Pygamberimiz (s.a.w) agasy Ebu Talybyň ýanynda

Hezreti Muhammet (s.a.w) sekiz ýaşapdy. Ol indi agasy Ebu Talybyň ýanynda bolýardy. Ebu Talyp örän merhemetli adamdy. Onuň bar aýby golnyň ýukalygydy. Mekgäniň töwereginde gezişip ýören, süýdüni sagynýan sanlyja düýesinden başga maly-mülki ýokdy. Maşgalasy köplük bolan üçin onuň eklenji kyndy. Emma Ebu Talyp dogruçyllygy, mertligi bilen kureýşlilere özüni aldyrypdy. Olar Ebu Talyby gowy görerdiler, sylap hormatlardylar. Hezreti Aly (r.a) kakasy hakynda şeýle gürrüň berýär: «Kakam kureýşiň garyp, emma abraýly adamlarynyň biridi. Kowmunda onuň ýaly sözüni diňledip bilen kişi ýokdur».

Ebu Talyp dinsizlik döwrüniň ýaramaz erbetliklerinden daş durýan adamdy. Edil kakasy Abdulmuttalyp ýaly, ol hem kureýşlileriň suw ýaly içýän şeraplaryny içmezdi. Mahlasy, ol her tarapdan Älemleriň Serwerine (s.a.w) hossarlyk edip biljek adamdy.

Ebu Talyp Käbäniň hyzmatçylarynyň biridi. Ol dogany Zubeýrden soň özüne geçirilen, «Käbäniň goragçysy» diýmegi aňladýan rifade hem-de hajylara suw bermek hyzmaty bolan sikaýe işlerini ýöredýärdi. Emma köp çykdajyly bu işlere garyp halyna hötde gelip bilmejekdigine göz ýetirip, üç haj möwsüminden soňra bu işi inisi hezreti Abbasa (r.a) tabşyrmaga mejbur boldy. Sikaýe we rifade hyzmatlary tä Mekge musulmanlar tarapyndan eýelenýänçä hezreti Abbas (r.a) tarapyndan ýöredildi. Resulalla (s.a.w) şondan soň hem bu wezipeleri ýene oňa ynandy.

Ebu Talyp hem kakasy ýaly söýgüli Pygamberimizi (s.a.w) jany-teni bilen gowy görýärdi. Ony kakasynyň edişi ýaly ekläp-saklamaga çalyşýardy. Inisini hiç haçan ýanyndan aýyrmazdy. Giden ýerine ony hem äkiderdi, ýanynda oturdyp, deň-duşy, dosty ýaly gürleşerdi. Ebu Talybyň öýünde Onsuz (s.a.w) saçak başyna geçilmezdi. Saçak ýazylandan soň Pygamberimiz (s.a.w) heniz gelmedik bolsa, agasy: «Muhammedim nirede? Çagyryň gelsin» diýerdi. Çünki Onuň bilen nahar iýenlerinde her kim saçak başyndan doýup turardy, hatda nahar artyp hem galardy. Onuň (s.a.w) ýok wagty bolsa, köplenç, doýulmanka nahar gutarardy.[1]

Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) çagalygyndan bäri nahary az iýerdi. Saçak başynda örän asyllydy, suprada goýlan nygmatlara hormatlydy. Beýleki çagalar saçak ýazylyp-ýazylmanka nahara çozsalar-da, Ol özünden uly başlamanka, agzyna bir dişlem hem salmazdy. Hatda käwagt agasy çagalar arkaýyn naharyny iýdirenok diýip, Onuň üçin aýratyn saçak ýazdyrardy.[2]

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ululygynda bolşy ýaly, kiçiliginde-de açlykdan, suwsuzlykdan hiç zeýrenmeýärdi. Enekesi bu babatda şeýle gürrüň berýär: «Resulallanyň çagalygynda hiç haçan açlykdan ýa-da suwsuzlykdan zeýrenenini görmedim. Ir bilen bir owurt zemzem suwundan içerdi. Oňa nahar iýdirjek bolsak, «Iýesim gelenok, garnym dok» diýerdi.[3] Pygamberimiz her gün ir bilen saçyny daradardy, ýüpek ýaly saçy hemişe tämizdi. Nurana ýüzi ýagtydy, röwşen gözleri şatlykdan uçganaklap durdy».[4]

Pygamberimiz (s.a.w) agasy bilen ýagyş dileginde

Şol ýyllaryň birinde Mekgede gurakçylyk bolup, ilata açlyk howpy abanypdy. Asmandan nem dammaýardy. Ýer suwsuzlykdan darka-darka ýarylypdy. Kureýşliler Ebu Talyba ýüzlenip: «Eý, Ebu Talyp! Açlykdan ýaňa çagalarymyz ölmäge, mallarymyz gyrylmaga başlady! Biziň üçin ýagmyr dogasyna çyksaň nähili bolar?!» diýdiler. Ebu Talyp bu teklibi kabul etdi. Emma ýeke özi gitmedi. Ol ýanyna inisi Muhammedi hem aldy. Çünki Onuň köp gezekler bereketiň inmegine sebäp bolanyny görüpdi.

Ebu Talyp inisi Muhammet sallallahu aleýhi wesellemi alyp, Käbä bardy. Arkasyny bu mukaddes ybadathana diredi, ellerini ýokary galdyryp, Alla ýalbarmaga başlady. Muhammet sallallahu aleýhi wesellem bolsa Käbäniň örtügine ýapyşyp, bir barmagyny hem ýokaryk galdyryp durdy.

Biraz soňra Rahmany-Rahymyň rahmet derýasy joşdy. Ýagyş edil bedreden guýulýan ýaly ýagyp başlady. Adamlar ezilmän zordan öýlerine girip ýetişdiler. Jarlar dolup daşýardy, mekgelileriň ýüzlerinde şatlyk alamatlary uçganaklaýardy.

Hawa, hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellem külli adamzada hem maddy, hem-de ruhy bereket getirmek, bütin dünýäni bagtly etmek üçin iberilipdi. Entek çaga hem bolsa, Onda (s.a.w) bu uly wezipäniň eýesidigini bildirýän sypatlar şöhlelenýärdi.


[1] Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-120.

[2] Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-119.

[3] Kady Iýaz, «Şifa», t-1, sah. 729-730.

[4] Kady Iýaz, «Şifa», t-1, sah. 730.