Pygamberimiziň (s.a.w) dünýä inmegi

Şol wagtlar bütin Ýer ýüzüni ruhy tümlük gaplap alypdy. Tebigat edilýän zulumlardan, wagşylyklardan ýaňa matama bürenipdi. Gözýaş dökýän diňe gözler däl, ruhlar, ýürekler hem göz bilen bile aglaýardy. Ýüregiň, ruhuň gussasyna älem hem goşulypdy. Edil umumy ýas yglan edilen ýalydy.

Ýer ýüzi bagtyýarlygyň, şatlygyň, asudalygyň gözbaşy bolan towhyd[1] ynanjyndan mahrumdy. Küpür, köphudaýlylyk adamlaryň ruhlaryny, kalplaryny gysyp gowrupdy. Köňüllerde ýeke-täk Allanyň ýerine birnäçe toslama taňrylar orun alypdy! Çar ýanda hakyky Eýesini gözleýän ruhlaryň perýady ýaňlanýardy.

Ynsanlar biri-birini iýýän ýyrtyjy haýwanlar ýaly wagşylaşyp, küpür, köphudaýlylyk, dinsizlikdir zulum batgalyklarynda heläk bolýardylar. Biçäreler zalymlaryň gamçysynyň astynda iňleýärdiler. Älem gamgyn, barlyklar gamgyn, köňüller gamgyn, keşpler gamgyndy. Küpür, köphudaýlylyk, dinsizlik, gam-gussa, kynçylyklar ynsanyň akylyny, ruhuny, kalbyny gysajyna alyp, bar güýji bilen owýardy.

Ynsanyň ýaşaýşynyň mundan beýläk şeýle ýagdaýda dowam etmegine Allanyň soňsuz merhemeti, elbetde, ýol bermejekdi! Keremli Allatagala bu zatlaryň ählisiniň soňuna çykjak bir Şahsy, elbetde, iberjekdi! Ynha, bu gün şol arzylanyp garaşylan Şahsyýet (s.a.w) gelýärdi! Nury bilen dünýäniň ruhy halatyny gowulyga tarap üýtgetjek ynsan – Allanyň iň soňky Pygamberi (s.a.w) gelýärdi! Ynsu-jynsa ebedi bagtyň ýoluny görkezjek hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellem gelýärdi! Bütin älem hormat bilen söýgüli Pygamberine (s.a.w) garaşýardy. Her bir barlyk özüne mahsus dili, hal-hereketi bilen bu taýsyz ynsana «Hoş geldiň!» diýmek üçin taýýarlanýardy.

Şol gün milady senenamasyndan 571-nji ýylyň aprel aýynyň ýigrimisidi. Pil wakasynyň elli ýa-da elli bäş gün yz ýany, kamary hasabyndan rebiýelewwel aýynyň on ikinji gijesi, duşenbe güni, günüň iň ajaýyp çagy bolan säher wagty Mekgede sadaja bir öýde beýik hadysa bolup geçdi: Älemleriň Serweri hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellem dünýä indi. Onuň dünýä inmegi bilen bütin älem şatlyk-şagalaň bilen dolup-daşdy. Tümlükler şol pursat nur bilen ýagtyldy. Älem-jahan çäksiz begenç bilen:

Dogdy bu sagatda Soltany-Din,

Nurlara gark boldy asmanu-zemin – diýip gygyrdy.


[1] Towhyd – birlemek, bir Alladan başga ylahyň ýokdugyna ynanmak.