Halyma myradyna ýetipdi! Ol haýyşynyň kabul edilenine çäksiz begenip, Pygamberimiz (s.a.w) bilen birlikde ýene dogduk sährasyna gaýdyp geldi. Älemleriň Serweri (s.a.w) indi düýt emşen dogany Abdulla bilen guzulary örä çykarýardy. Guzular Onuň mähirli ýylgyryşyna mälemeleri bilen jogap berýärdiler.
Pygamberimiziň (s.a.w) gözleri hemişe asmandady. Edil asmandan bir zatlar görjek bolýan ýaly dykgat bilen seredýärdi. Hamala ýokardan bir eliň uzap, özüni soňsuz älemlere äkidäýjek ýaly garaşýardy. Şol wagtlar Pygamberimiziň (s.a.w) üstünde, köplenç, bir bulut saýa salyp gezýärdi. Her gün gaýtalanýan bir geň hadysa göreniň gözüne ilýärdi. Hemmäniň ünsi diňe Ondady. Dillerde Onuň görmegeýligi wasp edilse, köňüllerde Oňa bolan mähir möwç urýardy. Uly iliň gürrüňi Onuň edepliligi, agraslygy hakyndady. Ýaşytdaşlary hem Onuň bilen dost bolmakda basdaşlyk edýärdiler.
Ynha, söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) sadogullary ýaýlasynda günlerini şeýle bagtly, şadyýan geçirýärdi.