Pygamberimiz (s.a.w) on ýaşapdy. Bir gün Ol özüne hossarlyk edip, ekläp-saklaýan agasy Ebu Talyba goýun-geçilerini bakmak isleýändigini aýtdy. Ony janyndan gowy görýän agasy muňa birbada razy bolmady. Emma Pygamberimiz (s.a.w) gaýtalap, haýyş edip duransoň nälaç razylaşdy. Ýöne aýaly Fatyma hatyn welin, kes-kelläm göwnemedi. Gözleriniň göreji ýaly aýap saklaýan Älemleriň Serweriniň (s.a.w) depäňi deşip barýan Günüň aşagynda malyň yzynda gezmegine razy bolmady. Emma Pygamberimiz (s.a.w) bu işi ýüregine düwüpdi. Şeýle bolansoň, Ol Fatyma hatyny-da razy etdi.
Pygamberimiz (s.a.w) indi her gün ir bilen Mekgäniň etegindäki derelere, depelere goýun-geçi bakmaga giderdi. Şeýlelikde, öňem güzeranyny zordan aýlaýan agasyny, iň bolmanda, çopana etjek çykdaýjysyndan dyndarypdy. Üstesine-de Ol (s.a.w) ýeke özi gezmäge, pikir etmäge mümkinçilik tapypdy. Ol (s.a.w) giň sährada oturyp, Allatagalanyň hemişe täzeläp durýan Ýer we asman sahypalaryndaky beýik wakalara seredip pikir edýärdi, ruhy olardan çäksiz lezzet alýardy. Çopançylyk etmek Oňa ahlagy bozulan jemgyýetiň ýalan, hile, galplyk, ikiýüzlülik bilen garym-gatym ýaşaýyşlaryndan daş durmaga-da mümkinçilik döredýärdi.
Çagalygynda bir müddet goýun bakan Pygamberimiz (s.a.w) wahyý gelenden soňra, sahabalary bilen bir gün sähra çykypdylar. Olar Merruzzahran diýen ýerde miswak agajynyň miwelerini ýygnaýardylar. Ol (s.a.w) sahabalara garap ýylgyrdy, yzyndanam şeýle diýdi: «Siz bu ýabany miweleriň garasyny saýlaň! Çünki garalary iň tagamlylarydyr». Sahabalar haýran galyp: «Ýa Resulalla! Bu miweleriň gowusyny, erbedini diňe çopanlar biler, ýa Siz hem goýun bakdyňyzmy?» diýdiler. Pygamberimiz (s.a.w) ýylgyryp: «Şu wagta çenli gelen pygamberleriň içinde goýun bakmadygy ýokdur» diýip jogap berdi.[1]
Başga bir gün Pygamberimiz (s.a.w) ömür depderine süýji ýatlama bolup giren çopançylyk ýyllaryny ýatlap, şeýle diýdi: «Musa pygamber edilip iberildi, goýun bakardy. Dawut pygamber edilip iberildi, goýun bakardy. Men hem pygamber edilip iberildim, men goýunlarymyzy Jiýadda (Mekgäniň aşak tarapynda bir ýer) bakardym».[2]
Kuranda «Kämil ahlagyň eýesi» diýlip taryp edilen Pygamberimiziň (s.a.w) entek on ýaşamadyk hem bolsa, boş oturmagy, başgalara ýük bolmagy halamandygy ýokarky ýatlamalaryndan belli bolýar. Onuň (s.a.w) şu mübärek sözlerinden hem goýun bakmagyň tejribesini görmek mümkindir: «Hemmäňiz çopansyňyz. Öz ygtyýaryňyzdaky kişilerden, mal-mülküňizden jogapkärsiňiz. Döwlet ýolbaşçysy raýatlaryndan jogapkärdir. Adam öz aýalyny we eklenjindäkileri goramaga borçludyr, olardan jogapkärdir. Aýal adamsynyň öýünden jogapkärdir. Talaban eýesiniň mallarynyň goragçysydyr, olardan jogapkärdir. Kişi atasynyň mallarynyň goragçysydyr we olardan jogapkärdir. Hemmäňiz öz ygtyýaryňyzdakylardan jogapkärsiňiz».[3]
[1] Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-125-126; Buhary, ««Sahyh»», t-2 sah.247-248; Müslim ««Sahyh»», t-6 sah. 125; Ibni Maje, «Sünen» t-2, sah. 727
[2] Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-126.
[3] Müslim, ««Sahyh»» t-6, sah.8.