Çagalary yzyna bermek wagty hem gelip ýetdi. Pygamberimiziň (s.a.w) üstünde kökenek gerip, Ony öz çagasyndanam eziz gören Halyma gaýgyly görünýärdi. Çünki hezreti Muhammetden (s.a.w) aýrylmalydy, Onuň jenneti ýatladýan gül ysyndan jyda düşmelidi. Emma Halymanyň Ony ejesine gowşurmakdan başga alajy ýokdy. Şeýle-de etdiler. Olar Muhammedi alyp, Mekgä geldiler, Ony ejesine gaýtaryp berdiler. Süýt emdiren enekäniň dünýäsi gam-gussadan, hakyky enäniň dünýäsi bolsa şatlykdan doldy. Biri çagasyna gowşanyna şatlansa, beýlekisi Ondan aýrylýanyna aglaýardy.
Şol wagt Halyma edil Alla tarapyn ýüregine guýlan ýaly, hezreti Eminä ýalbardy:
– Oglumy ýene-de az wagtlyk meniň ýanymda goýup bilmezmisiňiz? Men Oňa Mekgede mergi keseliniň ýokuşmagyndan gorkýaryn![1]
Bu teklip ýürekdendi. Halymanyň sözleri dilden däl, köňülden joşup gelipdi. Hezreti Emine janyndan syzdyryp ýalbarýan Halymanyň göwnüni ýykyp bilmedi, mähriban perzendiniň ýene-de birsellem sadogullarynyň ýurdunda galmagyna razy boldy.
[1] Ibni Hişam. «Sire», t-1 sah.173. Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-112; Taberi, «Taryh» t-2 sah. 127.