Alla tarapyn terbiýelenýän, Onuň goraýjylygy astynda ýaşaýan hezreti Pygamberimiz (s.a.w) agasynyň goýunlaryny bakyp ýörkä, başyndan geçen bir wakany gürrüň berýär: «Men dinsizlik döwründe adamlaryň guraýan şagalaňlaryna iki gezek gatnaşmak isledim, emma Alla meni şol zatlara gatnaşdyrmady. Allanyň maňa wahyý iberen döwrüne çenli gaýdyp şeýle zatlara ýanaşmadym. Bir gün kureýşlilerden bir oglan bilen Mekgäniň ýokary tarapynda goýunlarymyzy bakyp ýördük. Men dostuma: «Goýunlarymy baksaň, menem uly oglanlaryň guraýan şagalaňlaryna gidip göräýin?!» diýdim. Dostum: «Bolýar, bakaýaryn» diýdi. Bu maksat bilen Mekgä geldim. Şäheriň ilkinji öýüniň deňine ýeten badyma deprekdir tüýdügiň, sykylyklaryň sesini eşitdim. Öňümden çykan kişiden «Bu nämäniň şowhuny?» diýip soradym. «Şu gün pylanyň ogly bilen pylanyň gyzy toý tutýarlar, şolaryň toý dabarasy» diýdiler. Derrew toý ýere bardym, bir ýerde oturyp, olara tomaşa etmäge başladym. Şol wagt gulaklarym Alla tarapyn gapyldy, gözlerimi uky basmarlady. Şol durşuma uklap galypdyryn. Ertesi Gün al-asmana galanda oýandym. Dolanyp, dostumyň ýanyna baranymda, ol menden nämeler görüp-eşidenimi sorady. «Gören-eşiden zadym bolmady» diýip, oňa başymdan geçenleri gürrüň berdim.
Başga bir gün ýene-de dostumdan goýunlarymy bakmagyny haýyş edip, Mekgä gaýtdym. Şähere gelenimde bu gezegem öňki ýaly toýuň şowhunyny eşitdim. Derrew märekä bardym, ýerde oturyp olara seretmäge başladym. Şol wagt ýene Alla öňki ýaly gulaklarymy gapdy. Şol ýatyşyma Gün dogansoň oýandym. Oýanan badyma dostumyň ýanyna gitdim, ýatyp galyşymy gürrüň berdim. Mundan soň Alla maňa wahyý iberýänçä, gaýdyp şeýle işlere goşulmadym».[1]
[1] Taberi, «Taryh» t-2 sah. 196.