Ruhany Nastura we Pygamberimiz (s.a.w)

Pygamberimiz (s.a.w) öň hem agasy Ebu Talyp bilen Şama syýahat edip görüpdi. Şol wagtlar bu ybadathanada bolýan ruhany Bahira dünýeden gaýdypdy. Indi onuň ýerine Nastura atly başga bir ruhany bardy. Nastura zeýtun agajynyň astynda goş ýazdyran Pygamberimizi (s.a.w) penjireden synlap durdy. Ol birsalymdan soň öňden tanşy bolan Meýseräni ýanyna çagyryp, agajyň aşagynda oturanyň kimdigini sorady. Meýsere:

– Ol mekgeli, kureýş taýpasyndan – diýip jogap berdi. Nastura Meýserä garap, şeýle diýdi:

– Şol agajyň aşagynda şu wagta çenli pygamberden başga hiç kim oturmandy.[1]

Meýsere onuň diýýän zatlaryna haýran galdy. Soňra ruhany Nastura ondan:

–  Onuň gözi biraz gyzaryp durmy? – diýip sorady. Meýsere tolgunyp, başyny atdy:

–  Hawa.

Onuň bu jogabyndan soň Nastura kesgitli netijä geldi:

– Ol pygamberdir, pygamberleriň iň soňkusydyr![2]

Ruhanynyň sözleri Meýseräni aňk edipdi. Ol örän tolgunýardy. Geljekki pygamberiň hyzmatyny etmek ýaly belent mertebä miýesser bolmagyň begenjine bütin süňňi galpyldaýardy. Meýsere ruhanynyň bu sözlerini aňyna berk belledi.

Her kim satjak zadyny satyp, aljagyny alypdy. Kureýşliler öz aralarynda hasaplap görseler, Pygamberimiz (s.a.w) beýlekileriň ählisinden şowly, amatly söwda eden eken.[3] Indi Oňa (s.a.w) haýran galýan ýeke Meýsere däldi, bütin kerwendäkiler muny akyllaryna sygdyryp bilmeýärdiler.

Kerwen Busradan çykyp, Mekgä tarap ýola düşdi.

Perişdeler saýa salýar!

Kerwen jokrama yssysy bilen ýakyp-ýandyrýan çölüň içi bilen Mekgä tarap barýardy. Gün ýiti şöhlelerini bolluk bilen eçilýärdi. Emma bu nä ahwalat?! Meýsere gözlerine ynanyp bilenokdy. Gaýta-gaýta gözlerini owkalap seredýärdi. Ol ilki gözüne bir zatlar görünýärmikä öýtdi. Emma görýän zady ne bir hyýal, ne salgym, ne-de düýşdi: iki sany bölejik bulut Älemleriň Serweriniň (s.a.w) üstüne saýa salyp gelýärdi![4] Olardan gözüni aýryp bilmeýän Meýseräniň ýüregi tas agzyndan çykypdy.

Günüň ýiti şöhlesi indi öňküsi ýaly ýakyp-ýandyryp baranokdy. Meýsere bu görýän täsin ýagdaý hakynda hezreti Muhammede (s.a.w) gürrüň bermäge-de çekinýärdi. Ol içki tolgunjyny töweregindäkilere aňdyrmajak bolýardy. Ahyrynda-da kerwen Mekgä ýetdi. Hezreti Hatyja (r.a) öýüniň ýanynda bir beýigiň üstünde beýleki kureýşli zenanlar bilen uzakdan salgym atyp gelýän kerweni synlaýardy. Kerwen mazaly ýakynlady. Öňden gelýän iki kişi hezreti Muhammet (s.a.w) bilen Meýseredi. Hezreti Muhammediň (s.a.w) edil depesinde asmandan uçup gelýän zat nämekä?! Ýa gözlerine bir zatlar görnäýýärmikä?! Ýok, Hatyja hakykaty görýärdi: iki sany bölejik bulut Älemleriň Serwerini (s.a.w) Günüň ýiti şöhlesinden gorap gelýärdi. Bu täsinlige haýran galan Hatyja tolgunyp, töweregindäki zenanlara buludy görkezdi: «Serediň, serediň, iki sany bulut Muhammedi Günden goraýar!» [5]

Kerwen sag-aman Mekgä dolanyp geldi. Pygamberimiz (s.a.w) harytlary hezreti Hatyja tabşyrdy. Hezreti Hatyja bu söwdadan uly peýda gördi.[6]

Meýsere gürruň berýär!

Meýsere şol gezekki Şam saparynyň dowamynda Älemleriň Serwerinden (s.a.w) köp zat öwrenipdi, köp zat görüpdi.

Ol (s.a.w) hemme zatdan öň arassaçylyga uly üns berýän ýumşak tebigatly, dogry sözli, ähdine wepaly ynsandy. Ylaýta-da söwdadaky dürslügi hemmäni haýran galdyrýardy. Meýsere Onuň özüne çekiji üýtgeşik häsiýetlerini, ruhany Nasturanyň ol hakynda aýdan sözlerini, ýolda gören täsin hadysalaryny birin-birin hezreti Hatyja (r.a) gürrüň berdi. Bu gürrüňleri diňläp oturan hezreti Hatyja şol wagt ýigrimi bäş ýaşlarynda bolan Pygamberimize (s.a.w) haýran galýardy, Onuň örän üýtgeşik ynsandygyny ýüregi bilen syzýardy. Ol dessine doganoglany Waraka bin Newfeliň ýanyna gidip, Meýseräniň hezreti Muhammet (s.a.w) hakynda aýdan zatlaryny, Onuň bilen baglanyşykly öz gözi bilen gören hadysalaryny gürrüň berdi.

Waraka bin Newfel alym kişidi. Ol hristian dinine uýýardy. Butparazlygy ýigrenýärdi. Ol hezreti Hatyjany diňläp oturşyna, eşidýän zatlaryna haýran galýardy. Ol birsalym oýa çümdi, ahyrynda-da şeýle diýdi: «Eger bu aýdylanlar hak bolsa, Muhammet (s.a.w) bu ymmatyň pygamberidir. Men öňdenem bu milletden bir pygamberiň çykjagyny bilýärdim, oňa garaşýardym. Onuň gelmeli wagty örän golaýlady».[7] Bu sözleri eşiden Hatyja hezreti Muhammet (s.a.w) hakynda edýän pikiriniň dogry çykandygyna begendi, kalby ynjalyk tapdy.


[1] Ibni Hişam, «Sire», tp-1, sah 199. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 130; Taberi, «Taryh», t-2, sah 196.

[2] Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 130; Süheýli, «Rawdül-Ünf», t-1 sah. 122.

[3] Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 130.

[4] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 200. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 130; Taberi, «Taryh», t-2, sah 196.

[5] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 200. Ibni Sad, «Tabakat», t-1, sah. 130-131.

[6] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 200. Taberi, «Taryh», t-2. sah 197.

[7] Ibni Hişam, «Sire», t-1, sah 203. (1) Süheýli, «Rawdül-Ünf», t-1 sah. 123; Ibni Kesir, «Sire», t-1, sah. 267.