Nur ýüzli bäbek Halymanyň gujagyndady. Ýogsa-da, bu nämäniň alamatyka?! Onuň uzakly günüň dowamynda sähelçe süýt ýygnaýan göwüsleri bu bäbek emmäge başlandan süýtden dolupdy. Bu Älemleriň Serweriniň (s.a.w) ilkinji bereketidi. Halyma-da, adamsy Haris hem muňa haýran galdy. Sag göwüs Älemleriň Serweriniň agzynda, sol göwüs Onuň süýt emşen dogany, Halymanyň ogly Abdullanyň agzyndady. Mundan soňra Älemleriň Serweri (s.a.w) diňe sag göwüsden emipdi.
Düýäniň ýelni süýtden doldy!
Halyma nurana bäbegi sähel salymlyk hem gujagyndan düşüresi gelmeýärdi. Olar uzak eglenmän, Abdulmuttalyp we hezreti Emine bilen hoşlaşyp, Mekgeden çykdylar. Emine gözýaşyny seçelendirip, balasynyň yzyndan garap galdy.
Gije Harisiň maşgalasy Mekgäniň daşynda rahat ukusyny aldy. Säher bilen Haris düýesini sagmaga gitdi. Ol bärden baranda, gözlerine ynanmady: garry düýäniň ýelni süýtden dyňzap durdy. Haris sagmak üçin elini uzadandan ýelniň her gözi egsizlmez süýt çeşmesine öwrüliberýärdi! Ol haýran galyp, Halyma gygyrdy:
– Halyma! Sen şeýle mübärek, rysgally çaga aldyň!
Halyma ýanýoldaşynyň aýdanlaryny tassyklady:
– Men hem şeýledir diýip umyt edýärin![1]
Mekge indi yzda galypdy. Halyma düýäniň üstünde, gujagynda bolsa Älemleriň Serweri (s.a.w) bardy. Hor, ysgynsyz, beýlekileriň yzyna eýermän gelýän düýe-de indi üýtgäpdi. Ol şeýle bir ýörgürdi welin, gelenlerinde münüp gelen düýeleri däl ýalydy. Ol beýleki ýolagçylaryň deňinden geçip, olary yzda galdyryp barýardy. Ýoldaşlary muňa haýran galyp:
– Eý, Ebu Zuýeýbiň gyzy! Näme bize garaşman gidip barýarsyň? Ýa-da münüp oturan düýäňi täzelediňmi? – diýip soradylar.
Düýe şol öňki düýedi. Ýekeje tapawudy, onuň üstünde Älemleriň Serweri (s.a.w) bardy. Ony götermek ýaly belent mertebäniň bagyş edilmegi ysgyny giden hor janaweri hem joşdurypdy! Halyma ýoldaşlaryna jogap berdi:
– Ýok, düýe şol düýe, hatda men ony gyssamogam. Peýwagtyna şeýle çalt ýöreýär. Bu ýerde bir syr-a bar![2]
Bu ýerdäkileriň hiç biri munuň näme üçin şeýle bolýandygyny bilmeýärdi. Hawa, bu bolup geçen üýtgeşik hadysalaryň ählisi nurana ýüzli çaganyň gelejegi rahmeti bilen gurşajakdygynyň aýdyň alamatlarydy.
[1] Ibni Hişam. «Sire», t-1 sah.172. Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-111; Taberi, «Taryh» t-2 sah. 127.
[2] Ibni Hişam. «Sire», t-1 sah.173; Taberi, «Taryh» t-2 sah. 127.