Älemleriň Serweri (s.a.w) dünýä inen wagty onuň ejesiniň ýanynda Abdyrahman bin Awfyň (r.a) ejesi Şifa hatyn bilen Osman bin Ebul-Asyň (r.a) ejesi Fatyma hatyn hem bardy. Göbek enelik eden Şifa hatyn şol wagtky bolan hadysany şeýle gürrüň berýär: «Allanyň Resuly (s.a.w) doglan wagty men şol ýerdedim. Derrew ýetişdim. Gulagyma şeýle bir ses geldi: «Allanyň rahmeti Oňa bolsun!» birdenkä gündogar bilen günbataryň arasy nur bilen doldy. Hatda Rum diýarynyň käbir köşklerini gördüm. Soňra Allanyň Resulyny (s.a.w) gujagyma alyp, emdirmäge durdum. Şonda tutuş göwräm titremäge başlady, gözümiň öňi garaňkyrady. Çagajygy gözden ýitirdim. Bir ses: «Nirä gitdi?» diýip sorady. «Gündogara äkitdiler» diýip jogap berildi. Bu sözler hiç ýadymdan çykmady. Haçanda Allanyň Resuly (s.a.w) pygamberligini yglan edende, şobada ylgaşlap ýanyna gitdim we ilkinji musulmanlar bilen birlikde iman getirdim».[1]
Fatyma hatyn bolsa ýatlamasynda şol bagtly gijede hezreti Eminäniň öýüniň nur bilen gurşalandygyny, asmandaky ýyldyzlaryň salkym-salkym sallanyp, üstlerine döküljek deý bolup duranyny gürrüň berýär.[2]
Pygamberimiziň (s.a.w) ýene bir aýratynlygy, Onuň sünnetli we göbegi kesilen bolup dogulmagydyr.* Onuň (s.a.w) arkasynda, pilçe süňkleriniň arasynda, edil ýüreginiň arka tarapynda pygamberlik möhüri – «Hatemi-Nübüwwet» bardy. Üsti tüýjümek, güberçek, gyzylymtyl kiçijik meňleriň bir ýere jemlenmeginden dörän bu möhür käkiligiň ýumurtgasynyň ululygyndady. Bu möhür Pygamberimiziň (s.a.w) iň soňky pygamberdiginiň bir alamatydyr.
Sahabalardan hezreti Saib bin Ýezid (r.a) Pygamberimiziň (s.a.w) arkasyndaky pygamberlik möhüri hakynda şeýle diýýär: «Çagakam daýzam meni Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna äkidip: «Ýa, Resulalla! Şu ýegenimiň aýagynda ýarasy bar» diýdi. Resulalla (s.a.w) eli bilen başymy sypalap, maňa bereket dogasyny etdi. Soňra täret kyldy. Täret suwundan içdim. Soňra arkasyna geçip durdum we iki omzunyň arasyndaky käkilik ýumurtgasynyň ululygyndaky «hatemi-nübüwweti» gördüm».[3]
Hezreti Aly (radyýallahu anh) hem Pygamberimizi (s.a.w) suratlandyranda: «Onuň iň soňky pygamberdigi iki pilçesiniň arasynyň giňdigi we şol ýerindäki pygamberlik möhüründen bellidi» diýýär.
[1] Kastalany, agz. eser t-1, sah. 22.
[2] Kady Iýaz. «Şifa», t-1, sah. 267.
* Rowaýata görä ilkinji ynsan we ilkinji pygamber Hezreti Adam (aleýhisselam) hem sünnetli bolup dünýä gelipdir. Taryhy çeşmelerde pygamberlerden Şis, Idris, Nuh, Musa, Ýusup, Süleýman, Şuaýb, Ýahýa (aleýhümesselam) hezretleriniň hem dünýä sünnetli gelendikleri beýan edilýär.
[3] Buhary, «Sahyh», t-1, sah. 48; Müslim «Sahyh» t-7, sah. 86.