Nurana ýüzli bäbege at goýuldy: Muhammet (sallallahu aleýhi wesellem)

Toý sowlandan soňra mekgeliler Abdulmuttalypdan agtygyna näme at goýanyny soradylar. Ol: «Adyna Muhammet goýdum!» diýip jogap berdi. Ondan bu çaga atalarynyň biriniň adyny dakman, bu ady dakmagynyň sebäbini soranlarynda bolsa: «Allanyň we ynsanlaryň Ony öwmeklerini islänim üçin şeýle ady goýdum!» diýdi.

Hakykatdan hem, Älemleriň Serweri (s.a.w) dünýäde Allanyň, adamzadyň we perişdeleriň dilleriniň senasyna mynasyp bolan ýeke-täk ynsandyr. Çünki Ol bu öwgä, bu söýgä, bu hormata iň laýyk kişidir. Ol bu mertebäni deňsiz-taýsyz imany, uçursyz zehinliligi, ybadaty, wepalylygy, takwalygy, gaýraty, yhlasy, dogruçyllygy, mahlasy aňrybaş kämil ahlagy bilen gazanypdy. Şonuň üçin Onuň (s.a.w) derejesine laýyk öwgini, hormaty gazanyp biljek ynsan panyda ýokdur, bolmaz hem.