Kähalatlarda garaşylmadyk bir waka ynsanyň durmuşynda täze öwrülişigiň bolup geçmegine täsir edip bilýär. Ýerlikli, asylly ädilen ýekeje ädim ynsanyň ýüreginde hemişelik orun almaga sebäp bolup bilýär. Ine, Adamzadyň Göz-Guwanjy (s.a.w) bilen zenanlyk äleminiň soltany hezreti Hatyjanyň (r.a) tapyşmagyna sebäp bolan hem ýerlikli, asylly hereketden ybarat bir ýa-da birnäçe wakadyr.
Özünden öňki gelip-geçen pygamberleriň çopanlyçyk edişi ýaly, Pygamberimiz (s.a.w) hem ýetginjek wagty goýun bakardy. Has soňra Ol (s.a.w) başga biri bilen şärikleşip, düýe bakmaga başlaýar. Bir gezek hezreti Hatyjanyň uýasy bir iş üçin Pygamberimiziň (s.a.w) düýelerini kireýine tutýar. Şonda ol Resulalla (s.a.w) hem-de onuň şärikdeşine biraz bergili bolup galýar. Şonuň üstünden birneme wagt geçenden soňra şärikdeşi Resulalla (s.a.w) ýüzlenip, şol aýalyň ýanyna gitmegi hem-de galan algylaryny soramagy teklip edýär. Emma Pyagmberimiz (s.a.w): «Men soramaga utanýaryn, iň gowusy sen gidip sorasaň» diýenden soň, şärikdeşi gidip, galan bergini üzlüşmegi soraýar. Hezreti Hatyjanyň (r.a) uýasy gelen kişiden «Hany, Muhammet ýokmy?» diýip soranda, ol: «Oňa aýtdym, emma algysyny sorap gelmäge ejap etdi, şonuň üçinem men geldim» diýýär. Şonda hezreti Hatyjanyň (r.a) uýasy «Ömrümde Onuň (s.a.w) ýaly edepli, namysjaň kişi görmedim» diýýär. Bolup geçen bu waka hem-de uýasynyň aýdan sözleri hezreti Hatyjada çuňňur täsir galdyrýar.
Hezreti Muhammet (s.a.w) ahlagy küle çöken, zynanyň we şoňa meňzeş birtopar gabha işleriň rowaç bolan jemgyýetiň içinde önüp-össe-de, pygamberligine çenli ýaşan döwründe päk ahlagyna, namysyna, edep-haýasyna çirk ýalyjagam tegmil ýokdurmandy. Oglanjyk wagty iki gezek toý görmäge diýip gidip, ikisinde-de ýolda uklap galandygyny hut Özi gürrüň berýär. Ynsanyň nebsi arzuwlarynyň iň güýçli wagty bolan ýigrimi bäş ýaşyndaka ýaşy kyrka baran, ýaşlygyndan dul galan, iki çagaly Hatyja enemize (r.a) öýlenen Pygamberimiz (s.a.w) nika gyýylýan pursaty utanjyndan burçak-burçak derländigini, mübärek ýüzüniň nar ýaly gyzarandygyny taryh kitaplary beýan edýär. Uzak ýola sapara gidýän kişiler «Gyzymy, aýalymy, ar-namysymy göz-gulak bol diýip kime tabşyryp gitsemkäm?!» diýip pikir edenlerinde, göz öňlerinde ilki bilen edep-ekramyň, ýagşy ahlagyň nusgasy bolan bu ýigidiň keşbi janlanýardy.
Belki-de, Ol (s.a.w) hakynda eşidýän öwgüli gürrüňlerden täsirlenen bolsa gerek, hezreti Hatyja (r.a) mundan beýläk sapara ýollajak kerwenlerini Pygamberimize (s.a.w) ynanmak hakynda köp oýlanýardy. Sebäbi hezreti Muhammet (s.a.w) mekgelileriň arasynda aňrybaş ynamdarlygy hem-de tämiz ahlagy bilen adygypdy. Mekgäniň bütin ýaşaýjylary oturan-turan ýerlerinde Onuň (s.a.w) dogruçyllygy, ähtibarlylygy barada gürrüň edýärdiler. Şol wagtlar hezreti Hatyjanyň (r.a) söwda dolanyşygynda ummasyz haryt jemlenipdi. Onuň şol gezekki ýollamak isleýän ýüküni äkitjek kerwen bütin kureýşlileriň üýşüp çykarjak kerwenine barabar bolup, satlyk harydy hem şonçady.
Kowmunyň arasynda asylzadalygy, akyllylygy bilen tanalýan hezreti Hatyja ýaşlygyndaky juwan gözelligini gorap saklan görmegeý zenandy. Ol şol wagta çenli iki gezek durmuşa çykypdy, emma ikisinde-de ýanýoldaşy aradan çykypdy. Söwdasynyň gerimi giň bolansoň, bu işi ýeke özi ýörederden ejizdi. Şonuň üçin ol (r.a) bu gezek hezreti Muhammede (s.a.w) ýöneldi. Çünki şol wagtlar araplarynda arasynda ynamdarlykda, ar-namyslylykda, asylzadalykda, gözel ahlaklylykda hezreti Muhammede (s.a.w) taý gelip biljek kimse ýokdy. Köp wagt geçmänkä, kerwen sapara çykmaga taýýarlanyldy. Hezreti Hatyja (r.a) hyzmatkäri Meýseräni hem Resulallanyň (s.a.w) ýanyna goşup, onuň bilen iberdi.