Allatagala we Resulyna (s.a.w) boýun bolmak
«Eý‚ iman getirenler! Alla we Onuň ilçisine boýun boluň‚ (Kuranyň we Allanyň ilçisiniň) öwütlerini eşidip durubam‚ ondan ýüz öwürmäň!» («Enfal», 8/20);
«Alla we Onuň ilçisine boýun boluň‚ agzala bolmaň! Ýogsam, howsala düşüp ejizlärsiňiz‚ güýç-kuwwatyňyz gider!» («Enfal», 8/46);
«Eý, iman getirenler! Alla boýun boluň! Pygambere we özüňizden bolan (musulman, adalatly) baştutanlaryňyza boýun boluň! Eger Alla we ahyrete ynanýan bolsaňyz, (bir meselede) düşünişmän jedelleşseňiz, Alla (Kurana) we pygambere (hadyslara) ýetiriň (ýüz tutuň)! Bu (siziň üçin) haýyrlydyr we netije taýdan ajaýypdyr» («Nisa» süresi, 4/59).
Resulalla (s.a.w) bir hadysynda şeýle diýdi: «Kim maňa boýun bolsa, onuň Alla boýun boldugydyr. Kim maňa baş göterse, onuň Alla baş göterdigidir!».
Başga bir hadysynda Resuly-Ekrem (s.a.w): «Boýun towlap, kesirlik edenlerden başga bütin ymmatym jennete girer» diýdi. «Kesirlik edenler kimler?» diýip soralanda, «Kim maňa boýun bolsa, jennete girer, kim asy bolup (etagat etmese), ol kesirlik eden diýmekdir!» diýdi.
«Aralarynda höküm berilmek üçin Alla we Onuň ilçisine çagyrylan mahaly müminleriň sözleri diňe «Eşitdik we tabyn bolduk» diýen sözleridir. Halas bolanlar hem şolardyr. Eger kim Alla we Onuň ilçisine tabyn bolsa, Allanyň azabyndan heder etse hem-de Ondan gorksa, üstünlik gazananlar şolar bolar» («Nur» süresi, 24/51-52);
«Mümin erkekler bilen mümin zenanlar biri-birileriniň hemaýatkärleri, goldaýjylarydyr. Olar ýagşylygy ündärler‚ ýamanlykdan saklarlar, namazy bolmalysy ýaly berjaý edip‚ zekatyny berip‚ Alla we Onuň ilçisine boýun bolarlar. Ine‚ Alla olary Öz rahmetine gowuşdyrar. Çünki Alla Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir» («Toba» süresi, 9/71).
Pygamber etagat edilsin diýlip iberiler
«…Pygamber size nämäni berse (emir etse) alyň, nämäni gadagan (haram) etse, ondan gaçyň! Alladan gorkuň! Hiç şübhesiz, Allanyň jezasy örän ýowuzdyr» («Haşr» süresi, 59/7);
«Biz her pygamberi Allanyň rugsady bilen (halkyň) olara boýun bolmaklary üçin iberdik. Eger olar (ikiýüzlülik edip), özlerine zulum edip, seniň ýanyňa gelip, günäleriniň geçilmegi üçin Alladan ýalkaw sorasadylar, pygamber hem olaryň günäleriniň geçilmegi üçin ýalkaw dilesedi, elbetde, olar Allanyň tobalary kabul edýändigini, rehim-şepagatlydygyny görerdiler» («Nisa» süresi, 4/64).