Pygamberimiziň (s.a.w) Zeýd bin Harisäni azat etmegi

Zeýd bin Harise kelb tiresindendi. Heniz sekiz ýaşyndaky oglanjykka ejesi bilen garyndaşlaryna barýarkalar, çapawulçylara ýesir düşüpdi. Gul bazarynda-da ony hezreti Hatyjanyň (r.a) doganoglan jigisi Hakim bin Hizam satyn alyp, Mekgä getiripdi.[1] Hezreti Hatyja (r.a) Zeýdi ondan alyp, öýünde saklaýardy.

Şol wagtlar Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Hatyja öýlenipdi. Pygamberimiz (s.a.w) Zeýdi örän gowy gördi. Muny aňan hezreti Hatyja ony Pygamberimize (s.a.w) bagyşlady. Pygamberimiz (s.a.w) ony alan güni azat etdi.[2] Ol hemişe azatlygy söýýän beýik adamdy. Ynsan haýsy ýaşda bolsa bolsun, tapawudy ýok, onuň hak-hukugyna, azatlygyna uly hormat goýýardy. Bu mukaddes duýgular ömrüniň soňuna çenli Onuň kalbynda ýaşady.

Zeýd entek çagady. Ene-atasy onuň nirä äkidilendigini, kime satylandygyny bilenokdy. Onuň didaryna zar bolan ene-atasynyň gözleriniň ýaşy diňmeýärdi. Kakasy Harisäniň ogluny sorap barmadyk ýeri, idemedik ýurdy ýokdy. Zeýdiň adyny aýdym edinip, oba-oba aýlanyp ýördi.

Kiçijik Zeýd bolsa ene-atasyny öňküleri ýaly küýsemeýärdi. Bu bagtly maşgala ony-da bagryna basypdy, özüniň aýrylmaz bölegine öwrüpdi. Bu ýer onuň üçin örän rahatdy. Zeýd Älemleriň Serweri (s.a.w) bilen hem oňat öwrenişipdi. Onuň ýanynda özüni örän bagtly duýýardy, şadyýan ýaşaýardy.

Zeýdiň nirededigi bilinýär!

Günlerde bir gün kelb tiresinden birnäçe kişiden ybarat topar Käbä zyýarata geldi. Olar bu ýerde gezip ýörkäler Zeýde gabat geldiler, onuň bilen gepleşenlerinden öz tirelerindendigini tanadylar. Olar Zeýde kakasynyň, ejesiniň çekýän hasratyny gürrüň berdiler. Emma Zeýd arkaýyndy. Ýaşaýan maşgalasynyň özüne görkezen söýgüsini ene-atasynyň söýgüsi ýaly kabul eden oglan olara şu jogaby berdi: «Ene-atam mundan beýläk meniň üçin gözýaş dökmesinler. Siz kyn görmän şu aýtjak zatlarymy olara ýetiriň. Men haj ybadatynyň berjaý edilýän ýeri bolan Beýtullada ýaşaýaryn hem-de bu ýerde hyzmat edýärin. Enem-atam meni tapjak bolup, dert-azara galyp, ýol söküp ýörmesinler. Alla şükür edýärin, men şu wagt şeýle oňat, şeýle abraýly maşgalanyň arasynda ýaşaýaryn. Maadyň neslinden bolan iň abraýly kişiler hem şu maşgaladan».[3]

Zeýdiň kakasy Harise tiredeşlerinden bu habary eşidenden dogany Kaby hem-de ýanyna alyp, Zeýdi azat etmek üçin Mekgä geldi. Sorap-idäp, Pygamberimiziň (s.a.w) öýüni tapdy. Oňa ýüzlenip: «Eý, kureýş tiresiniň hormatlysy! Siz Harem halkyndan. Haremi-Şerifiň goňşusysyňyz! Beýtullanyň ýanynda ýesirleriň baglaryny çözýändigiňizi we garynlaryny doýurýandygyňyzy bilýäris» diýenden soňra esasy maksadyny aýan etdi: «Oglumyz siziň ýanyňyzda bolýan eken. Siz biziň güýjümiz ýetäýjek bahany aýdyň! Biz ony bereli, oglumyzy azat ediň!» Resulalla (s.a.w): «Ogluňyz kim?» diýip sorady. «Zeýd bin Harise» diýdiler. Pygamberimiz (s.a.w): «Şondan başga isleýän zadyňyz barmy?» diýdi. Olar: «Ýok, başga isleýän zadymyz ýok» diýip jogap berdiler. Ondan soňra Pygamberimiz (s.a.w): «Zeýdi çagyryň, islänini saýlasyn! Eger siziň bilen gitmek islese, maňa puluňyz gerek däl, ony şeýle berip göýbererin. Ýok, eger meni saýlasa, onda ony bermerin»[4] diýdi. Harise Pygamberimiziň (s.a.w) bu sözlerinden razy boldy: «Siz örän ynsaply adam ekeniňiz» diýdi. Pygamberimiz (s.a.w) Zeýdden sorady:

– Bulary tanaýarmyň?

– Hawa, tanaýaryn.

– Kim olar?

Zeýd gelenleriň biriniň kakasydygyny, beýlekisiniň bolsa agasydygyny aýtdy. Mundan soňra Pygamberimiz (s.a.w) Zeýde:

– Sen meni hem gowy tanaýaň. Seni nähili gowy görýändigimi bilýäň. Indi sen ýa meni saýla-da, ýanymda gal, ýogsa-da kakaň dagyny saýla-da, olar bilen git! – diýdi. Şonda Zeýd biragyz:

– Men hiç kimi seniň ýeriňe saýlamaryn. Sen meniň üçin ene-ata ornundasyň – diýip, jogap berdi. Oglunyň bu jogabyna gahary gelen Harise oňa gygyrdy:

– Diýmek, sen gul bolmagy azatlyga, eneň-ataňa, doganlaryňa, öýüňize çalyşýarsyň-da, şeýlemi?

Emma Zeýd kakasy bilen pikirdeş däldi:

– Kaka jan, men bu adamdan hiç kimden görmedik ýagşylyklarymy gördüm. Ony hiç wagt hiç kime çalyşmaryn![5]

Kiçijik Zeýd şeýdip, Pygamberimize (s.a.w) bolan wepadarlygyny görkezipdi. Ylahy ýazgyt oňa nurana, bagtyýar geljek taýýarlaýardy. Bu günki waka munuň ilkinji buşlugydy.

Pygamberimiziň (s.a.w) Zeýdi ogulluk edinmegi

Pygamberimiz (s.a.w) Zeýdiň bu wepadarlygyny ýagşylyk bilen gaýtarmagy ýüregine düwdi. Derrew onuň elinden tutup, kureýşlileriň ýaşaýan Hijr mähellesine äkitdi. şol ýerde halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý adamlar! Şaýat boluň, şu günden başlap, Zeýd meniň oglumdyr! Men onuň mirasdary, ol hem meniň mirasdardyrym!» Mekgelilerde ogullyk almak däbi şeýle ýerine ýetirilýärdi.

Pygamberimiziň (s.a.w) bu hereketini haýran galyp synlap duran Harisäniň gamgyn ýüzi ýagtyldy. Ol oglunyň, hakykatdan hem, gowy adamyň elindedigine göz ýetirdi. Harise şondan soňra hasam ynjalyp, ogluny Älemleriň Serweriniň (s.a.w) ýanynda goýup ýurduna gaýtdy.[6]

Mundan soňra Mekgede her kim Zeýdiň adyny: «Muhammediň ogly Zeýd» diýip tutup başlady. Haçanda wagty gelip, Resuly-Ekreme (s.a.w) pygamberlik berlenden soňra wahyý geldi we ogullaryň öz kakalarynyň ady bilen çagyrylmagy buýruldy.[7]  Şondan soň hezreti Zeýdiň hem ady «Harisäniň ogly Zeýd» diýlip tutuldy. Bu meseledäki aýatda şeýle diýilýär: «Ogullyk alanlaryňyza öz atasynyň ady bilen ýüzleniň! Bu Alla ýanynda has adalatlydyr. Indi eger olaryň atasyny bilmeseňiz, onda olar siziň din doganlaryňyzdyr (olara gardaşym pylany, dostum pylany diýip ýüzleniň, emma ogullyga alan atasynyň ady bilen ýüzlenmäň)!»[8]

Hezreti Omaryň ogly Abdulla (radyýallahu anh), bu meseläni şeýle gürrüň berýär: «Biz «Ogullyklary, gyzlyklary kakalarynyň ady bilen çagyryň!» diýen aýat inýänçä, Zeýde Harisäniň ogly Zeýd däl-de, Muhammediň ogly Zeýd diýip ýüzlenerdik».[9]

Bu aýatdan soň ogullyklaryň ogullyk edinen adamyň mirasdary bolmak düzgüni hem ýatyryldy.

Hezreti Zeýd (r.a) Pygamberimize (s.a.w) pygamberlik wahyýy gelenden soňra hezreti Hatyja (r.a) bilen hezreti Alynyň (r.a) yz ýany yslama girip, üçünji musulman bolmak abraýyna eýe bolýar.

Pygamberimiz (s.a.w) Zeýdi örän gowy görerdi. Käwagt: «Eý, Zeýd! Sen doganymyz we azat edenimizsiň»[10] diýip, ony öwerdi. Soň-soňlar Resulalla (s.a.w) bu sahabasyna enekesi Ümmi Eýmeni alyp berdi. Olardan bolsa öz ellerinde göterip ulaldan, örän eziz gören sahabasy hezreti Usame bin Zeýd (r.a) dünýä inipdi.


[1] Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah.497; Ibni Esir, «Üsdül-Gabe» t-2, sah. 224. Ibni Hajer «El-Isabe», t-1, sah 563.

[2] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 264. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah.497.

[3] Ibni Sad, «Tabakat», t-3, sah.41; Ibni Esir, «Üsdül-Gabe» t-2, sah. 225. Ibni Hajer «El-Isabe», t-1, sah 523.

[4] Ibni Sad, «Tabakat», t-3, sah.42; Ibni Esir, «Üsdül-Gabe» t-2, sah. 225. Ibni Hajer «El-Isabe», t-1, sah 523.

[5] Ibni Sad, «Tabakat», t-3, sah.42; Ibni Esir, «Üsdül-Gabe» t-2, sah. 225.

[6] Ibni Sad, «Tabakat», t-3, sah.42; Ibni Esir, «Üsdül-Gabe» t-2, sah. 225. Ibni Hajer «El-Isabe», t-1, sah 563.

[7] «Ahzab» süresi, 5, 40.

[8] «Ahzab» süresi 5.

[9] Ibni Sad, «Tabakat», t-3, sah.43; Buhary, ««Sahyh»», t-3, sah.174; Muslim, ««Sahyh»», t-3, sah 131.

[10] Buhary, ««Sahyh»», t-3 sah. 303.