Älemleriň Serweri (s.a.w) alty ýaşyndady. Şol wagtlar Eminede Medinä gitmek arzuwy döredi. Maksady, Abdulmuttalybyň daýylary Adiýý bin Nejjar ogullaryny görmek hem-de şol ýerde jaýlanan mähriban adamsynyň guburyna zyýarat etmekdi. Ol bu niýet bilen ýola taýýarlanyp başlady. Nesibeli güni gelende, hezreti Emine ýekeje ogluny hem-de gyrnagy Ümmi Eýmeni ýanyna alyp, Medinä ýola düşdi. Ol nämedir bir gynanýan ýaly ýüzi gussaly görünýärdi. Ol bu mukaddes mekana hem-de Sagadat Güneşini (s.a.w) dünýä inderen mübärek öýüne indi gaýdyp gelmejek ýaly, gaýta-gaýta gaňrylyp yzyna seredýärdi!
Olar gyzgyn çölüň içinde ençeme günläp ýol söküp, ahyry Medinä geldiler. Ilki bilenem Pygamberimiziň (s.a.w) daýysynyň ogullaryndan Nabiganyň öýüne bardylar. Hezreti Emine bu öýüň howlusynda jaýlanan eziz ýanýoldaşynyň mazarynyň başyna çökdi. Onuň gözünden akan ýaş Abdullanyň guburynyň topragyny ezdi. Pygamberimiz (s.a.w) hem ejesiniň bolşuny görende ýetimligiň aýralygyny ilkinji gezek duýdy. Ol hem kakasynyň mazarynyň üstüne katra-katra gözýaş dökdi. Bu damjalar göýä hezreti Abdullanyň guburyna goýlan gül dessesini ýadyňa salýardy.