Ajaýyp bahar günleriniň birinde Pygamberimiz (s.a.w) süýt emşen dogany Abdulla bilen birlikde öýleriniň ýakynyndaky otluk meýdanda guzularyny bakyp ýördi. Gün guşluga galypdy. Çagalar bir agajyň aşagynda oturyp gürrüň edýärdiler. Biraz wagtdan Abdulla agajyň salkyn kölegesinde uklady.
Älemleriň Serweri (s.a.w) oturan ýerinden älem-jahany taýsyz gözellikler bilen dolduran Ýaradyjysy hakynda pikir edýärdi. Şol wagt otlap ýören goýunlar hem ýaýrap daşlaşypdylar. Pygamberimiz olary gaýtarmak üçin Abdullanyň ýanyndan turdy. Birneme ýöräni hem şoldy. Onuň öňünden ak eşikli iki sany adam çykdy. Olaryň ikisi-de güler ýüzli, mylaýym kişilerdi. Biriniň elinde içi gardan doly altyn tabak bardy. Olar usullyk bilen Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna geldiler. Ony tutup, çemenzarlygyň üstünde ýatyrdylar. Pygamberimizde (s.a.w) ne ses, ne seda, ne-de aljyraňlylyk bardy. Ol bu nurana ýüzli adamlardan özüne erbetlik ýetmejegini bilýärdi.
Şol pursat agajyň saýasynda uklap ýatan Abdulla oýandy. Ol turandan hezreti Muhammediň (s.a.w) ýanyndaky kişileri gördi. Bolup duran zatlardan gorkup, öýlerine tarap ylgady. Görenlerini ejesi-kakasyna gürrüň berdi. Howsala düşen Halyma bilen adamsy gyssanjyna öýlerinden nähili çykanlaryny hem bilmän ylgaşlap, Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna eňdiler. Emma Abdullanyň gürrüň beren zatlaryndan nam-nyşan ýokdy. Töwerekde hiç-hili del adam görnenokdy. Gelen kişiler öz etmeli işlerini bitirip, gözden gaýyp bolupdylar. Aýak üstünde duran Pygamberimiz (s.a.w) çalaja ýylgyrýardy. Onuň meňzi saralypdy. Oňa bolmasy bir zat bolandyr öýdüp janlary bokurdagyna gelen Halyma bilen adamsy:
– Saňa näme boldy, balam? – diýip soradylar. Älemleriň Serweri (s.a.w) başyndan geçiren wakany olara gürrüň berdi:
– Ýanyma ak eşikli iki sany adam geldi. Biriniň elinde içi gardan doly altyn tabak bardy. Olar meni ýerde ýatyrdylar, yzyndanam döşümi ýardylar. Ýüregimi çykaryp dildiler. Ondan gara gandan doly bölejigi alyp, bir ýana zyňdylar. Gursagymy, ýüregimi gar bilen arassalanlaryndan soňra-da gaýyp boldular.[1]
Aradan ýyllar geçýär. Oňa (s.a.w) pygamberlik wahyýy gelýär. Bir gün sahabalar:
– Ýa, Resulalla! Bize Özüň barada gürrüň beräýseňiz – diýýärler. Resulalla (s.a.w):
– Men atam Ybraýymyň dilegidirin. Doganym Isanyň buşlugydyryn. Ejemiň bolsa düýşüdirin. Ol entek maňa göwrelikä özünden bir nuruň çykyp, Şamyň köşklerini ýagtyldandygyny görüpdir – diýenden soňra ýokarda agzalan wakany şeýle gürrüň berýär: – Men Sad bin Bekir ogullarynyň ýanynda ösüp ulaldym. Bir gün süýt emşen doganym bilen öýümiziň golaýynda goýunlarymyzy bakyp ýördük. Şol wagt ýanyma ak eşikli iki sany adam geldi. Biriniň elinde içi gardan doly altyn tabak bardy. Meni ýerde ýatyryp, döşümi ýardylar. Ýüregimi dildiler. Ondan gara gan bölegini çykaryp zyňdylar. Soňra gursagymy we ýüregimi gar bilen arassaladylar.[2]
Bu hadysada Pygamberimiziň (s.a.w) kalbyna Alla tarapyn bir nur, ruhuna-da rahatlyk berlipdi. Şol bir wagtyň özünde-de Pygamberimiziň (s.a.w) nebsi baryp şol kiçijik wagty mukaddes duýgular, ylahy nurlar bilen kuwwatlandyrylyp, her dürli was-wasdan, şübhelerden arassalanypdy. Bu ýerde şuny ýatlatmak gerek: ýürek ýöne bir arça agajynyň gozasyna meňzeş et bölegi diýip pikir edilmeli däldir. Ol bir latifeýi-rabbaniýeden, ýagny Allany ýatladýan duýgulardan ybaratdyr. Bu düşünjäni has aýdyňlaşdyrmak üçin, Bediüzzaman Said Nursi hezretleriniň kalp bilen baglanyşykly düşündirişine göz aýlalyň: «Ýürek diýlende, göz öňünde tutulýan zat arçanyň gozasyna meňzeş et bölejigi däldir. Ýürekde Allany ýatladýan duýgular ýerleşendir. Ýürek duýgularyň döreýän ýeri bolan wyždan bilen pikirleriň şöhlelenýän ýeri bolan beýnini özünde birikdirýär. Allany ýatladýan duýgulardan ybarat bolan bu et bölejigi «kalp» diýlip atlandyrylyp, ondan şeýle many gelip çykýar: Allany ýatladýan duýgular adamyň ruhuna nähili hyzmat edýän bolsa, ýürek hem onuň bedenine maddy hyzmat edýär. Ynsanyň bedenine dirilik berýän zat ýürekdir. Ol bedeniň hereketlendiriji güýjüdir we maddy ömür ýüregiň işlemegi bilen dowam edýär. Bu hereketlendiriji güýç duran wagty, beden hem ýaşamagyny bes edýär. Görşüňiz ýaly, Allany ýatladýan duýgular ynsanyň iş, ýagdaý we hal-hereketleriniň hemmesini iman nury bilen diri saklaýandyr. Iman nurunyň sönmegi bilen bolsa, Allany ýatladýan duýgular tende ýaşamagyny bes edip, ynsanyň bedeni gezip ýören diri jesede öwrülýär».[3]
Bu sözlerden şeýle many gelip çykýar: ýürek ylym, iman, hikmet, rehim-şepagat ýaly ruhy duýgular bilen aýrylmaz gatnaşykdadyr. Şol bir wagtyň özünde-de, beden tämizligi ruhy tämizlik bilen berk baglanyşyklydyr. Pygamberimiziň (s.a.w) kalbynyň arassalanylyp, ylym, hikmet, bereket we ylahy nur bilen doldurylmagy hem şol sebäplidir.[4]
[1] Ibni Hişam. «Sire», t-1 sah.174. Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-112; Taberi, «Taryh» t-2 sah. 128.
[2] Ibni Hişam. «Sire», t-1 sah.175. Taberi, «Taryh» t-2 sah. 128.
[3] Bediüzzaman Said Nursi, «Işaratül-Ijaz» sah.79
[4] Ser: Muhammed Hamdi Ýazyr, «Hak Dini Kuran dili» t-8, sah. 5911-5915.