Pygamberimiziň (s.a.w) Ebu Talyp bilen Şama gidişi
Älemleriň Serweri (s.a.w) on iki ýaşyna giripdi. Onuň hüý-häsiýeti, boý-syraty ýaşytdaşlaryndan üzül-kesil tapawutlydy. Mübärek ýüzi ýagtydy, daş-töweregine nur saçýardy. Köňli mähir-muhabbetden doludy.
Şol döwürler Ebu Talybyň maşgalasynyň gün-güzerany hasam agyrlaşypdy. Şonuň üçin ol söwda etmegi, kureýşlileriň kerwenine goşulyşyp, Şama gitmegi ýüregine düwdi.
Uzak ýola taýýarlyk görülýärdi. Bu taýýarlyklar hezreti Muhammediň (s.a.w) gözüniň öňünde bolup geçýärdi. Ol bu ýolagçylyk sebäpli mähriban agasyndan bir müddet aýrylyşmalydy. Emma Ol bu aýraçylyga nädip çydarka?! hezreti Muhammet (s.a.w) birnäçe ýyl mundan öň kakasyny-da, ejesini-de şeýle ýolagçylyklar zerarly ýitiripdi. Indi bolsa howandary Ebu Talyp syýahata çykýardy, ol esli günläp gözünden uçjakdy.
Ebu Talyp bir hatarda beýleki agalary hem Älemleriň Serweriniň (s.a.w) başyna bir bela geler gorkusyndan Onuň sapara gitmegini islemeýärdiler. Emma hezreti Muhammet (s.a.w) welin, agasy bilen Şama gitmegi ýürekden arzuw edýärdi. Ol agasyndan galýandygyna gynanyp, birnäçe günläp boýnuny sallap gezdi. Ahyry bir gün hasrat gatyşykly mübärek sesi bilen Ebu Talyba ýüzlendi: «Agam jan! Meni neneň edip taşlap bilýäň?! Meni kime goýup gidýärsiň? Bu ýerde meniň ne ejem bar, ne-de kakam!»
Ýaşly gözleri balkyldap duran Älemleriň Serweriniň (s.a.w) bu hasratyna ony jany-teni bilen gowy görýän Ebu Talyp beýlede dursun, doňýürekler hem çydap bilmezdi. Ýürek paralaýjy bu sözleri eşiden Ebu Talyp öňki pikirinden dändi. Indi Älemleriň Serweri (s.a.w) hem agasy bilen bile gidýärdi. Pygamberimiz (s.a.w) bu habary eşidip, begenjine guş bolup uçdy. Taýýarlyk tamamlandy. Hezreti Muhammet (s.a.w) hem agasy bilen söwda kerwenine goşulyp, Şama gitdi.
Ruhany Bahira
Kerwen çölleri aşyp, birnäçe gün ýöränden soňra Busra bardy. Kerwençiler dynç almak üçin bu ýerde düşläp geçmegi makul bildiler. Busra Şam bilen Küdüs (Iýerusalim) arasyndaky bol suwly, bag-bakjaly şäherçedi.
Şol wagtlar Busranyň bazarynyň golaýyndaky bir kiçijik ybadathanada Bahira[1] diýen bir ruhany ýaşaýardy. Ol hristianlaryň belli alymlarynyň biridi. Onuň bolýan ybadathanasynda bir kitap saklanýardy. Şol ýerde ybadat edýän ruhanylar şol kitaby okap çykandan soňra hristianlaryň sowatly alymlarynyň biri bolýardy. Şol wagta çenli bu ybadathanada bolan ruhanylaryň ählisi ýaly, Bahira hem şol kitapdan habarlydy.[2]
Kureýşiň söwda kerweni hemişekisi ýaly, bu ýyl hem ruhanynyň ybadathanasynyň golaýynda ýük ýazdyrdy. Bahira ybadathanada kerweniň uzakdan gelşini synlap durka, bir buludyň kerweni saýalap gelýändigini görüpdi. Kerwen gelip, bir agajyň aşagynda goş ýazdyran wagty, şol buludyň hem agajyň üstünde kölege berip durdy, agajyň baldaklary bolsa astynda oturan kişiniň üstüne eglip kölegeledi. Gözüniň öňünde bolup geçen bu täsin hadysa haýran galan ruhany Bahira ybadathanadan çykyp, Mekgeden gelen söwdagärleriň ýanyna bardy. Olara: «Eý, kureýşliler! Size zyýapat taýýarlatdym. Men siziň ulyňyzy-kiçiňizi, hojaýynyňyzy-guluňyzy – hemmäňizi myhmançylyga çagyrýaryn!» diýdi.
Bahiranyň özlerine edýän bu gadyr-hormaty kureýşli söwdagärleri geň galdyrdy. Olar munuň sebäbini biljek bolup, öz ýanlaryndan her hili pikir öwrüp gördüler, ahyrynda-da özünden soradylar: «Eý, Bahira! Bu gün seniň öňki bolşuň däl-le?! Biz her gelenimizde-de ýanyňa barardyk welin, beýle hormat görmeýärdik. Munuň sebäbi näme?» Bahira syryny açmady, olaryň sowalyna umumy jogap berdi: «Hawa, siz dogry aýdýaňyz. Siz bir uzak ýoldan gelýän, bu ýurda myhman adamlar. Şonuň üçin hem sizi myhman alyp, naharlamak isleýärin. Haýyş edýän, hemmäňiz geliň!»
Çakylyga gidildi, saçak başynda oturyldy. Olaryň birinden galany zyýapata geldi. Kureýşliler aralarynda ýaş kiçileri bolansoň, Älemleriň Serwerini (s.a.w) goşa seretmek üçin goýup gaýdypdylar. Bahira saçagyň başyndakylary ýeke-ýeke üns bilen synlaýardy. Emma oturanlaryň arasynda gözleýän kişisini – nurana ýüzli oglanjygy tapanokdy. Onsoň ol: «Içiňizde bu ýere gelmedik barmy? Goşda galanyňyz ýokdur-da hernä?!» diýip sorady. Oturanlar: «Seniň çakylygyňa hemmämiz geldik. Diňe bir oglany yzymyza göz-gulak bolmak üçin galdyrdyk!» diýip jogap berdiler. Bahira «Ony hem nahara çagyryň» diýdi. Kureýşliler Bahiranyň bu islegini berjaý edip, supranyň başyna Älemleriň Serwerini (s.a.w) hem alyp geldiler. Pygamberimiz (s.a.w) nahar iýip otyrka, Bahiranyň iki gözi bilen Ondady. Onuň her bir hereketini, bolşuny sypdyrman üns bilen synlaýardy. Mukaddes kitaplary ürç edip okan, olardan iň soňky geljek pygamberiň alamatlaryny jikme-jik öwrenen Bahira ahyry gözleýänini tapypdy. Synçy nazary bilen myhmanynyň her bir hereketini yzarlap oturan ruhany Onuň özüni alyp barşynyň kitaplarda okan maglumatlary bilen gabat gelýändigini görýärdi.
Nahar iýlip bolundy. Adamlar hoşlaşyp çykyp ugran wagtlary ruhany Bahira Pygamberimiziň (s.a.w) gulagyna eglip: «Eý, ýaş ýigit, Lat we Uzza haky üçin sorajak zatlaryma jogap ber!» diýip pyşyrdady. Pygamberimiziň (s.a.w) ýüz keşbinde nägilelik alamaty göründi: «Lat we Uzzanyň haky üçin menden zat sorama! Olary ýigrenişim ýaly hiç zady ýigrenemok». Bahira öňki teklibinden dändi: «Beýle bolsa, Allanyň haky üçin sowallaryma jogap ber!» Şondan soňra Pygamberimiz (s.a.w): «Islän zadyňy sora!» diýdi. Soran sowallaryna alan jogaby Bahirany haýran galdyrýardy. Çünki Onuň aýdanlary Bahiranyň iň soňky pygamber hakynda bilýän maglumatlary bilen gabat gelýärdi. Ol iň soňunda Älemleriň Serweriniň (s.a.w) arkasyna bakyp, pygamberlik möhürüni gördi.
Bahira ahyrky netijesine gelipdi. Bu oglan gelmegine garaşylýan iň soňky pygamberdi.
Ruhany Bahira bilen Ebu Talybyň ikiçäk gürrüňi
Ruhany Bahira Pygamberimiziň (s.a.w) agasy Ebu Talybyň ýanyna bardy. Olaryň arasynda şeýle gürrüň boldy:
– Bu oglan seniň nämäň bolýar?
– Oglum.
– Ýok, ol seniň ogluň bolup bilmez. Bu çaganyň kakasy häzir aýatda diri bolmaly däl.
– Hawa, siz mamla. Ol meniň doganymyň ogly.
– Onuň kakasyna näme boldy?
– Ol entek bu çaga dünýä inmänkä aradan çykdy.
– Hawa. Bu aýdýanlaryň dogry.
Şondan soň ruhany Bahira Ebu Talyba şeýle maslahat berdi:
– Iniňi al-da, derrew yzyňa dön! Ony bahyl jöhitlerden gora! Eger jöhitler Ony görüp, meniň bilýän zatlarymy aňaýsalar, Oňa ýamanlyk ederler. Çünki seniň bu iniň gelejegi uly, ol beýik şahsyýet bolup ýetişer. Eglenme-de Ony yzyna äkit![3]
Ruhanynyň bu maslahatyna eýeren Ebu Talyp harytlaryny şol ýerde ýerledi-de, eziz inisini hem alyp, Mekgä dolandy.[4]
Hakyhatdan hem, hristian we jöhit alymlarynyň birentegi ruhany Bahira ýaly Pygamberimiziň (s.a.w) sypatlary hakynda kitaplaryndan okapdylar, «Kitaplarymyzda Muhammet arabynyň sypatlary ýazylgydyr» diýip, hakykaty aýdypdylar. Emma bu hakykaty bilseler-de, olaryň birnäçesi Onuň getiren yslam dinini kabul etmän, bu beýik bagtdan binesip galdylar. Emma Abdulla ibni Selam, Wehb ibni Münebbih, Ebi Ýasir, Şamul, Esid we Salebe bin Saýe, Ibni Bünýamin, Muhaýryk Kabül-Ahbar, Dagatyr, Ibni Nafur, Jarud ýaly ähli-kitap[5] alymlary Oňa (s.a.w) iman getirip, ebedi bagtyýarlyga erdiler.[6]
Kurany-Kerim hakykatçyl, adalatly bu ähli-kitap alymlary hakynda şeýle diýýär: «Olar pygambere inderileni (Kurany) eşidenlerinde, hakykata göz ýetirip, gözleriniň ýaşdan dolandygyny görersiň. Olar (şeýle diýerler): «Eý, Rabbymyz! Biz iman getirdik. Bizi (hakykata) şaýat bolanlaryň (hatarynda) ýaz».[7]
Allatagala Pygamberimizi (s.a.w) dinsizlik döwrüniň erbetliklerinden goraýar
Ebu Talyp bu bolup geçen wakalardan soňra Pygamberimizi (s.a.w) hiç ýanyndan aýyrmaýardy. «Bu inim geljekde beýik şahsyýet bolup ýetişer» diýip, oňa bolan ynamy gün-günden artýardy. Hemişe Pygamberimiziň (s.a.w) üstünde kökenekdi, göwün islegini aýtdyrman ýerine ýetirmäge çalyşýardy.
Pygamberimiz (s.a.w) ýetginjekik çagyna gelipdi. Ol edep-ekramy babatda-da, daş görnüşi boýunça-da göreniň ünsüni çekýärdi. Ruhy gözelligi daşky keşbinde şöhlelenip, Oňa aýratyn görk berýärdi. Ol ortadan uzyn boýludy. Tolkun atyp duran, çala buýralanan gara saçlary bardy. Açyk, giň maňlaýly, gür gara gaşlydy. Gaşlary bir-birine gaty ýakyn bolsa-da bitişik däldi. Gözleriniň göreçleri garady. Uzyn, şar-gara kirpikleri gözleriniň bakyşyna aýratyn mylaýymlyk berýärdi.
Ylahy ýazgyt Ony (s.a.w) ezelden bäri bütin adamzadyň pygamberi edip taýynlapdy. Şol sebäpden Ol Älemleriň Ýaradyjysynyň terbiýesinde, gözegçiliginde ösüp ulalýardy. Şonuň üçin Onuň ömrüne ser salanyňda, ähli Arabystanda, şol sanda Mekgede-de rowaç bolan zyna, harama şäriklik, pyssy-pujurlyk, ahlaksyzlyk ýaly günä işleriň zerre ýaly ýokundysy, sähelçe nam-nyşany-da görülmeýärdi.
Hezreti Muhammet (s.a.w) butlary erbet ýigrenerdi. Ömründe ýeke ýola hem olara hormat goýmandy. Kureýş müşrükleriniň bir adaty bardy. Her ýylyň belli bir gününde Buwane atly bir butuň öňünde ýygnanardylar. Garaňky düşýänçä, şol ýerde bolardylar. Ýanynda saç-sakgal syrardylar. Mal öldürip, uly baýram ederdiler.
Bir gezek bütin kureýşliler bir baýramçylygyny bellemek üçin taýýarlyk görýärdiler. Beýlekiler bilen bir hatarda Ebu Talyp hem maşgalasyny alyp, baýrama gitmek isledi. Pygamberimize-de (s.a.w) taýýarlan diýildi. Emma Ol ötünç sorap, baýramçylyga gitmejekdigini aýtdy. Pygamberimiziň (s.a.w) göwnemeýşini Ebu Talyp hem, beýlekiler hem geň gördüler. Soňabaka gaharlanyp ugradylar. Olar näçe gideli diýseler hem, Pygamberimiz (s.a.w) etmedi. Ondan soňra olar: «Taňrylarymyzdan ýüz öwürseň, erbetlige uçrarsyň» diýdiler. Ýalbardylar, ýakardylar, Ony gününe goýmadylar. Ahyry söýgüli agasy bilen bibisiniň göwni üçin Pygamberimize (s.a.w) olar bilen gitmäge razy bolmakdan başga alajy galmady. Emma butuň ýanyna baryp-barmankalar, Pygamberimizi (s.a.w) ýitirdiler. Biraz salymdan Ol agasynyň ýanyna dolanyp geldi. Gorkusyndan ýaňa hezreti Muhammediň (s.a.w) ýüzi-gözi ak tamdy.
Hossarlary Onuň (s.a.w) daşyna üýşdüler:
– Näme boldy Saňa? Nirä gitdiň?
Pygamberimiz (s.a.w) şu jogaby berdi:
– Maňa bir erbet zat bolar öýdüp gorkdum.
– Alla Saňa erbetligi golaýlaşdyrmaz. Seniň üýtgeşik häsiýetiň, aýratyn halatyň bar. Hany, aýt, näme gördüň?
Pygamberimiz (s.a.w) şulary gürrüň berdi:
– Men butuň ýakynyna baranymda öňümde uzyn boýly, ak eşikli adam peýda boldy. Maňa «Eý, Muhammet yza çekil! Ol buta eliňi degräýme» diýip gygyrdy.[8]
Bu wakadan soňra Pygamberimiz (s.a.w) hiç wagt butlaryň ýanyna barmady, olaryň şanyna edilýän toý-baýramlara-da goşulmady. Hawa, pygamberlik wahyýy gelen badyna eline towhyt[9] baýdagyny alyp, bütin adamzady bu baýdagyň astyna çagyrjak Ynsan çagalygynda-da, ýaşlygynda-da birhudaýlylyk ynanjyna ters bolan butparazlykdan daş durup, päkize ömür sürüpdi.
Allatagala söýgüli Pygamberimizi (s.a.w) heniz wahyý ibermänkä-de her hili erbetliklerden goraýardy, Ony Öz gözegçiliginde terbiýeleýärdi. Pygamberimiz (s.a.w) hem «Meni Rabbym terbiýeledi. Ne ajaýyp terbiýeledi!»[10] diýen sözleri bilen bu hakykaty nygtaýar.
Gündogar medeniýetini öwrenýän ynsaply alymlar her hili zat diýseler-de, Onuň belent ahlak sypatlaryny inkär etmändirler. Sir W. Miur «Muhammediň ömri» atly eserinde bu hakykaty şeýle belläp geçýär: «Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellem hakyndaky ähli ýazanlarymyz bir nokatda jemlenýär. Bu bolsa, Onuň ahlagynyň päkligi we beýikligidir».
[1] Bahiranyň hakyky ady Jirjis ýa-da Serjisdir. Ýewropaly taryhçylar «Serjius» hem diýýärler. Ol jöhit alymy bolup, soňra hristiýanlygy kabul edipdir. (Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 191. çykgyt 1)
[2] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 191.
[3]Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 191-194, Ibni Saad, «Tabakat», t-1, sah 153-155, Belazuri, «Ensab», t-1, sah 96-97, Taberi, «Taryh», t-1, sah 194-195.
[4] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 194, Ibni Saad, «Tabakat», t-1, sah 155, Belazuri, «Ensab», t-1, sah 97.
[5] Ähli-kitap – Allanyň inderen kitaplaryna ynanýan kişiler (musulmanlar, jöhitler we hristiýanlar). Ähli-kitap diýlende, köplenç, jöhitler we hristiýanlar göz öňünde tutulýar.
[6] Huseýn el-Jisr. «Risaleýi-Hamidiýýe», terjime sah.55-56; B.Said Nursi «Mektubat» sah. 168-169.
[7] «Maide» süresi, 83.
[8] Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 158; Halebi, «Ynsanül-Uýun» t-1, sah. 164
[9] Towhyt – Allany birlemek, ýeke-täk Alla ynanmak.
[10] Abdurrauf Münawi, «Feýzül-Kadir» t-1, sah. 224.
Dördünji Fijar söweşi we Pygamberimiz (s.a.w)
Pygamberimiz (s.a.w) ýigrimi ýaşyndaka dördünji Fijar söweşi başlady.[1]
Yslamdan öňki döwürde araplaryň arasynda jenaýatlaryň, ganly çaknyşyklaryň, gan dawalarynyň, ogurlyklaryň, talaňçylyklaryň yzy kesilmeýärdi. Adamlaryň kalplary birek- birege bolan söýgüden, merhemetden mahrumdy. Jemgyýetçilik durmuşynda hak-hukugy bilmeýän ynsanlardan bir-birini öldürip, ganyna galmakdan başga zada garaşmak mümkin däldi.
Araplaryň arasynda muharrem, rejep, zülkade we zülhijje aýlary öňden bäri mukaddes aýlar hasaplanýardy. Bu aýlarda her dürli erbetlikleriň, jenaýatlaryň edilmegi, gan dökülmegi gadagandy. Şonuň üçin hem bu aýlara «Haram aýlar» diýilýärdi. Fijar söweşleri bu aýlaryň birinde başlandygy, iki tarapdan-da adalatsyzlyklar, zulumlar edilip, gan dökülendigi üçin bu ady alypdyr.[2]
Araplaryň arasynda Fijar söweşleri dört gezek bolupdy. Birinji Fijar söweşi wagtynda Pygamberimiz (s.a.w) heniz on ýaşyndady.[3] Jemi dokuz ýyllap dowam eden bu söweşler örän biderek, ownuk sebäpleriň üstünde başlapdy.
Birinji Fijar söweşi Ukaz bazarynda gyfar tiresinden bir adamyň ýatan ýerinden: «Araplaryň iň zory men» diýip gygyrmagy, hawazin tiresinden biriniň bolsa, muny özüni kemsidilmek hasaplap, gylyjyny syryp, ýaňky öwnen adamyň aýagyndan ýaralamagy sebäpli, kinaneogullary bilen hawazinleriň arasynda bolup geçipdi. Ikinjisi ýene Ukaz bazarynda bir aýal sebäpli kureýş bilen hawazin taýpalarynyň arasynda turupdy. Üçünjisi kinaneogullaryndan bir adamyň amirogullaryndan birine bergisini wagtynda bermänligi üçin kinaneogullary bilen hawazin taýpalarynyň arasynda bolupdy. Dördünji Fijar söweşi bolsa kinaneli Barraz bin Kaýs diýen adamyň kaýsy-aýlan (hawazin) tiresinden Urwe atly kişini öldürmegi netijesinde kureýş hem-de kinaneogullary bilen kaýsy-aýlan tireleriniň arasynda turupdy. Bu soňky söweşe ýigrimi ýaşlaryndaky Pygamberimiz (s.a.w) hem gatnaşypdy.[4] Kureýşlileriň kinaneogullary bilen ýaranlyk şertnamalary bolansoň, olar hem bu söweşe girmäge mejbur bolupdular.
Ebu Talyp Ukaz bazarynda turan dördünji Fijar söweşine haram aýda bolandygyny hem-de köp gan döküljekdigini öňe sürüp, oňa goşulmak islemedi. Diňe kureýşiň beýleki şahalarynyň adamlarynyň direnip durmasy bilen nälaç söweşe goşuldy. Ebu Talybyň bu söweşe eziz inisi Pygamberimizi (s.a.w) hem bir-iki gezek ýany bilen alyp gidendigi hakda aýdylýar. Emma Ol diňe atylan oklary çöpläp, agasyna getirip bermekden başga zat etmändir.[5]
Söweşiň hiç hili netije bermeýändigini gören taraplar ahyrsoňy bir-birilerine ylalaşygy teklip edýärler. Bu ylalaşygyň şertine görä, ölenler sanalmaly, haýsy tarapdan ölen kän bolsa, beýleki tarap olaryň hununy tölemeli, şonuň bilen uruş tamamlanmalydy. Sanalyp görlende, kaýsy-aýlan tiresiniň ölüleri ýigrimi töweregi köp çykdy. Netijede, kinaneogullary bilen kureýşliler tarapyndan bu ýigrimi kişiniň huny tölenip, Pil wakasyndan ýigrimi ýyl soňra bolup geçen ganly söweş tamamlandy.[6]
Pygamberimiz (s.a.w) Hilful-Füdul jemgyýetinde
Pygamberimiz (s.a.w) ýigrimi ýaşyndady. Soňky Fijar söweşinde ençeme adam wepat bolupdy, köp gan dökülipdi. Munuň bilen birlikde arap tireleriniň arasyndaky duşmançylyk hem güýçlenipdi. Islendik wagt biderek sebäpleriň üstünde uly çaknyşyklar döräp biljekdi. Tireler bir-birleriniň üstüne haçan çozsa çozaýmalydy.
Mekgede daşardan gelen söwdagärlere-de gün ýokdy. Olar ne janlaryny, ne mallaryny, ne-de mertebelerini gorap bilýärdiler. Daşary ýurtlynyň zadyndan islendik kişi islänini alýardy, bahasynyň ýerine bolsa gara şaýam oklaman gidýärdiler. Ejiz, arkasyz adamlar dürli kynçylyklara, zulumlara uçraýardylar, ellerinden bolsa hiç zat gelmeýärdi. «Gün güýçliniňki, gowurga dişliniňki» diýilýän zamanady. Bu çydamsyz ýagdaýa bir çäre tapylmalydy. Ynsana ýaraşmaýan bu hereketleriň öňi alynmalydy. Emma näme etmeli?
Bu meseleler adalatsyzlyklyga jany ýanýanlaryň, jemgyýetiň arkaýyn ýaşamagy üçin alada edýänleriň derdidi.
Zebidliniň harydynyň talanmagy
Ýemeniň zebid tiresinden bir täjiriň bir düýe ýüküni Mekgäniň men diýen kethudalarynyň biri As bin Wailiň zor bilen almagy edilýän zulum-sütemlere ýanyp-bişýän kişileriň sabyr käsesini dolduran iň soňky damja boldy. Zebidliniň kömek sorap baran gapysynyň hemmesi ýapylýardy. Ahyrsoňy ol Ebu Kubeýs dagyna çykyp, başyna düşen külpeti kureýşlilere jar etmegi ýüregine düwdi. Ol beýik depäniň üstünde durup, halky kömege çagyrdy.[7]
Bu dady-perýat adamlaryň perişan ýagdaýynyň aladasyny edýänleriň wyždanyny herekete geçirdi. Olar derrew bir ýerde jemlenişip, bu eden-etdilikleriň öňüni almagyň çäresini gözläp başladylar. Bu meselede öňe düşenleriň hem-de Mekgäniň at-abraýly adamlaryny bir ýere toplamakda tagalla edenleriň biri-de Pygamberimiziň (s.a.w) kakasynyň dogany Zubeýrdi.[8]
Haşym, Muttalyp, Zühre, Esed, Haris, Teým ogullarynyň abraýly kethudalarynyň birnäçesi Mekgäniň baý, ynamdar adamlarynyň biri, şol wagtlar şäheriň iň ýaşulusy hasaplanýan Abdulla bin Judanyň öýünde toplanyp, «Hilful-Füdul» jemgyýetini döretdiler. Uzaga çeken jedellerden, çekeleşiklerden soňra şu kararlary yglan etdiler:
1. Isle şäheriň ýaşaýjysy bolsun, isle daşyndan gelen bolsun, tapawudy ýok, Mekgede zulum edilen adam bolmaly däl.
2. Mundan soňra Mekgede hiç kime zulum edilmeli däldir we zalymlyga hiç hili rugsat berilmez.
3. Zuluma sezawar bolanlar tä zalymlardan haklaryny alýançalar, olar bilen birlikde hereket edilmeli.[9]
Jemgyýetiň agzalary bu sözlerinde durjakdyklary hakynda şeýle ant içdiler: «Deňizleriň bir gyly ölläp biljek derejede suwlary galman azalsa-da, Hira we Sewr dagy ýegsan bolup, ýer bilen deňleşse-de, Käbede Istilam ybadaty (Käbe togap edilýän wagtynda Hajerül-Eswede el sürtülmesi ýa-da gyslyşyk sebäpli, elläp bolmadyk ýagdaýynda, onuň bilen uzakdan salamlaşma yşaratynyň edilmegi) ýatyrylsa-da sözümizden dänmeris!»[10] Döredilen bu jemgyýet «Hilful-Füdul» diýlip atlandyryldy. Munuň manysy hilf «ant», füdul bolsa «beýik, belent mertebeli kişiler» diýmekdir.
Jürhümi tiresinden Fazl atly iki kişi bilen katura tiresinden Fudaýl atly biri Mekgede bolan gezekleriniň birinde, bu şäherde zulum, talaňçylyk edilmegine ýol bermejekdiklerine ant içipdiler. Kureýşiň kethudalary hem şuňa meňzeş sebäpler bilen bir ýere jemlenip, belli bir karara gelendikleri üçin şol Fazllaryň eden batyrgaý hereketini ýatlap, bu jemgyýeti «Hilful–Füdul» diýip atlandyrdylar.[11] Jemgyýet Ýemenden gelen zebidliniň satmak üçin getiren harytlaryny As bin Wailden gaýtaryp alyp bermek bilen ilkinji wezipesini ýerine ýetirdi.
Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) heniz ýigrimi ýaşlaryndaky ýigit bolmagyna garamazdan, ulularyň döreden bu jemgyýetine agalary bilen birlikde goşulypdy hem-de zuluma garşy çykanlary goldapdy. Bu Pygamberimiziň (s.a.w) ýaşlygyndan adalatlylygyň tarapynda bolan ýiti pähimli ynsandygyny, zulumy ýigrenendigini, bu häsiýetleri bilen tiresinin arasynda uly abraýa eýe bolandygyny görkezýär.
Mähir-merhemetiň, rehimdarlygyň kämil nusgasy söýgüli Pygamberimiz (s.a.w), elbetde, wahyý gelmänkä-de mazluma kömek ederdi, bu babatda edilen işlerde elinden gelenini gaýgyrmazdy. Çünki Ol (s.a.w) iň gözel ahlagy ýaýmak üçin iberilipdi. Şonuň üçinem oňat ahlaklylyga tarapdar bolanlara goldaw bererdi. Ol bu jemgyýete goşulanyna begenjini pygamberlik wahyýy gelenden soň şeýle gürrüň berýär: «Abdulla bin Judanyň öýünde edilen kasamda men hem bardym. Meniň pikirimçe, ol ant altyndan ýüki bolan düýelere eýe bolmakdan hem has bähbitlidir. Men oňa yslamyýet döwründe çagyrylan bolsam hem goşulardym».[12]
Pygamberimiziň (s.a.w) bu sözleri bu günki musulmanlar üçin hem ölçegdir. Ady, görnüşi nähili bolsa bolsun, zulumdyr her dürli erbetliklere garşy göreşýän jemgyýetlere, guramalara kömek bermek her bir ynsanyň borjudyr.
Pygamberimiziň (s.a.w) ikinji gezek Şama gitmegi
Mekgäniň halky güzeranyny söwda bilen aýlaýardy. Ebu Talyp hem bir döwür söwda bilen meşgullandy. Emma uly maşgalanyň eklenji, yzly-yzyna gelen açlyk, guraklyk ýyllary, tireleriň arasyndaky uruşlar zerarly onuň söwda edere maýasy galmandy. Şonun üçin Pygamberimiz (s.a.w) bilen Şama eden syýahatyndan soň ikinji gezek söwda kerwenine goşulyp gitmäge mümkünçiligi bolmady. Ol Mekgede ownuk-uşak işler bilen meşgullanyp, güzeranyny kynlyk bilen aýlaýardy.
Mekgede Pygamberimiziň (s.a.w) garyndaşlaryndan Hatyja binti Hüweýlid diýen dul zenan bardy. Ol goşýan maýasy bilen söwda kerwenlerine şärik bolýardy. Şol günler kureýşliler Şama ugratmak üçin ýene-de bir söwda kerwenini taýýarlamaga girişipdi. Pygamberimiz (s.a.w) şol wagtlar ýigrimi bäş ýaşlaryndady. Hatyja hem bu kerwen bilen harytlaryny ibermekçidi. Ol hemişekisi ýaly, bu sapara hem harytlaryny äkider ýaly ynamdar, dogruçyl adam gözleýärdi. Güzeranyny zordan aýlaýan Ebu Talyp muny eşitdi. Öýünde bolup ýören inisi hezreti Pygamberimizi (s.a.w) ýanyna çagyrdy. Oňa şeýle teklip etdi: «Eý, doganymyň ogly! Özüň bilýäň, men maldan-mülkden çykan adam. Gelen guraklyk, açlyk aňrymyzda bolanjasyny hem guratdy. Bizde söwda edere, gymyldara ýagdaý goýmady. Şu günler kureýşiň söwda kerweni Şama gitmäge taýýarlanýar. Hüweýlidiň gyzy Hatyja hem bu kerwen bilen mal, haryt ibermekçi. Ol täjir. Harydy köp, rysgy bol. Baýlygyndan beýlekileriň hem bähbit görmegini isleýän elaçyk zenan. Onuň gözleýäni seniň ýaly ynamdar, eli arassa, wepadar adam. Gidip ýagdaýyňy aýtsaň, amanadyny, belki, saňa ynanar».
Ebu Talyp teklibini aýdan soňra ýüregine sanjylyp duran ünjüsini hem ýaňzytdy: «Dogrusy, seni Şama iberesim gelenok. Jöhitler saňa bir zat ederler öýdüp gorkýaryn. Emma nädeýin, günümizem aýlamaly. Meniň kelläme şundan başga amatly iş gelmedi».[13] Pygamberimiz (s.a.w) agasyna: «Agam, sen näme diýseň, şeýle hem bolar» diýip jogap berdi. Şondan soňra Ebu Talyp Hatyjanyň ýanyna baryp, oňa tekilibini aýtdy. Pygamberimiziň (s.a.w) dogry sözli, ynamdar, ygtybarly adamdygyny bilýän Hatyja derrew Oňa habar iberip, ýanyna çagyrtdy. Ol Pygamberimize (s.a.w) şeýle diýdi: «Şama gidýän kerwendäki harytlarymy saňa tabşyrmak isleýärin. Seniň dogry sözli adamdygyňy bilýärin. Bu teklibimi kabul etseň, Saňa mundan öň kowmumdan hiç kime bermedik hakymy bereýin!»
Pygamberimiz (s.a.w) teklibi agasy Ebu Talyba aýtdy. Muňa örän begenen agasy: «Bu Allanyň saňa bagyş eden rysgydyr!» diýdi. Ebu Talyp Pygamberimize (s.a.w) ýola düşmänkä gidip, Hatyja bilen aljak hakyny kesgitli gepleşmegini teklip etdi. Emma Pygamberimiz (s.a.w) muňa göwnemedi. Onsoň Ebu Talybyň özi Hatyjanyň ýanyna gidip: «Eý Hatyja! Eşidişime görä, sen pylanyny iki düýe berip, hakyna tutupsyň. Emma ynamdarlykda, dogruçyllykda meniň inimiň öňüne geçjek ýokdur. Men Muhammet üçin dört düýe bermegiňi isleýärin» diýdi. Pygamberimiz (s.a.w) ýaly ynamdar hyzmatdaş tapanyna begenip ýören Hatyja üçin dört düýe dagy nämejik! Ol: «Eý, Ebu Talyp! Sen örän arzan hak islediň. Mundanam köp islän bolsadyň, gürrüňsiz bererdim»[14] diýdi. Ebu Talyp onuň bu jomartlygyndan örän hoşal boldy.
Hatyja hyzmatçysy Meýseräni hem Pygamberimiziň (s.a.w) ygtyýaryna berdi. Ol kerwen ýola düşmänkä, Meýserä: «Ol saňa näme buýursa, derhal ýerine ýetir! Aýdanyna hiç hili garşy çykma! Bir diýenini iki aýtdyrma! Mundanam başga, Onuň her hereketini gözüňde sypdyrman, yzarla! Gelibem maňa habar ber!» diýip berk tabşyrdy.
Kerweniň ýola düşmeli pursaty gelip ýetdi. Ebu Talyp hem-de Pygamberimiziň (s.a.w) bibileri Ony ugratmak üçin geldiler. Onuň bile gidýän ýoldaşlaryndan Pygamberimize (s.a.w) göz-gulak bolmaklaryny haýyş etdiler.
Kerwen ýola rowana boldy. Söwda kerweni bir ýarym aýlap ýol sökenden soňra Şam topragyna gadam basdy. Kerwençiler Busranyň kerwensaraýynda goş ýazdyrdylar. Älemleriň Serweri (s.a.w) bolsa şol ýerdäki ybadathananyň golaýynda, bir zeýtun agajynyň düýbünde düşledi.
[1] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 198. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 128.
[2] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 195.
[3] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 196.
[4] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 196-197. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 126-128.
[5] Ibni Hşiam, «Sire», t-1, sah 198.
[6] Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 128; Taberi, «Taryh», t-1, sah.201.
[7] Süheýli, «Rawdül-Ünf», t-1 sah. 91.
[8] Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 128; Suheýli, agz. eser, t-1, sah. 91.
[9] Ibni Hiişm, «Sire», t-1, sah 141. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 129; Suheýli, agz. eser t-1, sah. 93.
[10] Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 129.
[11] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 142. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 129.
[12] IbniHişam, «Sire», t-1, sah 141-142. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 129; Süheýli, agz. eser, t-1, sah. 94; Ibni Kesir, «Sire», t-1, sah 261.
[13] Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 129-130.
[14] Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 130.