Pygamberimiziň (s.a.w) hezreti Alyny (r.a) ýanyna almagy

Pygamberimiz (s.a.w) otuz alty ýaşyndady. Milady ýyl hasabyna görä, 607-nji ýyldy. Şol ýyl Mekgede erbet gurakçylyk boldy. Munuňam yzy açlyga ýazdy. Köp çagaly nijeme maşgala garyplykdan ýaňa gününi aýlap bilenokdy. Şeýle maşgalalaryň biri hem Pygamberimiziň (s.a.w) agasy Ebu Talybyň maşgalasydy.

Älemleriň Serweri (s.a.w) özüne edilen ýagşylyklary hiç haçan unutmaýardy. Özüne bildirilen gadyr-gymmaty, sylag-hormaty gaýtargysyz goýmaýardy. Onuň (s.a.w) kalby dolup-daşyp akýan merhemet çeşmesi ýalydy. Ynha, Oňa gaty köp ýagşylyk eden bir maşgala kömek edilmäge mätäç ýagdaýdady. Çagalygyndan başlap, mähirli ganatlarynyň aşagynda penalap ulaldan agasy şeýle kyn gündekä, Pygamberimiz (s.a.w) neneň edip arkaýyn ýatsyn, neneň kömege ýetişmesin?! Ol agasyna kömek etmegiň alajyny gözledi. Gün-güzerany gowy bolan beýleki bir agasy hezreti Abbasyň ýanyna ylgady. Ýagdaýy oňa gürrüň berdi. Kyn güne düşen Ebu Talyba ellerinden gelen kömegi etmelidigini, onuň ýüküni azajyk hem bolsa ýeňletmelidigiini aýtdy. Hezreti Abbas Pygamberimiziň (s.a.w) aýdanlaryny makullady. Şondan soňra ikisi tirkeşip, Ebu Talybyň ýanyna bardylar. Olaryň maksady Ebu Talybyň çagalaryny öz ýanlaryna almakdy. Olaryň bu niýetini Ebu Talyp hem oňlady. Pygamberimiz (s.a.w) özüniň at dakany hezreti Alyny, hezreti Abbas hem hezreti Jaferi ýanyna aldy.[1] Şol wagtlar hezreti Aly (r.a) dört-bäş ýaşlaryndady. Ýaşlykdan Resulallanyň (s.a.w) howandarlygynda ulalmak hezreti Aly (r.a) üçin taýsyz bagtdy. Hezreti Aly ýaşlygyndan Onuň (s.a.w) terbiýesini aldy, yslama çagyrylan wagty bolsa, iman getirip, musulman boldy. Dokuz-on ýaşlarynda iman getiren hezreti Aly (r.a) ilkinji musulman çaga diýen belent mertebä eýe bolupdy.[2]


[1] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 263.

[2] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 262. Taberi, «Taryh», t-2, sah. 213.