Resulyna (s.a.w) gowşan älem indi arkaýyndy. Adamzadyň kalbyna nur we huzur berjek ogly gursagynda göteren Arabystanyň ýüregi begenjinden edil duraýjak ýalydy. Älemiň iň uly hadysasynyň bolup geçen ýeri bolan Mekge edil soňsuz äleme sary uçaýjak ýaly heýjana düşüpdi.
Eminäniň begenjiniň çägi ýokdy. Nurana bäbejiginiň mähirli ýylgyryşlary oňa ýanýoldaşyndan jyda düşmegiň hasratyny az-kem unutdyrýardy. Bäbejigi Eminä geljege-de umytly garamaga kuwwat berýän ýeke-täk tesellidi.
Emine bagtyýar bäbegini diňe birje hepde emdirip bildi. Mundan soňra Ebu Lehebiň gyrnagy Süweýbe hatyn Älemleriň Serwerine (s.a.w) eneke bolup, Ony birnäçe günläp emdirdi.[1] Süweýbe hatyn öň hezreti Hamzany (r.a) hem emdiripdi. Şeýlelikde, hezreti Hamza (r.a) hem-ä Pygamberimiziň (s.a.w) kakasy bilen dogan bolmak, hem-de Onuň (s.a.w) özi bilen süýt emşen dogan bolmak bagtyna miýesser bolupdy.
Özüne edilen ýagşylyklaryň iň kiçijigini-de unutmaýan, ony gaýtargysyz goýmaýan, wepadarlygyň janly nusgasy Älemleriň Serweri (s.a.w) özüni az wagtlyk emdiren Süweýbe hatyny bütin ömrüne unutmady. Onuň bilen ýygy-ýygydan görşerdi, oňa elinden gelen ýagşylygyny gaýgymazdy, hoş söz bilen göwnüni alardy, sahylyk bilen hödür-kerem ederdi. Hawa, wepadarlyk Älemleriň Serweriniň (s.a.w) getiren gözel ahlagynyň özenidi. Ol bütin ömründe wepadarlykdan zerre ýalyjagam aýrylmady.
Pyagmberimiziň (s.a.w) wepadarlyk mekdebinde ýetişen mübärek enemiz Hatyjaýy-Kübra (r.a) hem öýüne ýygy-ýygydan gelip gidýän Süweýbe hatyny satyn alyp, gyrnaklykdan azat etmek isledi. Emma Ebu Leheb muňa razy bolmady. Ol haçanda Resuly-Ekrem (s.a.w) Medinä göçenden soň, Süweýbäni azat etdi.[2] Ebu Leheb Pygamberimiziň (s.a.w) kakasynyň doganydy. Ol butparazlygy terk edip bilmän, Resuly-Kerimiň (s.a.w) pygamberligini kabul etmedi. Gaýta, ömri ötinçä Oňa duşman boldy. Şol sebäpden ol Allanyň näletine uçrady we gyrnagy Süweýbäniň dyrnagyça-da gadyr gazanyp bilmedi. Hatda ahyretde onuň jezasynyň Süweýbe hatyn üçin biraz ýeňledilendigi aýdylýar. Ony ölenden soňra jähennemiň elhenç azabyndan ýaňa perýat edýändigini düýşünde görenler bolupdyr. Ondan: «Näme üçin perýat edýäň? Näme boldy?» diýip soranlarynda, Ebu Leheb: «Näme bolar öýdýäň, suwsuzlyk meni ýakyp gowurýar! Ömrüm boýy eden işlerimden hiç hili haýyr görmedim. Diňe ýekeje amalymdan haýyr tapdym. Ol hem, Muhammedi emdiren Süweýbäni azat edenim üçin şu ýerden sorup, az-kem teşneligimi gandyrmak bagty miýesser etdi» diýip, sag eliniň başam barmagyny görkezipdir.[3] Bu hadysa, hakykatdan hem, oýlandyryjydy. Göz öňüne getirip görüň: bütin ömri Älemleriň Serwerine (s.a.w) ezýet bermek bilen geçen Ebu Leheb ýaly azgyn yslam duşmany diňe Pygamberimizi (s.a.w) emdiren Süweýbe hatyny azat edeni üçin ylahy lutfy-kereme we mynasyp bolup, jähennem azaby azajygam bolsa ýeňledilýär! Diýmek, Allatagala rahmeti we keremi bilen diňe söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) Özüne däl, Oňa hyzmat edenlere edilen ýagşylyklary hem gaýtargysyz goýmaýardy. Mundan çen tutup, her bir meselede Älemleriň Serwerini (s.a.w) özlerine ymam, ýol görkeziji edinip, Onuň (s.a.w) sünnetine eýeren hakyky müminlere ebedi älemde nähili uly peşgeşleriň, ylahy nygmatlaryň taýýarlanandygyny pikir edip görüň!
[1] Ibni Sad, «Tabakat» t-1, sah-108; Belazuri, «Ensab» t-1, sah. 42.
[2] Ibni Sad, Tabakapg t-1, sah-108.
[3] Ibni Sad, «Tabakat» t-1, sah-108.