Hezreti Emine-de dünýesini täzeländen soň, alty ýaşlyja Pygamberimizi (s.a.w) atasy Abdulmuttalyp öz ýanyna aldy.
Kureýşiň ýolbaşçysy Abdulmuttalyp hem Pygamberimiziň (s.a.w) nurundan nesibesini alan ynsanlaryň biridi. Şondan bolsa gerek, ol uzyn boýly, nazarkerde, nurana ýüzli, süýji dilli, namysjaň, sypaýy, buýsançly başyny dik tutup ýöreýän kişidi. Üstesine-de Abdulmuttalyp sabyrlydy, akyllydy, düşünjelidi, mertdi, jomartdy. Ýalaňajy geýindirerdi, ajy doýrardy. Ol hatda haýwanlara-da dözümsizdi. Dagsa-düzde aç-suwsuz galan gurt-guşuň hem aladasyny ederdi.
Abdulmuttalyp dinsizligiň tümlüginde ýaşasa-da hak ýoly ýitirmedik, towhyd ynanjynda bolan bagtyýar kişileriň biridi. Alla ýürekden baglydy, kyýamata, täzeden gününe ynanýardy. Beren sözi özüne näçe gymmat düşse-de, ýerine ýetirmän goýmaýardy. Allatagalanyň öňünde eden wadasynda durmak üçin iň eziz görýän ogly Abdullany pyçagyň aşagynda ýatyrmakdan hem gaýtmandy. Kureýşliler saklamadyk bolsa, ony hem gurban etjekdi.
Abdulmuttalyp diňe bir özi dinsizlik döwrüniň erbet adatlaryndan uzak durmak bilen çäklenmän, eýsem halka hem bu işleri gadagan ederdi. Ol döwrüň ýowuz adatlarynyň biri bolan gyz çagany diriligine ýere gömmegi adamlara maslahat bermezdi. Şerapdan, zynadan hemişe uzak durardy. Güýjüniň ýetdiginden Mekgedäki zulmuň, adalatsyzlygyň öňüni almaga çalşardy.
Abdulmuttalyp örän myhmansöýerdi. Garyndaşlarynyň aladasyny ederdi, olara gadyr ederdi, adamlardan merhemetini gaýgyrmazdy. Şu häsiýetleri üçin kureýşliler oňa «Ikinji Ybraýym» diýerdiler. Remezan aýy giren badyna, ýeke özi Hira gowagyna gidip, ybadat bilen meşgul bolardy. Muny ilkinji bolup, il arasynda adata öwren hem şoldy. Goja Abdulmuttalyp perzent söýgüsiniň nämedigini gaty oňat bilýärdi. Agtygy Älemleriň Serweri (s.a.w) bolansoň, garry atanyň Oňa bolan söýgüsini niçiksi söz bilen beýan etjek?!
Hakykatdan hem, Abdulmuttalyp nurana ýüzli agtygyny janyndan eý görýärdi. Ony lälik çaga kimin eliniň aýasynda saklaýardy. Onsuz hiç ýere gitmezdi. Şol wagtlaram Pygamberimiziň (s.a.w) özüni alyp barşy edil uly adamyňky ýalydy. Ol (s.a.w) bu aýratynlygy bilen baran ýerinde töwereginiň ünsüni çekýärdi. Hatda Abdulmuttalyp käwagtlar söhbetlerde we üýşmeleňlerde soralan sowallara Onuň bilen maslahatlaşandan soňra jogap berýärdi.
Indi Pygamberimiz (s.a.w) atasynyň hakyky dosty, dertdeşi we ygtybarly maslahatçysydy. Ol hemişe atasyna uly hormat goýardy.
Atasynyň düşekçesinde diňe Ol oturardy
Käbäniň diwarynyň kölegesinde kureýşlileriň ýolbaşçysy ýörite Abdulmuttalyp üçin ýazylan düşekçe bardy. Abdulmuttalybyň agtyklarynyň hiç biri düşekçäniň üstüne münmän, atalary gelýänçä töwereginde oturyp garaşardylar.
Abdulmuttalyp olaryň hiç birini eline alman, diňe Pygamberimizi (s.a.w) gujaklap, ýanynda, düşekçäniň üstünde oturdardy. Agalary Ony düşekçäniň üstünden düşürjek bolardylar, emma atalary muňa garşy çykyp: «Ogluma zat diýmäň! Men onda örän üýtgeşik halatlar görýärin, görersiňiz ol ilhalar adam bolup ýetişer» diýerdi. Soňra eziz agtygyny düşekçäniň üstünde, gapdaljygynda oturdardy, başyny sypalap, söýgülärdi.[1]
Abdulmuttalyp ukuda ýatyrka, söýgüli Pygamberimizden (s.a.w) başga hiç kim ony oýarmaga het edip bilmezdi. Onuň otagyna Ondan başga hiç kim rugsatsyz girip bilmezdi. Abdulmuttalyp saçagyň başyna geçende, mähriban agtygyny gapdalynda, käwagtam dyzynyň üstünde oturdardy. Naharyň iň tagamlysyny oňa iýdirerdi. Ol gelmese, hiç kime saçagyň başyna geçmäge rugsat bermezdi.
Bir gün Abdulmuttalyp Älemleriň Serwerini (s.a.w) bir düýäni gözlemäge iberdi. Ol geler çende gelmedi. Abdulmuttalyp uly howsala düşdi. Onuň aljyraňňylygy ýüz-gözünden bildirip durdy. Ol derrew Käbä bardy, ellerini asmana galdyryp, Alla ýalbardy: «Eý, Allam! Muhammedimi maňa gaýtaryp bereweri!»
Birsalymdan Pygamberimiz (s.a.w) düýe bilen birlikde gaýdyp geldi. Atasy begenjine Ony bagryna basyp: «Mähriban agtyjagym» diýip gaýtalaýardy. «Men seni ýitensiň öýdüp, gaty gorkdum. Indiden beýläk seni hiç haçan ýanymdan aýyrmaryn, ýeke özüňi hiç ýere ibermerin» diýdi.[2] Hakykatdan hem, şondan soň Abdulmuttalyp dünýeden ötinçä hezreti Muhammedi (s.a.w) hiç wagt ýanyndan aýyrmady.
Seýf Bin Zi Ýezen Pygamberimizden (s.a.w) habar berýär
Abdulmuttalyp ömründe ýekeje gezek janyndan eý gören agtygyndan aýra düşüp görüpdi. Bu şeýle boldy:
Ýemen hökümdary Seýf bin Zi Ýezen kakasynyň ülkesini hebeşilerden yzyna gaýtaryp alyp, Sananyň Gumdan şäherinde tagta çykypdy. Arabystanyň ähli tire-taýpalarynyň ýolbaşçylary ony gutlamaga gelýärdiler. Mekgeden hem Abdulmuttalybyň baştutanlygynda bir topar Gumdana gitmelidi.
Kureýşliler uzak ýoly külterläp, ahrynda Gumdana bardylar. Seýf bin Zi Ýezen olary kabul etdi. Abdulmuttalyp söz nobaty özüne gelende, ol hökümdaryň abraýly maşgalalardan gelýändigi, atalarynyň ile köp ýagşylyklar eden hökümdarlar bolandygy barada aýtdy. Ol gürrüňiniň ahyrynda özleriniň hem haýsy ýerden gelendiklerini bildirmek üçin şeýle diýdi:
– Biz Allanyň eldegirilmesiz hasaplan ýurdunyň halkydyrys, Beýtullanyň hyzmatkärleridiris!
Onuň bu sözleri hökümdaryň ünsüni çekdi. Ol:
– Eý, süýji dilli kişi, sen kimsiň? – diýip sorady. Abdulmuttalyp:
– Men Haşymyň ogly Abdulmuttalyp – diýdi. Onuň bu jogabyny eşiden Seýf birhili, tolgunyp gitdi. Ol Abdulmuttalyby üns bilen synlady-da:
– Onda, siz meniň aýal doganymyň ogly bolýarsyňyz-da? – diýip sorady. Abdulmuttalyp çalaja başyny atdy. Mundan soňra Seýfiň gyzyklanmasy hasam artyp, Abdulmuttalyby ýakynyna çagyrdy. Oňa:
– Biz garyndaş ekenik. Geleniňize örän şat boldum. Siz gije-gündiz söhbet edilmäge, oturyp-turuşmaga mynasyp mertebeli adamsyňyz – diýdi.
Seýf bin Zi Ýezen diňe bir öwgüli sözleri aýtmak bilen oňmady. Ol Abdulmuttalyby bir aýlap köşgünde myhman aldy. Olaryň her güni söhbet bilen geçýärdi. Mukaddes kitaplardan ahyrzamanda geljek pygamberiň sypatlaryny öwrenen Seýf Abdulmuttalyp bilen edýän söhbetlerinden bu barada käbir manylary çykarmaga çalyşýardy. Ahyrsoňy bir gün hiç kim ýok wagty Abdulmuttalyby gizlinlikde ýanyna çagyryp:
– Eý, Abdulmuttalyp! Saňa bir syr aýtjak. Bu syryň saňa degişli taraplary hem bar. Bu biziň köne kitaplardan öwrenen, kesekä eşitdirilmejek örän möhüm syrymyzdyr – diýdi. Abdulmuttalyp geň galyp:
– Nämedir ol? – diýdi. Hökümdar syryny açdy:
– Meniň aýtjak bolyan syrym şu wagtlar dünýäde ýaşap ýören bir çaga hakynda. Ol siz taraplarda, Tihame welaýatynda doglan bolmaly. Iki pilçesiniň arasynda-da bir meň bolmaly. Kakasy, ejesi aradan çykan bolmaly, Ol ilki atasynyň, soňra kakasynyň doganynyň elinde ösüp ulaljak. Ol uly adam bolandan soňra dost-ýarlaryny şat, duşmanlaryny mat eder. Iň mukaddes ýerleri alyp, ynsanlara kyýamat gününe çenli ýol görkeziji bolar. Köp dinleri ýatyryp, butparazlygy ýok edip, diňe Rahman bolan Alla ybadat eder. Onuň sözi kynçylyklary ýeňilleşdirer. Eden işi adalatly bolar, hakykatdan aýrylmaz. Elmydama gowulygy buýrar, ýagşylykda gezer, adamlary erbetlikden gorar.
Bu sözleri eşidip, biraz howsala düşen Abdulmuttalyp hökümdaryň syryny has açygrak aýtmagyny isledi:
– Eý, hökümdar! Ömrüňiz uzak, soltanlygyňyz baky, şan-şöhratyňyz beýik bolsun! Ol çaga hakynda has anygrak düşündirip bilmezmisiňiz?
Hökümdar gürrüňini edýän çaganyň başga-da birnäçe alamatlaryny aýdandan soňra:
– Eý, Abdulmuttalyp! Bu alamatlary aňymda aýlap görýän welin, şol çaganyň atasy sen bolaýma?! – diýdi.
Bu sözleri eşiden Abdulmuttalyp begenjinden ýaňa tolgunyp, dessine sežde etdi. Hökümdar onuň bolşuna haýran galyp seredip durşuna:
– Eý, Abdulmuttalyp! Sen meniň ýaňky aýdan alamatlarymdan bir many çykardyň öýdýän? – diýip sorady. Begenji içine sygmaýan Abdulmuttalyp oňa gürrüň bermäge durdy:
– Eý, hökümdar! Meniň Abdulla atly örän gowy görýän oglum bardy. Oňa kowmumyzdan Wehb bin Abdymenafyň gyzy Eminäni alyp berdim. Olardan bir çaga dünýä indi. Onuň iki pilçesiniň arasynda bir meň bar. Sanan alamatlaryňyzyň hemmesi hem onda bar. Kakasy we ejesi dünýeden ötdüler. Özi hem şu wagt meniň elimde.
Çakynyň dogry çykandygyna begenýän hökümdar Seýf Abdulmuttalyba berkden berk sargyt etdi:
– Agtygyňy örän oňat sakla! Jöhitler Oňa duşmandyr. Olaryň bir zyýany ýetäýmesin. Emma Alla Onun duşmanlarynyň bet pygyllarynyň amala aşmagyna pursat bermez! Meniň köne kitaplarda okap öwrenişime görä, Ýesrib (Medine) Onuň göç etjek ýeridir, şol ýerde Oňa köp ýardam ediler – diýdi.
Seýf bin Zi Ýezen şeýdip, Pygamberimiziň (s.a.w) geljegini habar beripdi.
Birnäçe wagt geçenden soňra hökümdar kureýşlileri sowgat-serpaý bilen ýola saldy. Onuň Abdulmuttalyba eden gadyry beýlekileriňkiden has artykdy. Ugradan wagty oňa: «Agtygyň bilen baglanyşykly üýtgeşiklikleri her ýyl maňa ýetirip durmagyňy senden haýyş edýärin» diýdi. Emma Seýf bin Zi Ýezen Pygamberimiz (s.a.w) hakynda atasyndan hiç hili habar alyp bilmän, bu duşuşykdan soň bir ýyl hem geçmänkä aradan çykdy.[3]
Ýanyndaky ýoldaşlary Abdulmuttalypdan hökümdaryň näme üçin özüne has köp gadyr goýanyny soradylar. Ol diňe: «Muňa kemsinmäň! Elbetde, bir sebäbi bardyr» diýip jogap bermek bilen çäklendi. Bir aýlyk ýolagçylykdan soňra Mekgä baran Abdulmuttalyp mähriban agtygyny guwanç bilen gujaklap, bagryna basdy.
Pygamberimiz (s.a.w) – rahmetiň gelmeginiň sebäbi!
Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) atasy Abdulmuttalybyň ýanynda bolýan wagtlarydy. Şol döwür Mekgede erbet guraklyk bolup, açlyk düşdi.
Abdulmuttalyp Pygamberimizi (s.a.w) hem ýanyna alyp, ogly Ebu Talyp bilen Ebu Kubeýs dagyna çykdy. Bütin kureýşliler hem olaryň yzy bilen gelýärdiler. Abdulmuttalyp ýüzüni Käbä öwürdi we Pygamberimizi (s.a.w) üç gezek ýokary galdyryp: «Eý, Alla! Bu çaganyň hormatyna bize bereketli bir ýagyş ber!» diýip ýalbardy. Älemleriň Serweriniň (s.a.w) hormatyna edilen dileg kabul boldy. Şol pursatda ýagyş damjalary bilen halkyň begenç gözýaşlary bir-birine garyşdy.
Bu bolup geçen wakalar Abdulmuttalybyň agtygyna bolan söýgüsini has-da artdyrdy. Onuň gelejekde beýik ynsan boljakdygy hakyndaky ynamyny, Oňa bolan garaýşyny öňküsinden-de güýçlendirdi. Indi ol mübärek agtygyny sähel salymlyk hem gözden salmaýardy.
Abdulmuttalybyň aradan çykmagy
Ýaşy birçene ýeten Abdulmuttalyp ýarawsyzlyk tapynypdy. Onuň keseli gün-günden güýçlenýärdi. Ol ölüminiň ýakynlandygyny bilýärdi. Onuň ýeke-täk aladasy söýgüli Pygamberimizi (s.a.w) ogullarynyň içinde iň ygtybarlysyna tabşyrmakdy. Şonuň üçin ol ähli ogullaryny ýanyna çagyrdy. Ýadyna ilki Ebu Leheb düşdi. Emma ol doňýürekdi, merhemetsizdi. Muhammedi oňa ynanyp bolmaz. Abbas? Ýok, o-da bolmaz. Onuň çagalary kän. Şolary eýgerse-de bolýar. Hamza bar. Ol hem göwnüne jaý görünmedi. Çünki Hamza ýaşdy, awa gitmegi gowy görerdi. Agtygy bilen isleýşi ýaly aladalanmaga eli degjek däldi.
Ebu Talyp! Ol ahyrsoňy agtygyna howandar tapypdy. Dogry, Ebu Talyp baý däldi, emma kalby ýumşak, çagalaryna hamrak, merhemetli kişidi. Muhammet sallallahu aleýhi weselleme howandarlyk etmäge diňe ol laýyk bolup biljekdi. Abdulmuttalyp göwüne geňeşenden soňra agtygynyň hem pikirini sorap gördi: «Bularyň haýsysynyň ýanynda bolmak isleýärsiň?»
Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) atasynyň sowalyna hereketi bilen jogap berdi. Ýerinden turup, agasy Ebu Talybyň boýnundan gujaklady. Ol kakasynyň dogany Ebu Talyby howandar saýlandygyny şeýdip düşündirdi. Abdulmuttalyp çakynda ýalňyşmandygyna begendi. Soňra Ebu Talyba bakyp: «Ony saňa tabşyrýaryn! Ol Allanyň amanadydyr. Ony janyňdan eý görjekdigiňe, gözüň göreji ýaly gorajakdygyňa söz ber, gözümi açyp gitmeli bolmaýyn» diýdi.
Pygamberimiziň (s.a.w) özüni saýlap tutanyna begenen Ebu Talyp ýaşly gözleri bilen kakasyna seredip, şu jogaby berdi: «Sen hiç alada etme kaka jan! Ony öz çagalarymdan hem artyk görüp saklaryn, janym, malym bilen goraryn. Başym dik bolsa, Ony hiç haçan ynjytmajagyma saňa söz berýärin!» Oglundan razy bolan Abdulmuttalybyň begenjinden gözlerine ýaş aýlandy. Şeýlelikde, Abdulmuttalyp Muhammet sallallahu aleýhi wesellemi Ebu Talyba tabşyrdy.
Hassalygyndan aýňalyp bilmedik Abdulmuttalyp agtygynyň ýylgyryşyndan, söýgüsinden, şatlanyşyndan doýup bilmän, ýaşy segsenden geçensoň gözlerini baky ýumdy.[4] Şol wagt milady senenamasyndan 578-nji ýyldy, pil wakasyndan sekiz ýyl soňdy.
Abdulmuttalybyň aradan çykmagy bilen Mekgäniň bazary birnäçe günläp ýapyk durdy. Kureýşliler örän gowy görýän, çuňňur hormat goýýan ýaşulularynyň dünýeden gaýdanyna çuňňur gynandylar. Bütin kureýşliler onuň tabydyny elden-ele geçirip, Hajun gonamçylygyna alyp gitdiler. Ony atalary Kusaýyň ýanynda depin eden kureýşliler birnäçe günläp ýasly gezdiler.[5]
Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) atasyndan jyda düşenine gynanyp, ýüregi gyýym-gyýym gyýyldy. Bu ýitgi Oňa kakasy bilen ejesiniň ebedi äleme göçüşini ýatladýardy. Pygamberimiz (s.a.w) atasynyň jynazasy okalanda, depin edilende gözýaşlaryny saklap bilmedi, kä horkuldap, käte-de sessiz aglady. Köp ýyllardan soň Pygamberimizden (s.a.w) atasynyň ölümi hakynda soranlarynda: «Hawa, ýadyma düşýär. Ol wagtlar men ýaňy sekiz ýaşymdadym» diýip jogap bererdi.
Pygamberimiziň (s.a.w) sagadatly ömrüniň ilkinji sekiz ýyly bu ajy aýralyklar, gynançdyr hasrat bilen geçipdi. Onuň (s.a.w) ruhy, ýuka ýüregi on ýaşlaryndan başlap, geljekde ýüzbe-ýüz boljak ähli kynçylyklara, başyna düşjek agyr günlere çydamagy üçin hasrat odunda taplanýan ýalydy.
[1] Ibni Hişam. «Sire», t-1 sah.178. Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-118; Belazuri, «Ensab», t-1, sah.81.
[2] Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-112-113.
[3] Ibni Hajer «El-Isabe» t-2, sah. 134-135.
[4] Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-119; Belazuri, «Ensab», t-1, sah.81.
[5] Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-119.