Pygamberimiziň (s.a.w) hezreti Hatyja öýlenmegi

Hezreti Hatyja (r.a) Älemleriň Serwerini (s.a.w) çagalygyndan bäri tanaýardy. Şama iberjek harytlaryny ynanyp, iş salyşmagy bolsa Ony hasam ýakyndan tanamagyna sebäp bolupdy.

Hezreti Hatyja (r.a) abraýy, päkligi, owadanlygy, baýlygy jähetinden kureýş taýpasynyň iň saýlantgy zenanlarynyň biridi. Şol wagta çenli tiresinden örän köp kişi söz aýdyp, sawçylyga gelen hem bolsa, olaryň ählisini yzyna gaýtarypdy. Durmuşa çykmagy bütinleý goýbolsun edipdi.[1] Emma täleýi bu gün ony üýtgeşik bir ynsan bilen ýüzbe-ýüz edipdi. Ol (s.a.w) ruhundaky ajaýyplygy keşbinde şöhlelenýän, köňlündäki söýgüsi ýylgyryşynda görünýän, zehinindäki çuňňur pikirleri daşyna hakykat bolup ýalkym saçýan ynsandy. Öňler ähli kureýş baýlarynyň goş birikdirmek hakyndaky teklibini ret eden, durmuşa çykmak pikirini hyýalyna-da getirmeýän hezreti Hatyja (r.a) bu taýsyz ynsan bilen ýakyndan tanşandan soň, öňki pikirinden el çekdi. Ýazgyt bu iki şahsyýetiň ýüreklerini bir-birine ýakynlaşdyrmak isleýärdi. Kureýşiň ygtyýarly adamlary, barjamly baýlary hezreti Hatyja hernäçe öýlenmek isleseler-de, ýazgyt öz hökümini durmuşa geçirýärdi.

Hezreti Hatyjanyň (r.a) teklibi

Durmuş gurmak teklibi ilki hezreti Hatyjadan (r.a) geldi. Hawa, hakykatdan-da bu teklip päkligi, namysjaňlygy bilen tanalýan, belent ahlagyndan ötri jahylyýet döwründe-de «Tahire» lakamy bilen belli bu päkize zenandan gelipdi.

Teklibi hezreti Muhammede (s.a.w) ýetiren hezreti Hatyjanyň ýakyn jorasy Münýe gyzy Nefisedi. Onuň bilen Pygamberimiziň (s.a.w) arasynda şeýle gepleşik geçdi:

– Eý, Muhammet! Saňa öýlenmäge päsgel berýän zat näme?

– Toý edäýmäge üýtgeşik zadym ýok.

– Eger bu meseläň çözülse, üstesine-de mal-mülküniň köplügi, owadanlygy, päkligi bilen tanalýan bir zenandan teklip gelse, kabul edermiň?

– Kim ol?

– Hüweýlidiň gyzy Hatyja.

– Emma bu nähili başa barar?

– Bu işi maňa tabşyr!

– Onuň ýaly bolsa, men garşy däl.[2]

Nefise Pygamberimiz (s.a.w) bilen eden gürrüňini begene-begene hezreti Hatyja gürrüň berdi. Hezreti Hatyjanyň-da (r.a) hoşallygy ýüzünden bildirip durdy. Soňra ol Pygamberimize (s.a.w) şeýle habar iberdi: «Eý agamyň ogly! Sen meniň garyndaşym bolanyň üçin,* kowmumyzyň içinde iň abraýly, ynamdar, ahlakly, dogry sözli bolanyň üçin saňa durmuşa çykmak isleýärin!»[3]

Pygamberimiz (s.a.w) bu habary Ebu Talyba ýetirdi. Muňa örän şat bolan Ebu Talyp hem bu teklibi makullady.

Toý

Toýuň sähedi hezreti Hatyja (r.a) tarapyndan bellenildi. Toý hem onuň öýünde bolmalydy. Belleşilen gün hezreti Pygamberimiz (s.a.w) agalary, aýal doganlary we haşymogullarynyň abraýly adamlarynyň birnäçesi bilen hezreti Hatyjanyň (r.a) öýüne geldi. Toý üçin zerur zatlaryň ählisi hezreti Hatyja (r.a) tarapyndan taýýar edilipdi. Goýunlar öldürilip, naharlar ataryldy.

Nahar iýlip bolansoň, adata görä, gezek iki tarapyň ýaşulularynyň gepleşigine gelipdi. Hezreti Hatyjanyn kakasy Fijar söweşinde aradan çykypdy. Şonuň üçin bu toýda onuň kakasynyň ýerine agasy Amr bin Esed wekilçilik edýärdi.

Adata laýyklykda, ilkinji sözi Ebu Talyp aldy. Ol ýerinden turup, şeýle diýdi:

– Alla näçe şükür etsek azdyr! Ol bizi Ybraýymyň zürýatlaryndan, Ysmaýylyň sulbundan, Maadyň neslinden, Mudaryň aslyndan ýaratdy. Gürrüňimiň asyl maksadyna gelsem, doganymyň ogly Muhammet bin Abdulla, bilşiňiz ýaly siziň hem garyndaşyňyzdyr. Kureýşden hiç bir ýigidi onuň bilen deňeşdirip bolmaz. Ol at-abraý, akyl-paýhas taýyndan olaryň ählisinden ýokardadyr! Dogry, maly az. Emma mal diýeniň näme? Geçip gidýän bir kölege, çalşykly çemçe ýaly bir zat! Allanyň adyndan kasam edýärin, mundan soňra Onuň mertebesi hasam beýgeler! Ol siziň maşgalaňyz Hatyja öýlenmek isleýär. Galyň üçinem ýigrimi düýe berýär.

Ebu Talyp sözüni tamamlandan soň, Hatyjanyň agasynyň ogly Waraka bin Newfel ýerinden turup, şeýle diýdi:

– Alla näçe şükür etsegem azdyr! Ol bize aýdyşyňdan-da has köp artykmaçlyklar berdi. Biz hem siziň bilen garyndaşlyk açmak isleýäris. Eý, kureýşliler! Şaýat boluň, men Hüweýlidiň gyzy Hatyjany ýaňky aýdylan galyň bilen Muhammet bin Abdulla nikalap berýärin!

Waraka bin Newfel gepläp bolandan soňra, Ebu Talyp hezreti Hatyjanyň agasy Amr bin Esediň-de söz sözlemegini isledi. Amr hem ýerinden turup:

– Eý, kureýşliler! Eý, şu toýa gatnaşýanlar, şaýat boluň! Men hem Muhammet bin Abdulla Hüweýlidiň gyzy Hatyjany nikaladym – diýdi.

Şeýlelikde, kethudalar kureýşli zenanlaryň içinde iň mertebelisi Hüweýlidiň gyzy Hatyja bilen Älemleriň Serweriniň (s.a.w) nikasyny gyýdylar. Şol wagtlar hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ýigrimi bäş, hezreti Hatyja bolsa kyrk ýaşlaryndady. Toýlary milady ýyl hasaby bilen 595-nji ýyla gabat gelýärdi. Bu toý Pygamberimize (s.a.w) wahyý gelmeginden on bäş ýyl öň bolupdy.

Mundan soňra Pygamberimiz (s.a.w) gelnini alyp, Ebu Talybyň öýüne geldi. Bu ýerde hem kiçiräk toý etdiler. Iki sany düýe soýlup, halka zyýapat berildi. Ebu Talyp hem bu toýuň şanyna düýe soýduryp, halka zyýapat berdi. Ol çatynjalary garşylamaga çykanda, begenjinden gözýaşyny döküp: «Bizden ähli muşakgatlary gideren Alla näçe şükür etsegem azdyr» diýdi.

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Hatyja (r.a) bilen Ebu Talybyň öýünde birnäçe gün bolandan soňra ýene Hatyjanyň öýüne gitdiler. Olar şol ýerde ýaşamagy makul bilipdiler. Älemleriň Serweri (s.a.w) «Hatyjaýy-Kübra» diýip at beren asylly, päkize ýanýoldaşyny başyna täç eýledi, ol dünýede dirikä başga birine öýlenmedi.[4] Ähli tesellini, bütin bagty onuň öýünde tapdy.

Pygamberimize (s.a.w) kakasyndan uly miras galmandy. Köp ýyllaryň dowamynda özüne howandarlyk eden agasy Ebu Talyp hem garypdy. Şonuň üçin Ol (s.a.w) hezreti Hatyja (r.a) öýlenýänçä, kynçylykly günlerde ýaşapdy. Öýlenenden soňra hezreti Hatyjanyň (r.a) baýlygy bilen söwda etdi, rysgy gün-günden artdy, eli ýeten ýerine uzady. Emma Ol (s.a.w) näçe barjamly hem bolsa, elpe-şelpelikde ýaşamaga höwes etmedi. Öňki pespäl, sada ýaşaýşynda ýaşady. Onuň kalbynda dünýe malyna orun ýokdy. Onuň belent ruhy mukaddes duýgular bilen doludy.

Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) hezreti Hatyjaýy-Kübradan (r.a) Kasym, Zeýnep, Rukiýýe, Fatyma, Ümmü Gülsüm, Abdulla (Taýýib) we Tahir atly ýedi sany perzendi boldy.[5] Bu bagtly maşgalada Älemleriň Serweri (s.a.w) bilen hezreti Hatyja (r.a) bir-birilerine bal bilen ýag kimin garyşyp-gatyşypdylar. Bu maşgalada birek-birege bolan sarsmaz ynam, sylag-hormat, muhabbet höküm sürýärdi. Hezreti Hatyja (r.a) Älemleriň Serwerinden (s.a.w) on bäş ýaş uly bolsa-da, Oňa (s.a.w) aýratyn hormat goýýardy, sarpasyny belent tutýardy. Pygamberimiziň (s.a.w) hem mähriban ýanýoldaşyna bolan söýgüsi çäksizdi.

Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Hatyjanyň (r.a) keremliligini, haýyr-sahawatlylygyny, özüne eden ähli kömeklerini hemişe ýatlardy. Hatda hezreti Aýşa enemize (r.a): «Hatyjadan başga Resulallanyň (s.a.w) zenanlarynyň hiç birine gabanjaňlyk etmedim»[6] diýdirjek derejede ýygy-ýygydan ýatlardy.

Neneň ýatlamasyn! Ol sekiz çagasynyň birinden galanynyň ejesidi. Hemme kişi Özüne (s.a.w) duşman wagty, ol ýardam elini uzadypdy. Her dürli kynçylyklar çekýän wagty ýüregine teselli beripdi. Hemme kişiniň Özünden ýüz öwren wagty, ol hiç haçan ýanyndan aýrylmandy.

Pygamberimiz (s.a.w) zenanlyk äleminiň soltany, kämil ahlakly mähriban ýassykdaşyny hiç wagt unutmady, hemişe ýagşylykda ýatlady.


[1] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 201. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 131.

[2] Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah.131.

* Kaka tarapyndan arkasy Pygamberimiziň (s.a.w) atalaryndan Kusaýda birleşýär. Eje tarapyndan arkasy bolsa, ýene-de Pygamberimiziň atalaryndan bolan Lüeýde birleşýär.

[3] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 200-201. Taberi, «Taryh», t-2, sah 197.

[4] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 201.

[5] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 202. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah.133.

[6] Muslim, ««Sahyh»», t-7, sah. 133.