Pygamberimiz (s.a.w) Medinede gününi örän şadyýan geçirýärdi. Ol bir gün enekesi Ümmi Eýmen bilen öýüň öňünde otyrdylar. Şol wagt köçeden ruhany geýimli iki sany jöhit geçip barýardy. Birdenkä olaryň nazary Pygamberimize (s.a.w) kaklyşdy. Jöhitler Oňa üns bilen seretdiler. Pygamberimiz (s.a.w) olaryň seredişinden ynjalyksyzlanyp, içerik girdi. Jöhitler geçip gidibermediler. Olar Ümmi Eýmenden:
– Ol oglanyň ady näme? – diýip soradylar. Ümmi Eýmen olary tanamansoň, howatyrlanyp ugrady. Şonuň üçin olaryň özüne sowal bilen ýüzlendi:
– Näme üçin soraýarsyňyz?!
Jöhitler:
– Biziň tanaýan bir oglanymyza meňzedi-de, şonuň üçin soraýdyk. Haýyş edýäris, siz bize onuň adyny aýdyň – diýdiler. Ümmi Eýmen şondan soňra azda-kände ynjalyp:
– Onuň ady Ahmetdir – diýdi. Iki jöhit bu jogapdan soňra gözleýänlerini tapan ýaly bir-birlerine ýylgyryp seredişdiler. Soňra olar Ümmi Eýmene ýalbarmaga durdular:
– Haýyş edýäris, Ony bu ýere çagyrsaňyz-la!
Ümmi Eýmen içinden: «Bular Ony näme etjekkäler?» diýip howsala düşdi. Jöhitleriň biri Ümmi Eýmeni köşeşdirdi:
– Biziň ýüregimizde gowulykdan başga niýet ýok. Hiç kime zyýan etmek pikirimizem ýok. Alla üçin Ony söýýäris, diňe şu ýere çagyrmagyňy isleýäris.
Ümmi Eýmen olaryň göwnüni ýykmady. Içeri girip, Pygamberimizi (s.a.w) daşaryk alyp çykdy. Pygamberimizi (s.a.w) gören batlaryna jöhitleriň ikisi hem ýere çenli baş egdiler. Soňra hormat bilen Pygamberimiziň (s.a.w) ýakynyna geldiler. Ony başdan-aýaga synladylar. Soňra arkasyny açyp, iki pilçesiniň arasyndaky pygamberlik möhürine seretdiler. Tolgunmakdan, haýran galmakdan ýaňa jöhitleriň gözleri hanasyndan çykaýjak bolýardy. Ümmi Eýmen olaryň biriniň beýlekisine şeýle diýenini eşitdi:
– Ynha, şu çaga bu ymmatyň pygamberi bolmaly. Bu şäher hem Onuň göç etjek ýeridir. Bu ýurtda örän uly-uly söweşler, göçhä-göçlükler, beýik işler bolup geçer.[1]
Bu sözlerden soň nätanyş jöhitler öz ýollaryna gitdiler. Ýene-de bir rowaýata görä, Pygamberimiz (s.a.w) ýüzmäni şol gezekki ýolagçylygynda Beni Nejjar ogullarynyň howzunda öwrenipdir.[2]
[1] Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-116.
[2] Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-116.