Allatagala we Resulyna (s.a.w) boýun bolmak hakyndaky aýatlar we hadyslar

Resulallanyň (s.a.w) pygamberlik wezipesi hakynda

«Eý, pygamber! Elbetde, Biz seni şaýat, buşlukçy we duýduryjy edip iberdik. (Seni) Allanyň rugsady bilen (dogry ýola) çagyryjy we nur saçýan çyrag edip iberdik» («Ahzab» süresi, 33/45-46);

«Eý, Resulym! Biz seni ähli adamzada diňe buşlukçy we duýduryjy edip iberdik. Ýöne adamlaryň köpüsi muny bilmez» («Sebe» süresi, 34/28);

«Biz seni (iman getirip, ýagşy işleri edenlere jenneti) buşlaýjy we (inkär edenlere beriljek azaby) duýduryjy edip iberdik» («Furkan» süresi, 25/56);

«(Eý, Muhammet!) Biz seni älemlere hut rahmet edip iberdik» («Enbiýa» süresi, 21/107);

«(Alla özüne) şärik goşanlar halamasa-da, dinini ähli (beýleki) dinlerden üstün kylmak üçin pygamberini dogry ýol hem-de hak din bilen iberendir» («Saf» süresi, 61/9);

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) älemleriň Rebbi bolan Allatagalanyň kelamynda şeýle wasp edilýär:

«Hiç şübhesiz, Alla meniňem Rebbimdir, siziňem Rebbiňizdir. Elbetde, Oňa ybadat ediň! Ine, bu dogry ýoldur» («Äli-Ymran» süresi, 3/51);

«(Eý, Muhammet!) Aýt: «Hiç şübhesiz, Rebbim meni dogry ýola, hanyf bolan (haka ýönelen) Ybraýymyň milletine (dinine) ýetirdi. Ol (Ybraýym) (hiç haçan) Alla şärik goşanlardan bolmandy». Aýt: «Hiç şübhesiz, meniň okan namazym‚ (haj we gurbanlyk ýaly) ybadatlarym‚ ýaşaýşym‚ ölümim älemleriň Rebbi bolan Alla üçindir. Onuň (hiç hili) şärigi ýokdur. Maňa diňe bu (yhlas) emir edildi. Oňa (bu ymmatdan) ilkinji musulman bolan mendirin» («Engam» süresi, 6/161-163).