Älemleriň Serweri (s.a.w) otuz bäş ýaşlaryndady. Şol günlerde kureýş taýpasynyň kethudalary jemlenişip, Käbäni täzeden gurmagyň maslahatyny etdiler. Çünki ýyllaryň dowamynda ýagan ýagyşlaryň netijesinde öň hem o diýen berk gurulmadyk diwarlar yzgar çekip, haçan ýykylsa ýykylaýmaly ýagdaýdady. Iň soňky gelen güýçli silden soňra Käbäniň diwarlary çat açyp, jaýryklary hasam ulalypdy. Bu ýagdaý mekgelileri gorkuzdy, olary aljyraňňylyga saldy.
Şol wagtlar ýene-de bir hadysa bolup geçdi. Bir aýal Haremde ot ýakdy. Otdan syçraýan uçgunlar Käbäniň örtügine düşüp, örtük lowlap ýanmaga başlady. Bir günem Käbäniň içindäki hazynanyň bir bölegi ogurlandy. Şondan soňra mekgeliler hasam tijenip, gelen kararlaryny ýerine ýetirmäge girişdiler.[1]
Gurluşyk serişdeleri ýüklenen gämi
Kureýşliler Käbäni nähili edip bejerilmelidigigi hakda maslahatlaşýardylar. Şol wagtlar Jidde şäherine gitmek üçin Müsürden ýola çykan wizantiýalylaryň bir gämisi Jiddäniň ýakynynda bir ýerde saýa batdy. Muny eşiden kureýşliler şol ýere birnäçe adam iberdiler. Gäminiň ýüki ýumşak ak daş, tagta, pürs we demirdi. Bular kureýşlileriň gözläp, tapyp bilmän ýören zatlarydy. Kureýşliler gäminiň ýüküni satyn aldylar. Şonuň bilen birlikde gämidäki täjire Mekgä päsgelsiz girmegine we harytlaryny gümrük hakyny tölemezden satyp bilmegine kepil boldular. Ýogsa, şol döwürlerde mekgeliler şäherde söwda edýänlerden salgyt alýardylar. Gämide Bakum atly wizantiýaly bir arhitektor hem bardy. Käbäniň gurluşygynda işletmek üçin bu arhitektor bilen hem ylalaşdylar. Şundan soň Käbäniň diwarlaryny täzelemek kararyna gelen käbelileriň arhitektory wizantiýaly Bakum, agaç ussasy bolsa mekgeli Kybti* ussa boldy.[2]
Käbäniň diwarlarynyň daş bilen örülmegi bije esasynda tireleriň arasynda dörde bölündi. Bijä laýyklykda, abdymenaf bilen zühreogullaryna Käbäniň gapy tarapy, abdüddar, esed we adiýýogullaryna Käbäniň Şam tarapy (Hatiým, Hyjyr tarapy), şehm, jehm (jumah) we amir ogullarynyň paýyna Käbäniň Ýemen burçy bilen Hajerül-Eswed burçunyň arasy, mahzum we teýmogullaryna bolsa Safa bilen Ejýady birleşdirýän Ýemen tarapy düşdi.[3]
Mekgede ýer titremegi
Her tire özüne düşen tarapy ýykýardy. Hezreti Ybraýymyň (r.a) guran diwarynyň esasyna çenli ýetildi. Mundan soňra bir-biri bilen birleşen düýäniň örküji ýaly ýaşyl daşlar görünmäge başlady!
Käbelileriň niýetleri has hem aşaklara çenli ýykmakdy. Emma ol başartmady. Içlerinden biri ýaşyl daşlaryň töweregini gazmaga başlanda, birden zenzele gopan ýaly boldy-da Mekge sarsyp gitdi. Mundan aşak gazmaga rugsat berilmeýändigine düşünen käbeliler şu gazanlary bilen çäklendiler.[4]
Tireleriň arasynda düşünişmezligiň döremegi
Her kim özüne düşen tarapyna daş daşap, diwar örýärdi. Hajerül-Eswediň goýuljak ýerine çenli örüldi. Emma bu mübärek daşyň ýerine goýulmagynda tireleriň arasynda oňuşmazlyk ýüze çykdy. Her tire bu iş üçin özüni beýleki tirelerden has mynasyp saýýardy. Hiç kim bu mümkinçiligi sypdyrmak islänokdy. Mesele gyzyşdy, jedeller güýçlenip, dawalara ýazdy. Hatda bir-birleri bilen bu işiň üstünde uruşjakdyklary barada ant hem içdiler.[5] Ýagdaý ýitileşipdi, islendik wagt garpyşyk dörese döräýmelidi. Eger çaknyşyk başlaýsa, kän adam öljekdi, köp zat harap boljakdy. Muňa bir çykalga tapmalydy.
Kureýş tireleri dört-bäş günläp, Käbäniň diwaryna ýekeje daş hem goýman çözgüde garaşdylar. Soňra täzeden Mesjidi-Harama üýşdüler. Ýene-de gepleşikler, jedeller başlandy. Bularyň arasynda tireleri düşünişmäge çagyrýanlar hem bardy.
Soňy ganly çaknyşyga baryp ýetjek bir hadysanyň bolaryna garaşylyp durka, kureýşiň iň ýaşulularyndan Ebu Ümeýýe diýlip tanalýan Huzeýfe bin Mugire orta çykyp, taraplara şeýle teklip etdi: «Eý kureýşliler! Dawaňyzy çözmek üçin ybadathananyň gapysyndan (Beni Şeýbe gapysy) ilkinji girjek adamy araňyzda emin edip saýlaň! Goý, ol adam bu işi çözsün!»[6] diýdi. Ebu Ümeýýäniň bu garaşylmadyk teklibi biragyzdan kabul edildi.
«Muhammedül–Emin» gelýär!
Indi her kimiň gözi Beni Şeýbe gapysyndady. Kim gelerkä?! Geljek kişi tireleriň bu dawasyna nähili çäre taparka? Hiç bir tiräni närazy etmän, bu meseläni neneňsi çözerkä? Her kim uly alada bilen Mesjidi–Haramyň gapysyndan girjege garaşýardy.
Ahyry gapydan biri göründi! Uzakdan tanadylar. Ynamly ädimler bilen ýöräp gelýän bu kişä her kes beletdi. Adamlar Ony görenlerinden begenç bilen gygyryşdylar: «El-Emin! Muhammet! Ol näme diýse, biz razy!»[7]
Hawa, gelen Muhammedül-Emindi (s.a.w). Ol ähli kişiniň ynamyny gazanmagy başaran dogruçyl ynsandy. Adamlaryň ýüzüne şatlyk alamatlary çaýyldy. Çünki Onuň geljek netijesiniň adalatly boljagyna her kim ynanýardy. Hawa, adalatly netije çykarmakda ýalňyşmaýan Pygamberimiz (s.a.w) säwlik bilen gabat geläýen adam däldi. Ol tapjak çäresi bilen adamlara özüniň pygamberlikden öň hem adalatlydygyny, giň dünýägaraýyşlydygyny tassyk etdirýärdi!
Kureýşliler Oňa (s.a.w) ýagdaýy gürrüň berdiler. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ýaýdanyp durmady, «Derrew maňa bir mata getiriň!» diýdi. Getirdiler. Bir gürrüňe görä, şol mata Welid bin Mugireniň, başga bir aýdylyşyna görä-de Pygamberimiziň (s.a.w) hut öz eşigidi.[8]
Pygamberimiz (s.a.w) matany ýere ýazdy. Uly-kiçi her kim Pygamberimize (s.a.w) haýran galyp seredýärdi. Ol matany näme etjekkä? Adamlaryň çak etmegi uzaga çekmedi. Pygamberimiz (s.a.w) Hajerül-Eswedi matanyň ortasynda goýdy. Soňra-da: «Her tireden bir adam munuň gyrasyndan tutsun» diýdi.
Şeýle hem etdiler. Hajerül-Eswedi goýuljak ýerine çenli şeýdip alyp gitdiler. Soňra Pygamberimiz (s.a.w) hut öz eli bilen Hajerül-Eswedi ýerine goýdy. Şeýlelikde, mesele çözüldi. Diwar örmek işi dowam etdirildi we gysga wagtda tamamlandy.[9]
Şeýlelikde, Allanyň Resuly (s.a.w) Ýaradanyň ýüregine guýan adalatly çözgüdi bilen tireleriň arasyndaky ganly çaknyşygyň öňüni aldy. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) bu çözgüdi bilen özünden ululardan hem has tejribelidigini, has artykmaç akyla eýedigini görkezdi. Hezreti Ibni Abbasyň (r.a) aýtmagyna görä, Pygamberimiziň (s.a.w) Hajerül-Eswedi[10] ýerine goýan güni duşenbe günüdi.[11]
[1] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 205. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 145; Taberi, «Taryh», t-2, sah 198.
* Kybti – Fyrawun neslinden bolan ýerli müsürlililere aýdylýar.
[2] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 205. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 145.
[3] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 207. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 146; Taberi, «Taryh», t-2, sah 200.
[4] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 207-208. Taberi, «Taryh», t-2, sah 201.
[5] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 209. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 146; Taberi, «Taryh», t-2, sah 201.
[6] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 209. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 146; Taberi, «Taryh», t-2, sah 201.
[7] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 209. Ibni Sad, «Tabakat», t-1.
[8] Belazuri, «Ensab», t-1, sah.99.
[9] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 209-210. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah.146.
[10] Reňki gara bolany üçin «Hajerül-Eswed» (gara daş) diýlip atlandyrylan bu mübärek daş Käbäniň gündogar burçunda bolup, ýerden bir ýarym metr ýokarda, gapa ýakyn bir ýerde ýerleşdirilip, birnäçe böleklerden ybaratdyr. Olaryň üçüsi has uludyr. Daşyna kümüş halka geýdirilendir. Başga bir ady «Ruhul-Esweddir.» Bu mübärek daş asmandan inipdir we hezreti Ybraýyma (a.s) hezreti Jebraýyl (a.s) tarapyndan getirilipdir. Käbe diwaryna ýerleşdirilmezden öň, ol Ebu Kubeýs dagynda goralyp saklanýardy. Bir rowaýata görä, Pygamberimiziň (s.a.w) «Men pygamber edilip iberilmänkäm, Mekgede maňa salam beren daşy heniz hem bilýärin we tanaýaryn» diýip, göz öňünde tutan daşy Hajerül-Esweddir.
[11] Süheýli, «Rawdül-Ünf», t-1, sah. 129.