1. Allatagala we Resulyna (s.a.w) boýun bolmak hakyndaky aýatlar we hadyslar (dowamy)

Allatagala we Resulyna (s.a.w) boýun bolanlar nämelere miýesser bolarlar?

«Sen olara: «Siz Alla we Onuň ilçisine boýun boluň! Eger ýüz öwürseňiz (bilip goýuň), pygambere diňe öz üstüne ýüklenen (borç) düşer, size hem öz üstüňize ýüklenen (borç) degişli bolar. Eger oňa boýun bolsaňyz, dogry ýoly taparsyňyz. Pygamberiň wezipesi diňe (Allanyň dinini) äşgär ýetirmekdir» diýip aýt. Ýene-de aýt: «Alla sizden iman getirip, ýagşy işleri edenleri özlerinden öňküleri hökmürowan edişi ýaly, Ýeriň ýüzünde hökmürowan etjekdigini we olar üçin Özüniň razylyk bildiren yslam dinini pugtalandyryp ýerleşdirjekdigini we (häzirki başlaryndan geçirýän) gorkuly döwürden soň olara howpsuzlyk, asudalyk berjekdigini wada etdi. Çünki olar Maňa (Alla) ybadat ederler, hiç bir zady Maňa şärik goşmazlar. Eger kim mundan beýläk (hak dini) inkär etse (we şol nygmatlara näşükürlik etse), (bilip goýsunlar) olar azgyn adamlardyr. Şonuň üçin eý, müminler, merhemete laýyk bolmagyňyz üçin namazy (yhlas bilen) berjaý ediň, zekat beriň we pygambere boýun boluň!» («Nur» süresi, 24/54-56);

«Merhemet edilmegiňiz üçin Alla we pygambere tabyn boluň!» («Äli-Ymran», 3/132);

«Eý, iman getirenler! Alladan gorkuň we dogry sözläň! (Bu sebäpli) Alla siziň işleriňizi ugruna eder we günäleriňizi geçer. Kim Alla we Onuň ilçisine tabyn bolsa, ol örän uly üstünlige ýeter» («Ahzab» süresi, 33/70-71);

«Kim Alla we pygambere boýun bolsa, ine, olar Allanyň nygmatlaryna mynasyp bolan pygamberler, syddyklar, şehitler, salyhlar bilen bile bolarlar. Bular nähili ajaýyp dostlar! Bu Allanyň fazly-keremidir. (Bulara kimiň laýykdygyny) Allanyň bilmegi ýeterlikdir!» («Nisa» süresi, 4/69-70);

«Ine, bular Allanyň goýan çäkleridir. Kim Alla we Onuň ilçisine boýun bolsa, Alla ony aşagyndan derýalar akýan jennetlere ýerleşdirer. Olar şol ýerde ebedi galarlar. Ine, bu (iň) uly üstünlikdir» («Nisa» süresi, 4/13);

«(Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger Allany söýýän bolsaňyz, maňa tabyn boluň! (Şonda) Alla hem sizi söýer we günäleriňizi bagyşlar. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr» («Äli-Ymran», 3/31);

«(Eý, müminler), elbetde, siz üçin, Alla we ahyret gününden umydygär bolanlar hem-de Allany köp yat edenler üçin Allanyň pygamberinde gözel görelde bardyr» («Ahzab» süresi, 33/21);

«Sen aýt: «Eý‚ ynsanlar! Men siziň hemmäňize Alla tarapyndan iberilen pygamberdirin. Asmanlar we ýer Onuň mülküdir. Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Ýaşaýşy beren-de‚ ölümi ýaradan-da Oldur. Sizem Alla we Onuň bütin sözlerine iman getiren ol ümmi pygambere‚ ol ilçä boýun boluň! Oňa ýürekden tabyn bolsaňyz‚ dogry ýoly taparsyňyz» («Engam» süresi, 7/158).

Hezreti Enesiň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resulalla (s.a.w) şeýle diýipdir: «Kim menden soňra ýitip ýok bolup giden sünnetimi dikeltse, meni söýdügidir. Meni söýen kişi meniň bilen biledir»;

Ýene-de şuňa meňzeş hadyslarynda bolsa: «Sünnetime berk ýapyşan jennete girer»;

«Kim ymmatymyň azan döwründe meniň sünnetime eýerse, ýüz şehidiň sogabyny alar»;

«Kim sünnetimi dikeltse, meni söýdügidir. Meni söýen kişi bilen jennetde bilediris»;

«Ymmatyň agzala bolan döwründe pygamberiň sünnetini berjaý etmek eliňde köz saklan ýalydyr» diýipdir.