Dört ýaşyny dolduran Pygamberimiziň (s.a.w) bedeni berkäp gujurlanypdy. Bu ýyllaryň dowamynda Onuň bilen baglanyşykly bolup geçen wakalardan hem-de gursagynyň ýarylmagy hadysasyndan soňra Halyma düýpli pikirlenmäge, howsala düşmäge başlady. Ol janyndan eý gören balasynyň başyna birden bir belanyň inmeginden heder edýärdi. Bu gorky Halymany we onuň ýanýoldaşyny «Bir bolmasy iş bolmanka, çagany ejesine gaýtaryp bermeli» diýen netijä gelmäge mejbur etdi. Halymanyň ýüregi gyýym-gyýym gyýylýardy, emma alaçsyzdy. Nurana ýüzli bala oňa amanat berlipdi! Amanada bolsa eýe çykyp bolanokdy!
Sadogullary ýurdunda dört ýyldyr bereketli nuruny saçan Pygamberimiz (s.a.w) mundan beýläk dogduk mekany Mekgäni soňsuz nury bilen ýagtyltjakdy.
Halyma bilen ýoldaşy Mekgä gije geldiler. Ýaňy bir şähere girenleri hem şoldy, olar birdenkä söýgüli Pygamberimizi (s.a.w) ýitirdiler. Uly aljyraňňylyga düşdüler. Hernäçe gözleseler-de, ony tapyp bilmediler. Ahyry gidip, bolan işi Abdulmuttalyba habar bermäge mejbur boldular. Agtygynyň ýitenini eşiden rehimsar ata howsala düşdi. Ol hem agtygyny gözlemäge başlady. Emma tapyp bilmedi. Alaçsyz galan Abdulmuttalyp ellerini asmana galdyryp, Haka ýalbardy:
– Eý, Alla! Maňa Muhammedimi gaýtaryp ber!
Şol wagt hol aňyrdan Aýyň ýagtysyna iki sany adam bilen bir çaganyň sudury göründi. Olar Waraka bin Newfel, ýanynda-da dosty, üçünjisi-de Pygamberimizdi (s.a.w). Abdulmuttalyp zaryny çeken agtygyny bagryna basdy, gül ysyndan doýa-doýa ysgap ganyp bilmedi, ony boýnuna mündürdi. Olar göni Käbä gitdiler we şol ýerde ybadat etdiler. Soňra söýgüli Pygamberimizi (s.a.w) eltip, ejesine tabşyrdylar.[1]
Abdulmuttalyp söýgüli agtygyna gowuşmagynyň şanyna mal soýduryp, Mekge halkyna uly zyýapat berdi. Indi Pygamberimiz (s.a.w) horaşaja bagtyýar öýünde eziz ejesiniň mähirli gujagyndady.
Enekesi Halyma nurana balasyny goýup, ýurduna gaýdyp bardy. Emma olar biri-birilerini hiç haçan unutmadylar. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) özüni dört ýyllap elleriniň aýasynda saklan enekesiniň yhlasyny hiç wagt ýadyndan çykarmady. Ony her görende: «Ejem jan!» diýip ýüzlenerdi, sylag-hormat, hödür-kerem ederdi. Hal-ýagdaýyny, mätäçlik çekýän zadyny sorardy, gerek zady bar bolsa, derrew kömek ederdi.
Aradan ýyllar geçýär. Bir ýyl sadogullary ýurdunda guraklyk, açlyk bolýar. Ahyrynda Halyma bu açlyga çydaman, Mekgä gelýär we Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna barýar. Onuň (s.a.w) bilen görşen Halyma ýurdundaky gahatlykdan zeýrenýär. Şonda söýgüli Pygamberimiziň päk aýaly, jomart enemiz hezreti Hatyja (r.a) Halyma kyrk goýun bilen birlikde ýola münmäge bir düýe hem-de başga-da köp mukdarda azyk-owkat berýär.
Edilen ýagşylygyň gadyryny bilýän, wepadarlygyň nusgasy hezreti Pygamberimiziň durmuşyndan ýene bir wakany gürrüň bereliň: Onuň (s.a.w) süýt emşen uýalarynyň biri-de Halymanyň gyzy Şeýmady. Ol sadogullary ýurdunda Şeýma bilen çagalygynyň iň bagtly günlerini geçiripdi. Bu wakalardan köp ýyl soňra bolan Huneýn söweşinde Şeýma hem musulmanlara ýesir düşýär. Şonda Şeýma özüni Pygamberimize (s.a.w) tanadýar. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hem oňa bir ynsanyň gyz uýasyna edip biljek gadyr-gymmatynyň iň ýokary derejesini görkezýär, ony ýesirlikden azat edip, köp mukdarda mal-mülk bilen öýüne ugradýar.
Pygamberimiz (s.a.w) sahabalarynyň ýanynda enekesi Halymanyň ýanynda geçiren günlerini ýygy-ýygydan ýatlaýardy we şeýle diýerdi: «Men siziň araňyzda iň sap arapdyryn. Çünki men kureýşli. Üstesine-de Beni Sad bin Bekir tiresinde süýt emip ulaldym, dilim-de olaryň dilidir».[2]
Halyma Pygamberimizi (s.a.w) hezreti Eminä getirip giden wagty, Ol (s.a.w) dört ýaşyny dolduryp, bäşine giripdi. Şol wagt senenamanyň sahypalary milady 575-nji ýyly görkezýärdi!
Abdullanyň aýralyk ajysy hezreti Eminäniň ýüregine agyr daş bolup çöküpdi. Bile ýaşaşyp başlanlarynyň ilkinji aýlarynda ýanýoldaşy ebedi äleme göç edipdi. Onuň bu gynanjyny ýeňledýän ýekeje tesellisi gözüniň göreji, ýalňyz balasy Muhammet sallallahu aleýhi wesellemdi. Hezreti Emine perzendini çäksiz söýgüsi, gyzgyz mähri bilen çoýýardy, Oňa ýetimligini bildirmezlige çalyşýardy.
Pygamberimiz (s.a.w) Mekgedäki bagtyýar öýüň nurudy, bereketidi, gülüdi, begenjidi, guwanjydy. Ol kiçiligine garamazdan, ejesine elinden gelen kömegi etmäge çalyşýardy. Onuň aýratyn hem arassaçylyga üns berşine mähriban ene haýran galýardy. Ol ýeke ejesine däl, tanaýanlarynyň ählisine-de hormat goýýardy. Töweregindäki özi ýaly çagalara kömek etmegi gowy görerdi. Şonuň üçin dostlary-da Ony örän gowy görerdiler, Onuň bilen oýnamaga höwes ederdiler.
Hawa, Allatagala gelejekde mukaddes wezipäni egnine aljak söýgüli Resulyny şeýle ajaýyp häsiýetler bilen terbiýeleýärdi.
[1] Ibni Hişam. «Sire», t-1 sah.176.
[2] Ibni Hişam. «Sire», t-1 sah.176. Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-113; Belazuri, «Ensab», t-1, sah.96.