Sözbaşy
Ýer ýüzünde ýaşap geçen iň ajaýyp we iň görnükli şahsyýetler hezreti Adamdan (a.s) bäri yzy üzülmän gelýän pygamberler zynjyryndan gelipdir. Bu mukaddes zynjyryň iň kämil, iň nurana halkasy bolsa, elbetde, iň soňky pygamber hezreti Muhammeddir (s.a.w).
Ol (s.a.w) özünden öňki pygamberleriň esaslandyran ýokary ahlak ýörelgeleriniň ählisini özünde jemlemek bilen sözüň doly manysyndaky «Hatemul-enbiýa» adyna mynasyp bolýar. Ol (s.a.w) pygamberleriň ählisiniň serdarydyr, dinleriň ählisiniň nazaryýet özeniniň «mirasdarydyr». Ol (s.a.w) millionlarça öwlüýädir pirleriň halypasydyr, mugallymydyr. Öwlüýädir pirleriň ählisi diňe Onuň (s.a.w) ýol görkezmegi bilen kämillige ýetişipdir.
Ol (s.a.w) nuruny saçyp başlamanka, tutuş älem matam baglan ýalydy. Janly-jandarlaryň barysy biri-birine ýagy bolup görünýärdi, jansyz zatlar-ha öli jeset diýen ýaly ýöne bir sandy. Adamlar bolsa hossarsyz ýetimler ýalydy. Olar özlerini bu dünýä bir gezek gelip, soň hemişelik ýok bolup gitmeli ýaly duýýardylar.
Ol (s.a.w) şam-çyrag bolup döräp, tutuş äleme nuruny ýaýyp başlamagy bilen älem-jahan heýjana gelip, şeýle bir nagra tartdy welin, ylla diýersiň zikirdir şükür sözlerinden ýaň berýän metjidiň bar-da. Onsoň janly-jandarlaryň ählisi bir bitewi göwrä öwrülen ýaly, sazlaşykly hereket edip başlady. Jansyz barlyklar Haktagalanyň hikmetli ýaradan eseri bolmak derejesine göterilip, adamzadyň gullugyna berlen hyzmatkärlere öwrüldi. Adamlar mydamalyk ýok bolup gitmekden halas boldy. Olar özlerini Allatagalanyň ebedi bagtyýarlyk mekany bolan jennete çagyrylýan hormatly myhman ýaly duýup başlady. Gepiň gysgasy, bütin äleme rahmet edilip iberilen şol beýik Ynsan (s.a.w) adamzadyň gijesini gündize, gyşyny ýaza öwürdi.
Iň bir ýönekeýje endigem bolsa, öwrenen adama ony goýdurmak aňsat däl. Bir zada öwrendikli adama endigini goýdurmak üçin köp wagt gerek bolýar. Şeýle-de bolsa, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) çölde çarwa durmuşda ýaşap ýören sowatsyz hem kesir adamlaryň müňýyllyklaryň dowamynda ýöredip gelýän urp-adatlaryny örän gysga wagtda, onda-da ýeke özi hiç hili güýç ulanmazdan düýbi-damary bilen ýok etdi. Gyz bäbegini gypynç etmän diri ýere gömüp gaýdyp bilýän wagşy adamlardan ýokary medeniýetli jemgyýeti döretdi, olary iň bir medeniýetli halklara medeniýetiň nämedigini öwredip biljek adamlara öwürdi.
Şol jemgyýetde garypçylyk halys möwjäp ýetjek derejesine ýetipdi. Bu gün bar diýeniň ertire çykjagy gümanady. Ine, şeýle garaňky dünýäde nuruny saçyp başlan Hidaýet Güneşi (s.a.w) ebedi bagtyýarlyga etlýän ýoly esaslandyrmak bilen gysga wagtyň içinde giň dünýagaraýyşly, ýokary ahlak sypatlaryna eýe adamlardan ybarat asuda, parahat jemgyýeti kemala getirdi.
Ynha, şeýle deňsiz-taýsyz ajaýyp şahsyýet bolan hezreti Muhammet (s.a.w) ýigrimi üç ýyl ýaly gysga wagtyň içinde ganhor duşmanlarydyr dünýewi päsgelçiliklerden rüstem gelip, tutuş halkyň durmuşynda hem-de ruhunda ägirt uly öwrülişik geçirdi. Onuň (s.a.w) şeýle beýik işiň hötdesinden gelendigini dosty-duşmany – ähli kişi kabul edýär.
Towhydy berkarar etmek üçin dinini bütin äleme yglan edip başlan döwürleri Onuň (s.a.w) pikir-garaýyşlaryny goldaýan ýeke adamam ýokdy. Aradan çykmazynyň öň ýany bolsa, Arafat dagynyň eteginde musulmanlara ýüzlenip okan iň soňky hutbasyny diňlemek üçin azyndan ýüz müň sahaba, ylla diýersiň, Aýyň daşyndaky tylla halka mysaly Onuň (s.a.w) daşyny gurşap alypdy. Aradan 1400 ýyl geçenden soň, ýagny häzirki döwürde bolsa Onuň (s.a.w) goýup giden nurunyň daşynda tenleriniň reňki üýtgeşik, gepleýän dilleri tapawutly, (dürli milletden, dürli dilde gepleýän) ýöne bir Haka sygynýan milliarddan gowrak musulman ymmaty perwaz urýar. Hezreti Muhammediň (s.a.w) ady olaryň dilleriniň senasy. Olaryň durmuşy hezreti Muhammediň (s.a.w) goýup giden ýol-ýörelgeleri esasynda gurlan.
Älemi kitaba meňzetsek, şol kitabyň syrly setirlerinde ýatan inçeden-inçe manylaryna düşünen hem-de düşündirip bilen adam ýene Ol (s.a.w) bolupdyr.
Onuň (s.a.w) paýhas sapagyndan habarsyz filosof durmuşyň hakyky manysyna düşünip bilmän galar. Şübhedir müňkürlik girdabyna kalbyny hem ruhuny aldyrar, akylyny bolsa köp samahyllaýan ýaňra ýaly diňe patarraky urmaga gönükdirer. Hem özüni, hem beýlekileri ýoldan çykarar.
Onuň (s.a.w) Kuran ahlagyna salgylanmaýan ahlakçy filosofyň, Onuň (s.a.w) öňe sürýän ýörelgelerine eýermeýän jemgyýeti öwrenijiniň adamy eltjek ýeri ahlaksyzlyk hem-de baş-başdaklyk bolar.
Ýazyjylar özüniň döredijilik güýjüni Ondan (s.a.w) almasa, Ondan (s.a.w) edep öwrenmese, ýazýan zady mydama bärden gaýdar, göýdük galar.
Wagyzçylar Onuň (s.a.w) wagyzçylyk ukybyndan habarsyz bolup, Onuň (s.a.w) wasp eden zatlaryny wasp etmeseler, onda olar adamlaryň ýüreklerinde düýpli täsir oýaryp bilmezler.
Edebiýatçy alymlar Onuň (s.a.w) edebinden görelde almasalar, biedeplik batgalygyndan çykyp bilmezler, gaýtam beýlekileri hem öz ýanlary bilen şol batgalygyň girdabyna alyp giderler.
Serkerdeler Onuň (s.a.w) harby hereketlerini öwrenmeseler, ýa ýeňlişe sezewar bolarlar ýa-da ejize ganymlyk ederler.
Ýolbaşçylar Ondan (s.a.w) ýolbaşçylyk etmegiň inçe syrlaryny öwrenmeseler, hakyky manyda üstünlik gazanan ýerleri juda az bolar.
Sungat bilen iş salyşýan adamlar äleme, barlyga we ynsana Onuň (s.a.w) gözi bilen seredip ybrat almasalar, tebigatparazlyk belasyndan halas bolup bilmezler.
Mugallymlardyr terbiýeçiler Onuň (s.a.w.) mähir-muhabbet paýlaýan terbiýeçilik ýörelgesine uýmasalar, kärlerinde doly üstünlik gazanyp bilmezler.
Gaty köp zady ýatdan çykardýan, köneldýän hem-de ses-sedasy çykmaz ýaly edip taşlaýan wagt söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) nurly ýoluny ýitip gider ýaly etmeg-ä beýle-de dursun, gaýtam oňa öňküden hem has ýiti öwüşgin berip, biziň döwrümize çenli getiripdir. Wagt şol nurly ýoly kyýamata çenli hem öwşün bere-bere hasam lowurdadyp alyp gider. Häzirki wagtda onuň ýaşan Sagadatlyk döwründen ýaňlana-ýaňlana gelýän mukaddeslik owazy ruhumyza, kalbymyza hem wyždanymyza tenekar ýaly bolup degýär-de, on iki süňňümizi üýtgeşik röwüşde elendirip gidýär. Ol owaz bizi gaýtadan direldýär, ruhlandyrýar, gursagymyz söýgüden, umytdan doldurýar.
Şeýle beýik Pygamberiň (s.a.w) nusgalyk durmuşyny beýan edýän eser taýýarlamak, şol nur çeşmesinden gözbaş gaýdýan şöhlejikleriň ýekejesi bilen biziň zamanamyzyň garaňky künjeklerini ýagtyltmak, elbetde, uly jogapkärçiligi talap edýän mukaddes işdir. Şol işiň jogapkärçiligi ýokary bolandygy üçin hem oňa örän eserdeňlik hem-de inçe duýgurlyk bilen çemeleşilmelidir. Şu wagta çenli Pygamberimiziň (s.a.w) ömür beýany dogrusynda ýüzlerçe eser ýazyldy. Şeýle-de bolsa, bu eserlerde Pygamberimiziň (s.a.w) şahsyýetiniň adaty ynsan tarapy bilen pygamberlik tarapy doly aýyl-saýyl edilmedi. Ine, meseläniň hut şu tarapynyň üstünde durýan eserler köp ýazylmady.
Jemgyýetçilik hadysalaryny bize ýetirýän taryhy çeşme bolmak siýerdir taryh kitaplary üçin häsiýetli zat bolup gelýär. Şol sebäpli hem olarda, esasan, Pygamberimiziň (s.a.w) gündelik durmuşy bilen bagly maglumatlar beýan edilýär.
BIRINJI BÖLÜM
Pygamberimiziň (s.a.w) dunýä inmegine çenli bolan wakalar
Resuly-Ekremiň (s.a.w) päk şejeresi
Allatagala ähli adamzadyň atasy hezreti Adamy (a.s) ýaratdy. Başyny galdyryp bakan Adam (aleýhysselam) Arşy-aglada nur bilen ýazylan «Ahmet» diýen ýazgyny gördi. Ol haýran galyp: «Ýa Reb! Bu nur näme?» diýip sorady. Allatagala: «Bu seniň nesliňden geljek bir pygamberiň nurudyr. Onuň ady asmanda Ahmet, ýerde Muhammetdir. Eger Ol bolmasady, seni ýaratmazdym!»[1] diýdi.
Milliardlarça ýyl soňra gelen şol Nuruň Eýesi (s.a.w) imanymyz bilen kabul eden bu beýik hakykaty doly aýdyňlygy bilen düşündirdi. Bir gün Abdylla bin Jabir (radyallahu anh): «Ýa Resulalla! Allanyň hemme zatdan öň ýaradan zady nämekä?» diýip sorady. Resulalla (s.a.w) şu jogaby berdi: «Ol ilki bilen Öz nurundan seniň pygamberiň nuruny ýaratdy. Nur Allanyň gudraty bilen isleýşi ýaly gezerdi. Şol wagt ne lewh, ne galam, ne jennet, ne jähennem, ne perişde, ne gök, ne Ýer, ne Gün, ne Aý, ne ynsan, ne-de jyn bardy».[2]
Bütin älemleri ýagtyldan Nur ilki bilen hezreti Adamyň (a.s) alnynda ýalkym saçdy. Soňra pygamberden pygambere geçip, Ybraýym aleýhysselama çenli geldi. Ondan hem ogly hezreti Ysmaýyla (aleýhysselam) geçdi.
Pygamberleriň atasy hasaplanýan hezreti Ybraýymyň (aleýhysselam) Yshak (aleýhysselam) we Ysmaýyl (aleýhysselam) atly iki ogly bardy. Allatagala oňa hezreti Yshakyň (a.s) neslinden birnäçe pygamberiň geljegini bildiripdi. Emma has eý görýän ogly, Hajardan dünýä inen hezreti Ysmaýylyň (a.s) neslinden pygamberiň gelip-gelmejegi belli däldi. Hezreti Ybraýym (aleýhysselam) ahyrzamanda beýik bir pygamberiň geljegini bilýärdi. Şonuň üçin hem iň soňky pygamberiň Ysmaýylyň (a.s) neslinden gelmegini arzuw edýärdi.
Hezreti Adamyň (a.s) bina eden Ýer ýüzüniň ilkinji ybadathanasy Käbe asyrlaryň geçmegi bilen ýykylyp, düp-düz bolupdy. Allatagala hezreti Ybraýyma (a.s) bu mukaddes öýüni täzeden dikeltmegi buýurdy. Hezreti Ybraýym (a.s) haýal etmän, ogly Ysmaýyl bilen gurluşyga başlady.
Käbe gurlup gutarylandan soňra ataly ogul ellerini asmana galdyryp, şeýle dileg etdiler: «Eý, Rabbymyz! (Neslimiziň) arasyndan Seniň aýatlaryňy olara okap berjek, olara kitaby we hikmeti öwretjek, olary (nädogry ynançlardan we ýaramaz häsiýetlerden) päk (tutjak) bir pygamber iber!»[3]
Allatagala hezreti Ysmaýylyň (a.s) neslinden pygamberleriň başy hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellemi iberip, bu edilen dogany kabul etdi. Älemleriň Serweri (s.a.w) bu hakykaty: «Men atam Ybraýymyň dogasydyryn»[4] diýip düşündirýär.
Hezreti Ysmaýylyň (a.s) nesli gitdigiçe köpeldi we Arap ýarymadasynyň ähli tarapyna ýaýyldy. Olaryň içinden adnanogullary, olardan mudarogullary, olaryň arasyndan-da kureýş taýpasy beýlekilerden tapawutlanyp, döwleri rüstem geldi. Kureýş taýpasynyň içinden bolsa has abraýly, sylagly mertebä ýetmek haşymogullaryna miýesser etdi.
Pygamberimiz (s.a.w) bu hakykaty şeýle düşündirýär: «Alla Ybraýymyň ogullaryndan Ysmaýyly, ysmaýylogullaryndan kinaneogullaryny, kinaneogullaryndan kureýşi, kureýşden-de haşymogullaryny, haşymogullaryndan hem meni saýlady».[5]
Ähli çeşmelerde birmeňzeş görkezilen Älemleriň Serweriniň (s.a.w) ýigriminji arkasyna çenli uzalan şejeresi şeýledir:
Muhammet sallallahu aleýhi wesellem, Abdylla, Abdylmuttalyp (çyn ady Şeýbe) Haşym, Abdymenaf (Mugire), Kusaý, Kilab, Mürre, Kab, Lüýeý, Galib, Fihr, Mälik, Nadr, Kinane, Huzeýme, Müdrike (Amir), Ylýas, Mudar, Nizar, Maad, Adnan.[6]
Ynha, bular Pygamberimiziň (s.a.w) beýik atalarydyr. Olaryň nesilleri köpelip, her biri köp taýpalaryň baştutanlary, birnäçe kowumlaryň nesilbaşylary bolupdyrlar. Käwagt biriniň iki ogly bolsa ýa-da bir kowum bölünip, şaha aýrylsa, söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) arkasy iň uly, iň haýyrly şaha saýylýardy. Her asyrda onuň beýik atasy kim bolsa, şol kişi alnynda ýalkym saçýan üýtgeşik nurdan bilinýärdi.
Pygamberimiziň (s.a.w) ýigriminji atasyndan soňky şejere ýazgysy
Pygamberimiziň (s.a.w) ýigriminji atasy bolan Adnanyň hezreti Ybraýymyň (a.s) neslindendigi şejere yzarlaýan alymlar tarapyndan kabul edilýär. Adnan bilen hezreti Ybraýymyň (aleýhysselam) arasynda köp ýyllar bardyr. Birnäçe alymlar bu iki arada kyrk arkanyň bardygyny belleýärler.[7] Munuň üsti bilen aradaky ýyllaryň sanyny takmynan aýtmak mümkindir.
Şu sebäp bilen, Pygamberimiziň (s.a.w) ýigriminji atasy Adnandan hezreti Ybraýyma (a.s) çenli bolan şejeresi basgançak-basgançak bellenilmeýär. Käbir alymlar ýedi, käbirleri-de dokuz arkada Pygamberimiziň (s.a.w) şejeresini hezreti Ysmaýyla (a.s) ýetirýärler. Şeýlelikde, bu aralykda birnäçe basgançaklardan ätlenip geçileni belli bolýar.
Adnandan hezreti Ybraýyma (a.s) çenli
Käbir alymlar Pygamberimiziň (s.a.w) Adnandan hezreti Ybraýyma (a.s) çenli barýan ikinji mertebe şejere arkasyny şu aşakdaky ýaly yzarlaýarlar:
Adnan, Udd (ýa-da Udad), Mukawwim, Nahur (ýa-da Sarih), Teýrah, Ýarub, Ýeşjub, Nabit, hezreti Ysmaýyl (aleýhysselam), hezreti Ybraýym (aleýhysselam).[8]
Ibni Yshak Resulallanyň (s.a.w) şejeresini mundan hem aňryk, tä hezreti Adama (aleýhysselam) çenli äkidýär.[9] Başga çeşmeler bu şejere babatynda pikirdeş däldirler.
Pygamberimiziň (s.a.w) iň ýakyn şejere daragty
Allanyň mukaddes amanady bolan Älemleriň Serweriniň (s.a.w) nuruny göterip, nesilden-nesle geçirip gelýän eždadynyň hemmesi hakynda känbir maglumat ýok. Olaryň arasynda has tanalýanlary Pygamberimize (s.a.w) ýakyn döwürlerde ýaşap geçenleridir. Şu ýerde olaryň ömür beýanlaryna göz aýlasak ýerlikli bolar.
Kusaý
Çyn ady Zeýd bolan Kusaý Pygamberimiziň (s.a.w) dördünji arkasydyr. Kusaý tanymal şahsyýetdi. Onuň Zühre atly erkek dogany bardy.
Hezreti Adamdan (a.s) bäri dowam edip gelýän Ahmediň (s.a.w) nuruny götermek wezipesi bu iki doganyň arasynda Kusaýa yhsan edilipdi. Öýüň ulusy bolany üçin maşgalabaşy hem oldy. Kiçiliginden üşükliligi, ugurtapyjylygy bilen köpüň ünsüni çeken Kusaý ulalansoň Mekgäniň kethudalarynyň biri boldy. Ol guramaçylygy, iş dolandyryjylygy, adalatlylygy bilen gysga wagtyň içinde Mekgäniň ilatynyň arasynda uly abraýa eýe boldy. Şonuň üçin hem Mekgäni dolandyrmak wezipesi oňa ynanyldy. Kusaý ilkinji bolup, Mekgäni etrapçalara böldi. Her tiräni özleri üçin saýlan ýerlerinde ornaşdyrdy. Mekge şäher-döwletiniň möhüm meseleleri onuň öýünde maslahatlaşylýardy. Käbäniň gapysyny açyp-ýapmak, hajylaryň suwa bolan mätäçligini üpjün etmek, olary ýerleşdirmek, söweşe gidilende baýdak dikmek, Mekge mejlisini dolandyrmak ýaly möhüm işler oňa tabşyrylypdy. Gapysy Käbä bakdyrylyp salnan ilkinji jaý hem onuň üçin gurlupdy. Bu bina Mekge şäher-döwletiniň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýan özboluşly bir parlamentidi. Kusaýyň bu jaýy taryhda «Darün-Nedwe» ady bilen şöhrat gazanyp, hijretden soň hem ýarym asyra çenli goralyp saklanypdyr.
Kusaýy Mekgede ähli kişi gowy görerdi. Alnynda ýalkym saçýan Pygamberimiziň (s.a.w) nury ony tutuş Mekgäniň halkynyň söýgüsine we jana-jan dosty derejesine ýetiripdi.
Ol garran soň: «Oglum! Seni bu kowma ýolbaşçy belleýärin» diýip, adata görä maşgalabaşy wezipesini uly ogly Abdud-Dara tabşyrdy.
Abdud-Daryň tebigaty bu jogapkärli wezipäniň hötdesinden gelerden ejizdi. Ol kakasynyň ýerini tutup bilmedi. Çünki Pygamberimiziň (s.a.w) mukaddes nury onda däl-de, kiçi dogany Abdymenafda ýalkym saçýardy. Abdymenafyň hem Haşym, Abduş-Şems, Muttalyp we Nefwel atly dört ogly bardy.[10]
Abdylmuttalybyň düýşi
Aradan ýyllar geçdi. Abdylmuttalybyň alnynda ýalkym saçýan Älemleriň Serweriniň mukaddes Nury ony kureýşiň ýolbaşçysy mertebesine beýgeldipdi.
Tomsuň yssy günleriniň biridi. Abdylmuttalyp Käbäniň ýanyndaky Hijr diýen ýerde salkyn saýada uklap ýatyrdy. Şol wagt ol düýş gördi, düýşünde kimdir biri oňa şeýle diýdi: «Tur, Taýýibäni gaz!» Abdylmuttalyp: «Taýýibe näme?» diýip sorady. Emma ýaňky gara onuň sowalyna jogap bermän daşlaşyp gitdi. Ukusyndan oýanan Abdylmuttalyp tolgunýardy. «Taýýibe» diýmek nämeke?! Taýýibäni gazmak nähili bolýar?! Ol düýşünden many çykaryp bilmän, alada bilen bir gije-gündizini geçirdi.
Ertesi gün ol ýene şol ýerde uka gitdi. Şol adam ýene-de düýşüne girdi we seslendi: «Tur! Berräni gaz!» Haýran galan Abdylmuttalyp ýene sorady: «Berre näme?» Nätanyş adam ýene hiç hili jogap bermän gaýyp boldy. Abdylmuttalyp öňküsinden hem beter tolgunyp ukudan oýandy. Emma düýşünden hiç many çykaryp bilmedi. Ol ýene bir gününi gören düýşüniň täsirinden aýňalyp bilmän geçirdi.
Ertesi gün Abdylmuttalyp ýene-de şol hemişeki ýerinde uklap ýatyrdy. Ýene düýşünde öňki adam gelip oňa: «Tur, Mednunäni gaz!» diýdi. Abdylmuttalyp ýene onuň aýdanlaryna düşünmedi. Şol bir sowalyny gaýtalady: «Mednune näme?» Emma ol adamdan ýene-de jogap alyp bilmedi.
Abdylmuttalybyň aladasy ýetjek derejesine ýetdi. Üç günüň dowamynda yzly-yzyna gören düýşüniň ýöne düýş däldigini, elbetde, bilýärdi. Emma düýşünden many alar ýaly sähelçe-de ilteşere zat tapmaýardy. Dördülenji gün ýene öňki ýerinde uka giden Abdylmuttalybyň düýşi gaýtalandy. Bu gezek ol adam: «Zemzemi gaz!» diýdi. Abdylmuttalib «Zemzem näme? Ol nirede?» diýip soranda, şu jogaby aldy: «Zemzem hiç kesilmeýän, düýpsüz suwdur. Hajylaryň suwa bolan teşneligini şonuň bilen gandyrarsyň. Ol Käbede kesilen gurbanlaryň ganlarynyň akan ýeri bilen hapa dökülen ýeriň aralygyndadyr. Alaja garga gelip, şol ýeri gazar. Ol ýerde garynjanyň hini hem bardyr».[11]
Ukudan oýanan Abdylmuttalybyň tolgunjyna bu gezek begenç duýgusy hem goşulypdy. Çünki düýşüň manysyna düşünmek üçin esas tapypdy. Ol owal hem birnäçe gezek Zemzem guýusy barada gürrüň eşidipdi. Emma onuň anyk ýerini hiç kim bilenokdy. Çünki jürhümliler Mekgeden gaçan wagtlary Käbäniň ähli gymmatly zatlaryny Zemzem guýusyna atyp, guýyny hem bildirmez ýaly gömüpdiler. Ol wagtdan bäri Zemzemiň ady bar, özi ýokdy.[12]
Abdylmuttalyp indi özüne Zemzemiň ýerini tapyp, gazmagyň buýrulandygyna düşünipdi. Ol derhal gözlege başlady. Ol düýşünde aýan edilen ýere gitdi. Şol wagt Abdylmuttalyp bir alaja garganyň gonan ýerini dörüşdirenden soň, uçup gidenini gördi. Abdylmuttalybyň begenjiniň çägi ýokdy. Ol nije ýyllardan bäri nirededigi bilinmän gelinýän guýyny tapan adyna ee boljakdy. Ol Zemzemiň ýerini bilýärdi. Indi diňe ony gazaýmalydy. Ol bu abraýy gidermek, syry hiç kime açmak islemeýärdi. Munuň üçin ertesi gün ýanyna ýalňyz ogly Harisi alyp, bellän ýerine baryp, gazmaga başlady. Birsalymdan Zemzem guýusynyň agzyna örülen daşlar göründi. Bu guýynyň agzydy. Abdylmuttalyp hem begenýärdi, hem tolgunýardy. Ol öz gözlerine ynanyp bilmeýärdi. Emma ynansasa-ynanmasa-da, onuň duran ýeri bir guýynyň agzydy. Ol tekbir aýtmaga başlady: «Allahu Ekber! Allahu Ekber! Allahu Ekber!»
Şama gidiş
Wakanyň bu ýerde gutarmajagy görnüp durdy. Ýagdaý kyndy. Şeýle wakalar sebäpli uly dawalar turardy. Muňa belet Abdylmuttalyp guýyny gazmagyny goýup, bu meseläniň bir emin tarapyndan çözülmegini teklip etdi. Teklip kabul edildi. Emini bellediler. Ol Şamly Sad bin Hüzeýmdi.
Daýylaryndan birnäçesini ýanyna alan Abdylmuttalyp kureýşiň tirelerinden ýygnananlar bilen birlikde Şama tarap ýola düşdi. Emma Şama ýetmänkäler ýazgyt olary durmaga mejbur etdi. Yssysy gowrup barýan gyzgyn çölüň ortarasynda olaryň suwy gutardy. Bu has uly, has güýçli duşmandan hem howpludy. Abdylmuttalybyň kureýşiň kethudalaryndan suw dilände, olar: «Suw özümizden artanok» diýip jogap berdiler.
Abdylmuttalybyň we onuň ýakyn garyndaşlarynyň jany howp astynda galdy. Emma olaryň ellerinden geljek zat ýokdy. Çölüň ortasynda suw gözlemek, salgymyň yzyndan ylgamakdan enaýy däldi.
Abdylmuttalybyň suw gözlegine çykmagy
Her niçigem bolsa, Abdylmuttalyp düýesine mündi we suwuň gözlegine çykdy. Kureýşliler bolsa onuň ýakyn garyndaşlary bilen birlikde teşnelikden ölerine garaşýardylar.
Emma eden umytlary puç boldy. Älemleriň Serweriniň (s.a.w) mukaddes nuruny alnynda göterýän Abdylmuttalyp bir oýtak ýerden geçip barýarka, düýesiniň aýagy otlaryň arasynda gömlen bir daşa ilişdi. Düe büdräp, entäp gitdi. Daş hem ýerinden gozgandy. Ýykylmajak bolup düýesinden berk ýapyşan Abdylmuttalib dönüp yzyna seredende gözlerine ynanmady. Gyzgyn çölde, togalanan daşyň ýerinde Gün şöhlesine ýyldyraýan bir owuç suw göründi.
Abdylmuttalib derrew düýeden düşdi. Gylyjy bilen daş oýtumyny giňeltmäge durdy. Çukanak ýer giňeldigiçe suwy köpelmäge başlady. Az wagtyň içinde çukura ep-esli suw ýygnandy. Abdylmuttalyp yzyna dolanyp, garyndaşlaryna begenjini buşlady. «Suw tapdym!» sesini eşidenleriň hemmesi täzeden dünýä inen ýaly boldular. Olar suwuň gözbaşyna baryp, hem özleri gana-gana içdiler hem mallaryny suwa ýakdylar.
Abdylmuttalib özüne suw bermedik kureýşlilere garap:
– Suwa geliň, suwa! Alla bize suw berdi. Hem özüňiz içiň, hem-de mallaryňyzy gandyryň! Hany, ýaýdanmaň, geliň! – diýdi.
Kureýşliler utana-utana suwuň başyna bardylar. Gana-gana suw içdiler, mallaryny-da suwa ýakdylar. Artan suwlaryny döküp, täze, durnaň gözi ýaly arassa suwdan gaplaryny doldurdylar.
Zemzem guýusyny gazan elleriň özlerine beren buz ýaly sowuk hem tämiz suwundan içen batlaryna kureýşlileriň dünýeleri birden üýtgedi. Olar ýüzlerini aşak salyp, Abdylmuttalyba ýüzlendiler:
– Eý, Abdylmuttalyp! Indi saňa diýip biljek zadymyz ýok! Zemzemi gazmaga diňe seniň haklydygyňa düşündik. Bu işe täk sen mynasypsyň. Zemzem meselesinde gaýdyp seniň bilen dawa etmeris! Indi mundan aňryk gitmäge zerurlyk ýok!
Bu sözden soň olar Şama ýetmän, orta ýoldan yzlaryna — Mekgä dolandylar.
Mekgä gelen Abdylmuttalyp ogly Haris bilen birlikde guýy gazmagyny dowam etdi we az wagtyň içinde Zemzem ulus ile äşgär boldy.
Gymmat bahaly zatlar uçin bije atylyşy
Zemzem guýusyndan birnäçe gymmat bahaly zatlar hem çykdy. Bularyň arasynda altyndan edilen iki sany keýigiň heýkeli bilen birnäçe gylyçdyr sowut hem bardy. Zemzemi gazmak hukugyny Abdylmuttalyba beren kureýşiň ýaşululary bu gymmatly zatlary gören batlaryna nebisleri täzeden oýandy. Olar ýene Abdylmuttalybyň daşyna üýşdüler:
– Eý, Abdylmuttalyp! Bu baýlyklara seniň bilen birlikde biz hem şärikdiris. Bu zatlarda biziň hem paýymyz bar!
Abdylmuttalyp ilkibada:
– Ýok. Siziň bu mallarda hiç hakyňyz ýok – diýip, olaryň sözüni ret etdi. Soňra ýene mertlik edip:
– Ýöne men ýene gowusyny edeýin! Aramyzda bije atalyň – diýdi. Muňa begenen kureýş ýaşululary:
– Bolýar, biz razy. Bijäni nähili atjak? – diýişdiler. Abdylmuttalyp bijäniň şertini aýtdy:
– Iki bijäni Käbe üçin, ikisini meniň üçin, ikisini hem siziň üçin atarys. Bijede kime näme çyksa, şony alar, bijesine hiç zat çykmadyk hem öz bagtyndan görer.
Bu usul ähli kişi üçin deňlikdi, meseläni oňyn çözmegiň gowy çäresidi. Bu sebäpden kureýşliler hoşal bolup, Abdylmuttalybyň bu işini ýerli-ýerden öwmäge durdular:
– Dogry, seniň edýäniň tüýs ynsaplylyk.
Olar Abdylmuttalyp bilen birlikde Käbäniň içindäki Hubel atly butuň ýanyna baryp, bije atdylar. Bijäniň netijesi kureýşiň kethudalarynyň bu emläklerde haklarynyň ýokdugyny görkezdi. Altyn keýikler Käbä, ýaraglar bolsa Abdylmuttalyba düşdi.[13] Kureýişlere bolsa hiç zat düşmedi, emma indi olaryň edip biljek zatlary ýokdy, mesele çözülipdi. Abdylmuttalyp ýaraglary eredip, ondan gapy ýasatdy. Ýasadan gapysyny hem Käbäniň girelgesine oturtdy. Şeýlelikde, ol Käbäni altyn bilen bezedi.
Abdylmuttalyp Zemzem guýusyny tapan wagty kyrk ýaşyna giripdi. Otuz ýyldan soňra, Allatagalanyň bermegi bilen onuň ogullarynyň sany ona ýetdi. Şol wagt hem ol öňki eden wadasyny ýadyna saldy.
Ol ogullaryndan birini Käbede gurban etmelidi. Emma haýsysyny?! Olaryň hemmesi-de biri-birinden ezizdi. Ýöne Abdylla içlerinde hasam üýtgeşikdi.
( Dowamy bar)
[1] Kastalany, «El-Mewahibul-Ledünniýýe», t-1, sah-6.
[2] Шол ерде сах –7. Şol ýerde, sah-7.
[3] «Bakara» süresi, 129
[4] Ibni Hişam, Sire, t-1. sah. 175; Taberi, Taryh t-2, sah. 123.
[5] Ibni Sad. «Tabakat». t-1 sah. 20 Muslim «Sahyh» t-3 sah. 58.
[6] Ibni Hişam, «Sire» t-1 sah. 1-3 Ibni Sad. «Tabakat». t-1 sah. 55-56. Belazuri, «Ensabul – Eşraf» t-1 sah. 12 w şm; Taberi, «Taryh» t-2 sah 172-180.
[7] Mewlana Şibli, «Asry-Saadet» t-1 sah. 119 terjime Ö.R. Dogrul.
[8] Ibni Hişam, «Sire», t-1 sah-2. Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-56.
[9] Ibni Hişam, «Sire», t-1 sah-2-4.
[10] Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-66, 70, 74; Taberi «Taryh» t-2 sah. 184-185.
[11] Ibni Hişam, «Sire» t-1 sah. 150-151.
[12] M. Dikmen, B. Ateş. «Pygamberler taryhy», t-1 sah 229-232.
[13] Ibni Hişam, «Sire», t-1 sah-145-146. Ibni Sad «Tabakat» t-1 sah-85.