. Mübärek gözlerinden damja-damja togalanyp gaýdýan ýaşy rahmet ýagşy kimin eşiklerini ezýärdi.
Ýoluň ýaňy ýarysy geçilipdi. Birdenkä hezreti Emine biynjalyklyk tapdy. Pygamberimiz (s.a.w) bilen Ümmi Eýmen aljyraňňylyga düşdüler. Hezreti Eminäniň keseli gitdigiçe güýçlenýärdi. Ýanyndakylar hem nälaç etjegini bilmediler. Olaryň Ebwa obasynyň ýakynynda bir agajyň kölegesinde düşlemekden başga çäreleri galmady. Hezreti Eminäniň dyzlaryndan ysgyny gidip, özüni ýere goýberdi. Üstüni ýapdylar. Hezreti Emine gara suw bolup derleýärdi. Pygamberimiz (s.a.w) ony ebedi ýitirerin öýdüp, ejesiz galjagyndan gorkup aglaýardy. Hamala, töweregiň ümsümligi hem olaryň hasratyna goşulyşýan ýalydy. Ýerden-gökden ses-seda çykanokdy. Hezreti Emine mejalsyz süýnüp ýatyrdy. Pygamberimiz (s.a.w) az-kem özüni dürsäp:
– Eje jan, ýagşymyň? – diýip sorady. Mähriban ene ýeke-täk ogluny gynandyrmak islemeýärdi. Ýagdaýy näçe agyram bolsa, bildirmezlige çalşyp:
– Ýagşy, jan oglum! Gorkma! – diýip jogap berdi. Ol şu sözleri zordan aýdyp özünden gitdi. Ysgynsyz dodaklary çala gymyldady. Onuň «suw» diýeni zordan eşidildi. Pygamberimiz (s.a.w) atylan ok ýaly bolup, ylgap, ejesine suw getirip berdi.
Hezreti Emine suwdan owurtlady. Suw gaby bilen birlikde mähriban perzendiniň ýumşajyk ellerinden tutdy. Gözlerini açdy. Pygamberimiziň (s.a.w) nur saçýan ýüzüne gana-gana bakdy. Ellerini mähir bilen sypalady. Älemleriň Serweri (s.a.w) ejesiniň göwresini azajyk dikeldip, kellesini gujagyna aldy. Onuň gözlerinden akýan mübärek ýaşlar ejesiniň üstüne ýaz ýagşy deýin dökülýärdi. Hezreti Eminäniň kalbynda perýatlar gopup, hasrat ýeli ösýärdi. Ýanýoldaşyny ýitirmeginiň üstesine indi ogly bilen hem hoşlaşmak çekip-çydardan agyrdy. Keselinden beter ony bu hijran ody ýakyp gowurýardy! Emma çäresizdi. Bu ýazgydyň üýtgewsiz emridi. Hezreti Emine bu keselden gutulmajagyna göz ýetiripdi. Ol gussaly gözleri bilen nurana balasynyň Gün ýaly ýagty ýüzüne soňky gezek garady. Ellerini doýa-doýa ysgady, yzyndanam şu sözleri pyşyrdady:
– Eý, Allanyň ýardamy bilen eýmenç ajal okundan ýüz düýe berlip halas edilen adamyň ogly! Alla Seni eziz, ömrüňi uzak etsin! Eger düýşümde görenlerim dogry bolsa, sen bol kerem eýesi Beýik Alla tarapyn adamzada haram we halaly tanatmak üçin pygamber yglan ediljeksiň. Sen ataň Ybraýymyň goýup giden dinini kämile erdirersiň. Alla seni nije ýyllardan bäri dowam edýän butparazlykdan, butlardan gorar. Bu pany dünýä gelen her bir kişi öler. Her täze köneler. Her garran öter. Bar zat panydyr, gidijidir. Hawa, menem ölerin, emma adym ebedi ýat ediler. Çünki tämiz, arassa bir ogul dogurdym. Yzymda ýagşylykda ýatlajagym bar.[1]
Geljekden habar beren bu açyk-aýdyň sözlerden soňra hezreti Eminäniň gözleri baky ýumuldy, ol amanadyny Beýik Alla tabşyrypdy. Onuň ebedi äleme göç eden ýeri Medine bilen Mekgäniň arasyndaky Ebwa obasydy. Şol wagt milady senenamasy 576-njy ýyly görkezýärdi.
[1] Isfahany, ««Delail»ün-Nübewwe», sah. 119-120.
Hezreti Eminäniň jaýlanmagy
Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) bilen Ümmi Eýmen doňup galypdy. Edil dilleri tutulan ýalydy. Gepleýän diňe Älemleriň Serweriniň (s.a.w) gözýaşlarydy. Ahyrsoňy Ümmi Eýmen özüni dürsäp, Eminäniň eziz perzendiniň gözýaşyny süpürdi. Soňra-da bagryna basyp, göwünlik berdi: «Goý, aglama, janym Muhammedim. Ylahy ýazgydyň öňünde boýnumyz gyldan inçedir. Jan-da Onuňky, mal-da. Hemmesi bize amanat. Amanady nähili beren bolsa, şeýle hem alar». Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) uludan dem alyp: «Hawa, men hem bilýärin. Onuň buýrugyna elmydama boýundyryn. Emma ejemiň ýüzi şeýle bir mähriban, näçe synlasaňam ganyp bolmaýar. Onuň keşbini indi görüp bilmejegime gynanýaryn» diýdi. Birneme özüni dürsänden soň gözýaşlaryny sylyp, Ümmi Eýmene ýüzlendi: «Ol amanady Eýesine tabşyrdy. Biz hem onuň jesedini topraga tabşyraly. Rahat ýatsyn!»
Dünýäniň iň bagtyýar enesi hezreti Eminäniň jesedini şol ýerde depin etdiler. Älemleriň Serwerini bagryndan öndüren mähriban enäniň ruhy bolsa, kim bilýär, gör, haýsy gat asmanda perişdeler bilen baýram edýärdi!
Ejesiz galan ýetim Pygamberimizi (s.a.w) Mekgä äkitmek enekesi Ümmi Eýmene düşdi. Ümmi Eýmen ýolboýy Onuň çekýän hasratyny ýeňletjek bolup, elinden gelenini edýärdi. Ony öz çagasy ýaly bagryna basýardy, göwünlik bermäge çalyşýardy. Pygamberimiz (s.a.w) hem ony ejesi ýaly görüp: «Eje! Eje!» diýip seslenýärdi. Ýüregiňi gyýym-gyýym eden wakadan kän ýyl geçenden soň hem Pygamberimiz (s.a.w) Ümmi Eýmeni her görende: «Ejemden soňra ikinji ejem» diýip, göwnüni göterýärdi.[1]
[1] Pygamberimiz (s.a.w) «Jenneti zenana öýlenmek isleýän Ümmü Eýmeni alsyn» diýip wasp eden enekesi Ümmü Eýmeni (r.a) soňra azat edipdi. Birinji adamsynyň ölüminden soňra ony Zeýd bin Harisä (r.a) durmuşa çykarýarlar. Üsame bin Zeýd hezretleri (r.a) hem bu maşgalada dünýä inipdi.