Adamzadyň gözidigijilik bilen garaýan, küýseýän bagtyýar, ajaýyp durmuşyň hamyrmaýasy bolan gözel ahlagyň eýesi bolmak üçin söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) ahlagyny we edebini oňat bilmelidir. Bu sebäpden kitabymyzyň şu bölüminde Onuň (s.a.w) belent ahlagynyň, edebiniň mazmuny hökmünde käbir parçalary siziň dykgatyňyza ýetirmekçi.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) üst-başynyň arassalygyna, sypaýydan gelşikli bolmagyna üns bererdi. Ol (s.a.w) geýýän lybasyny mümkin boldugyndan uzak wagtlyk geýmäge, esli salym arassalygyny saklamaga çalşardy, täze egin-eşik alnanda Alla hamdy-sena ederdi. Geýýän eşigini «reňki çala bozulypdyr, boýasy solmaga başlapdyr» diýip, bir gyra taşlamazdy. Geýim üçin mata saýlanda, gözeilginç, ýiti reňklerden gaça durardy, sypaýylygy elden bermezdi. Şeýle hem geýim-gejim meselesinde aňrybaş, gymmat bahaly lybas geýnip, isrip etmegi, munuň üsti ulumsy görünmegi halamazdy. Onuň (s.a.w) geýinmek bilen baglanyşykly düşünjesini «arassa, tertipli, sypaýy, gelşikli, sada, zerurlygyna görä geýinmek» diýen beýan sygdyryp bileris.
Resuly-Ekremiň (s.a.w) iýmek-içmek bilen baglanyşykly edebine-de gysgaça degip geçeliň:
Ol (s.a.w) hiç haçan öňünde goýlan tagama at dakmazdy. Islese iýerdi, islemese goýardy. Nahardan öň elini ýuwardy, nahardan soňra hem elini ýuwardy, hem agzyny çaýkardy. Nahara «Bismillä» bilen başlardy. Mümkin boldugyndan tabagyndaky nahary gutarmaga çalşardy. Çörekden iýjegini döwüp alardy, ýagny artykmaç çöregiň, naharyň dökülmegine razy bolmazdy. Köpçülik bilen supranyň başyna geçende, edil öň ýanyndan nahar iýenem bolsa, hemmeler iýip bolýança oturardy. Nahar iýilýärkä, rugsat soraman, hemmeden öň turup gitmegi halamazdy. Naharyň, beýleki iýmitleriň arassalygyna, ýaramlylygyna, halalyndan gazanylan bolmagyna üns bererdi. Nahar iýlip bolnandan soňra «Elhamdulillä» diýerdi. Nahara çagyrylsa, gaýragoýulmasyz bir aladasy bolaýmasa, hökman giderdi. Nahara çagyran kişi näme bişiren bolsa, hatda tirit[1] hem bolsa, öý eýesini ynjytmajak bolup, hiç gaşyny çytman, işdämenlik bilen iýerdi. Suwy düýbi görünýän gapdan içerdi.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w), esasanam, töweregindäkileri birahat etjek derejede ýiti bolmadyk reňksiz hoşboý ysly müşk-anbarlar hödür edilende höwes bilen kabul ederdi. Reýhanyň gülüni we beýleki hoşboý ysly gülleri-de gowy görerdi. Ol (s.a.w) haýaljakdan geplärdi. Her sözüniň arasynda dyngy bererdi. Hatda diňleýän kişi Onuň (s.a.w) sözlerini ýat hem tutup bilýärdi. Pygamberimiz (s.a.w) sözlän wagty diňleýjiniň aň derejesini göz öňüne tutardy.
Pygamberimiz (s.a.w) gülende aňrybaş edeplilik bilen gülerdi. Onuň (s.a.w) gülmegi ýylgyryşdan ybaratdy. Görenleriň aýtmagyna görä, Pygamberimiz (s.a.w) ýylgyranda mübärek dişleri dür mysaly görnerdi. Dişleri örän sagdyndy, hemişe arassalap gezerdi. Resuly-Ekrem (s.a.w) ruhuny Haka tabşyrmanka eden iň soňky amallarynynyň biri-de, miswak bilen dişlerini arassalapdy.
Ol (s.a.w) öýke-kinä, görübilmezçilige sebäp bolýan, salyhatlylygy, agraslygy giderýän degişmeleri dogry hasaplamazdy. Emma many-mazmunynda bu zatlar bolmadyk sözler ýa-da hal-hereketler bilen Özi-de degşerdi, sahabalarynyň hem bu çäkde biri-biri bilen degişmelerine päsgel bermezdi. Bu meselede hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) özi-de çagalar bilenem, dürli ýaşdaky adamlar bilenem degşip-gülşerdi.
Resulalla (s.a.w) gündelik durmuşynda şol döwrüň jemgyýetinde bar bolan sedir (sofa), diwan, ýatak, ýorgan, kündük, legen we şuňa meňzeş öý goşlaryny ulanypdyr. Ol gymmat bahaly öý goşlaryny ulanmaga höwes etmezdi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) öý goş babatynda-da sadalykdan, tertip-düzgünlilikden aýrylmandyr. Gerek zadyny diňe zerurlyk dörände alypdyr, tämizlige uly üns beripdir.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ýakyn dogan-garyndaşlarynyň halyndan ýygy-ýygydan habar tutardy, goňşulary hem-de beýlekiler bilen ýakyn gatnaşyk saklardy, mümkinçiligi boldugyndan hemmelere ýardam ederdi, garyp-pukara bilen ýakyndan gyzyklanardy. Aýratynam, ene-atanyň ýagdaýyny häli-şindi sorap durmagyň, olaryň ýetmezini ýetirip, möhümlerini bitirmegiň, olary razy etmegiň musulman üçin iň uly borçlarynyň biridigini oturanda-turanda nygtardy. Ol (s.a.w) çagalykdan ejesinden mahrum galypdy. Bu sebäpden ony hasrat bilen ýatlardy. Süýt emdiren enekesi Halyma hatyna bolan hormaty çäksizdi, oňa elinden gelen kömegini ederdi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) dünýä inäýen wagty özüni gysga wagtlyk hem bolsa emdiren enekesi Süweýbe hatyny-da unutmandy. Mekgede ýaşaýan bu zenana wagtal-wagtal hat ýazyp, dürli sowgat-salam, harçlyk pul ugradyp durýardy. Şeýdip onuň göwnüni alýardy. Resuly-Ekrem (s.a.w) medineli hazrejileriň nejjarogullary tiresinden bolan, atasy Abdulmuttalybyň ejesi Selma hatyn tarapyndan garyndaşy hasap edilýän, özüne köp hyzmat eden Ümmi Süleým (r.anha) bilen Ümmi Harama-da (r.anha) uly hormat goýýardy. Süýt emşen dogany Şeýmanyň hem halyndan habar alardy, çagalyk ýyllarynda elinde önüp-ösen ýeňňesi, Ebu Talybyň ýanýoldaşy Fatyma hatyna-da «Eje jan, eje jan!» diýip ýüzlenerdi. Ol (s.a.w) ýokarda-da beýan edişimiz ýaly, enekesi Ümmi Eýmeniň (r.a) hem sarpasyny belent tutardy, oňa-da «Eje jan!» diýerdi. Görşümiz ýaly, Resulalla (s.a.w) ejesiniň, enekeleriniň, ejesiniň ornunda duran hatynlaryň we bütin zenanlaryň hatyrasyny tutupdyr, olary hormatlapdyr.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) öý-içeriniň, daş-töwereginiň, köçäniň, iýmitiň, lybasyň arassalygyna üns berşi ýaly, kalp hem-de ruh tämizligine-de uly ähmiýet bererdi. Hut şu sebäpli, Ol (s.a.w) «Musulman, elinden we dilinden musulmanlaryň zyýan görmeýän kişisidir» diýýardi.[2] Resuly-Ekrem (s.a.w) bu hadysynyň üsti bilen musulmanlaryň jemgyýetiň arasynda ygtybarly, adamlara haýry degýän, ynamdar kişiler bolmalydygyny nygtaýardy. Şeýle hem Resulalla (s.a.w) «ýalan sözleýän, beren sözünde tapylmaýan, özüne ynanylan amanada hyýanat edýän kişini» ikiýüzli hasap ederdi.[3] Çünki bu hatalary goýberýän musulmanlar ynamdan gaçýardy. Bu bolsa hiç hili razylaşyljak ýagdaý däldi. Allanyň Resuly (s.a.w) kalp tämizligine-de üns çekip, bu babatda şeýle diýipdir: «Örän ünsli, seresap boluň: bedeniň içinde bir bölejik et bardyr! Eger şol gowy bolsa, bütin beden gowudyr, erbet bolsa-da, bütin beden erbetdir! Şol bölejik et kalpdyr!»[4]
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) jomartdy. Adamlara-da jomart, sahy bolmagy ündärdi. Bu barada keremli sahabalarymyzdan hezreti Jabir bin Abdulla (r.a) şeýle diýýär: «Resuly-Ekrem hezretlerinden dünýälik bir soralsa, Ol hiç haçan ýok diýmezdi. Soralýan zat bar bolsa, bererdi, ýok bolsa, bolan wagty berjekdigine wada ederdi».[5] Hezreti Aýşe (r.anha) bolsa Resulallanyň (s.a.w) jomartlygyny şeýle taryp edýär: «Pygamberimiz (s.a.w) özüne sowgat berilse, ondan has gowy, gymmat bahaly zady sowgat beren kişä bererdi».[6]
Resuly-Ekrem (s.a.w) hemişe ululara hormat goýulmagyny, kiçileriň söýülmegini islärdi. Ol (s.a.w) öz çagalaryny, agtyklaryny, ýakynu-uzak goňşularynyň çagalaryny, öňünden çykan bütin musulmanlaryň, hatda müşrikleriň çagalaryny-da söýerdi, olara mähir-muhabbet ederdi. Ýolda gabat gelen çagalary düýesine mündürip gezdirerdi, olar bilen gyzyklanardy. Oýun oýnap ýören çagalara salam bererdi, olara goşulardy, çagalyk dünýälerine girip, özleri ýaly bolup oýnardy.
Resulalla (s.a.w) adalatlydy. Bähbitparazlygy, köre-kör tarapgöýligi, adam alalamagy gadagan edipdi. Ne kimsäniň hakyny iýerdi, ne kimsä hakyny iýdirerdi. Erbet sözler aýtmazdy, edep-haýa, sypaýyçylyga ters gelýän hereketden daş durardy. Köpçülik ýerlerinde galmagal turuzmazdy, gaty ses bilen gygyrmazdy, kimsäni birahat etmezdi. Bir zady halamandygyny mübärek ýüzüne seredenden aňyp bolýardy. Bir kişini erbet gylygyndan, ýa bolmasa nädogry hereketinden el çekdirmek üçin muny şol kişiniň göwnüne degmän aýtmaga çalşardy. Ýagny şeýle hereketiň, gylygyň erbetdigini, ony dessine taşlamalydygyny köpçülige ýüzlenip aýdardy.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ähli müminlere merhemetlidi. Onuň (s.a.w) bu aýratynlygy hakynda Kurany-Kerimde şeýle diýilýär: «Hiç şübhesiz, size öz içiňizden şeýle bir pygamber (Muhammet) geldi. Siziň kynçylyga duçar bolmagyňyz oňa agyr degýär. (Siziň iman getirmegiňizi çyn ýürekden isleýär). Çünki ol müminler üçin Merhemetlidir, Rehim-şepagatlydyr» («Toba» süresi, 9/128). Allatagala bu aýatynda Özüniň beýik atlaryndan bolan «Rauf, Rahym (örän rehimli, örän merhemetli)» diýen sypatlaryny söýgüli Pygamberimize-de (s.a.w) beripdir. Ine, şonuň üçinem Ol (s.a.w) özünden duşmanlara nälet okamagyny islän bir kişä «Men nälet okamak üçin däl-de, älemlere rahmet üçin iberildim» diýip jogap berýär.
Müşgili bolan islendik adam Resulallanyň (s.a.w) huzuryna hiç hili gypynçsyz girip, derdini arkaýyn aýdyp bilýärdi. Allanyň Resuly (s.a.w) hassalaryň halyndan habar alardy, olara teselli bererdi. Agyr ýatan bolsa telkin ederdi (hassanyň ýanynda kelemeýi-şahadat gaýtalap oturmak). Jynaza giderdi, merhumyň ýakynlaryna Alladan sabry-jemil, dünýeden gaýdana-da rahmet dilärdi. Adamlara-da merhumyň yzynda galanlara, dogan-garyndaşlarynyň teselli bermegi, ýardam etmegi, goldaw bermegi nesihat ederdi.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ylma uly ähmiýet bererdi. Onuň (s.a.w) iň möhüm aýratynlygy mugallymlykdy. Musulmanlar hurma agajaynyň kölegesinde, bir jaýyň diwarynyň saýasynda, ýa bolmasa metjide üýşüp, Ondan (s.a.w) ylym öwrenerdiler. Mundan başga-da, öýlenmedik, dogan-garyndaşy bolmadyk kişileriň ýatymlyk galyp okaýan ylym ojagy bardy. Bu ylym ojagyna «Suffa» diýilýärdi. Suffa ylym ojagynyň talyplarynyň sany ýetmiş bilen dört ýüzüň arasynda üýtgäp durýardy. Resulalla (s.a.w) özüne gelýän sowgat-serpaýlaryň köpüsini olara berýärdi. Berilýän zekatlaryň, sadakalaryň hem aglabasyny Suffa sahabalaryna geçirýärdi. Şu ýerde gürrüňini etmek isleýän bir hadysamyz hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ashaby-Suffa näderejede ähmiýet berendigi bilen baglanyşyklydyr:
Resulallanyň (s.a.w) gyzy hezreti Fatyma (r.anha) pukara durmuşda ýaşaýardy. Degirmen aýlamakdan ýaňa eli gabarardy, suw daşamakdan ýaňa özi-de, adamsy hezreti Aly-da (r.a) halys ýagyr bolardy. Ahyry bir günem hezreti Fatyma (r.anha) kakasyndan özüne bir hyzmatçy bermegini haýyş etdi. Şol günlerde bir söweş bolup, ondan alnan oljalar Medinä getirilipdi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) oljadan her kimiň ýetdik hajyny paýlap durşuna, «Suffa sahabalary aç-suwsuz, garyplykda gününi ötürýärkä, neneň edip, size hyzmatçy bereýin?!» diýip, gyzynyň haýyşyny bitirmekden ýüz öwrüpdi.[7]
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) örän kiçi göwünlidi. Onuň (s.a.w) näderejede pespäldigini şu sözlerinden hem aňlamak mümkindir:
─ Meni aşa öwmäň! Hristianlar Isany öwmekde öte gidip, oňa «Allanyň ogly» diýipdiler. Men diňe Allanyň guludyryn. Siz hem maňa Allanyň guly we ilçisi diýiň![8]
Bir gün Resulallanyň (s.a.w) huzuryna bir garryja kempir gelip, «Eý, Allanyň Resuly! Bir gerek zadym bardy, şonuň üçin ýanyňa eldim» diýdi. Daşyndan seretseň, bu garrynyň aňy gidip, näme sorap, näme goýýandygyny bilmeýän ýalydy. Emma şonda-da hezreti Pygamberimiz (s.a.w) oňa biperwaý garamady, onuň derdi bilen çynlakaý gyzyklandy. Garrynyň sözüni soňuna çenli sabyrlylyk bilen diňläp, onuň islegini berjaý etmäge çalyşdy.[9]
Bir günem bir adam hezreti Pygamberimizi (s.a.w) görmäge gelipdi. Haçanda ol huzura çykanda, tolgunmakdan ýaňa el-aýagyny ýitirip, bütin süňňi bilen gagşamaga başlady. Resulalla (s.a.w) onuň halyny görüp, şeýle diýdi:
─ Gardaş, aljyrama! Men soltan däl! Kureýşli, gara çörek iýen aýalyň ogly![10]
Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) öýünde özüni alyp barşy-da, Onuň (s.a.w) nähili kiçi göwünli ynsandygyny görkezýär. Hezreti Aýşeden (r.a) Resulallanyň (s.a.w) öýünde özüni alyp barşy hakynda soranlarynda, ol (r.anha) şeýle maglumatlary beripdir:
─ Allanyň Resuly (s.a.w) öýe gelen wagty, özüni bizden aýry tutmazdy, ýa bolmasa epeý görünjek bolup, bady-howalyk etmezdi. Biz bilen kiçi göwünlidi, mylaýymdy. Eşiginiň sökülen ýeri bar bolsa tikerdi, goýunlaryny sagardy, maşgalalarynyň hojalyk işlerine kömek ederdi. Bazara giderdi, gerek-ýaragyny satyn alardy, ýüküni özi götererdi. Sahabalar «Rugsat beriň, eý Resulalla! Ýüküňi biz götereli» diýselerem, etmezdi, «Her kim öz ýüküni özi götersin» diýerdi.[11]
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) wepadar ynsandy. Ähtinde durardy, wadasyna sadykdy, sözünden dänmezdi. Özüne, töweregindäki sahabalaryna ýardam eden kişileri unutmazdy, dost-ýarlary häli-şindi görşüp durardy, ýagdaýlaryny sorardy. Musulmanlara-da şeýtmegi ündärdi. Munuň bilen baglanyşykly käbir mysallara ser salsak, Onuň (s.a.w) näderejede wepadar bolandygy hasam düşnükli bolar:
Abdulla bin Ebil-Hamsa (r.a) hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bilen eden söwdasy bilen baglanyşykly hadysany şeýle gürrüň berýär: «Entek pygamberlik berilmänkä, hezreti Muhammet (s.a.w) bilen söwda edipdim. Şonda oňa az-kem bergili bolupdym. Bergimi şol duran ýerinde garaşsa, getirip berjegime söz berdim. Şeýdibem gaýtdym. Emma beren sözümi unudan bolsam nätjek?! Aradan üç gün geçenden soňra beren sözüm güpbe ýadyma düşdi. Duran-duran ýerimden wadalaşan ýerime ýelk ýasadym. Bärden baranymda, gözlerime ynanmadym: üç gün geçendigine garamazdan, hezreti Muhammet (s.a.w) entegem maňa garaşyp duran eken. Ol (s.a.w) şonda maňa şeýle diýdi: «Eý, ýaş ýigit! Meni uly alada goýduň. Bu ýerde üç gün bäri saňa garaşýaryn!»[12]
Bir gezek Nejaşynyň ilçileri hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) huzuryna gelipdiler. Resulalla (s.a.w) olar bilen içgin gyzyklandy, ýürekdeş bolup, söhbet etdi we wekiliýete hut özi hyzmat edip başlady. Sahabalaryň käbiri sypaýyçylyk bilen «Eý, Allanyň Resuly! Biz hyzmat ederis, siz oturyň» diýdiler. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) olara şeýle diýdi:
─ Bular Hebeşistana göç eden sahabalaryma ýer berdiler, olara gadyr-gymmat goýdular, ellerinden gelen kömegi berdiler. Olaryň bu eden hyzmatlarynyň garşylygynda menem olara hyzmat etjek.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) özi bilen ýakyndan tanyşmak üçin dürli ýerlerden gelýän wekiliýetleri, şahslary garşy alyp, myhmanhanalara ýerleşdirerdi, naharlardy. Olar bilen oturyp söhbet ederdi. Yslam dininiň esasy hökümlerini öwretmek üçin olara mugallym berkiderdi. Nahar-suwlaryna seretmek üçin ýörite adam bellärdi. Wekiliýetler yzlaryna gaýtjak wagty, olaryň ýol azygyny taýýarladardy, hersine aýratyn serpaý ýapardy. Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýtmek bilen yslam dini bilen gyzyklanyp, özi bilen tanyşmaga gelen kişileriň kalbynda tagt gurardy, olary hiç wagt hakydalaryndan çykmajak wepadarlyk duýgusy bilen ýola salardy.
Mutim bin Adiý kureýşiň baştutanlarynyň biridi. Ol musulman däldi. Birwagtlar Resulalla (s.a.w) Taifden dolanyp gelýärkä, mekgeliler Ony şähere salmak islemändiler. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) mekgeli kethudalaryň hemmesine ýeke-ýeke adam iberip, özüni howandarlyga almaklaryny haýyş etdi. Emma olar biragyzdan Onuň (s.a.w) haýyşyny ret etdiler. Şonda diňe Mutim aýaga galyp, ogullaryny ýaraglandyrdy we Resulallany (s.a.w) şähere saldy. Aradan ýyllar geçdi. Bedir söweşinde Mutim hem beýleki kureýşliler bilen deň hatarda musulmanlara gylyç çekdi we şol ýerde-de öldürildi. Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) şahyry Hassan Mutimiň ölüminden soňra oňa bagyşlap mersiýe (ýatlama şygyr) ýazdy. Ol (r.a) şygrynda Mutumiň birwagtlar hezreti Pygamberimize (s.a.w) howandar çykandygyny taryp edip, ony ýagşylykda ýatlady. Resulalla (s.a.w) öz adyndan edilen bu wepadarlykdan örän hoşal boldy. Bedirde ýesir alnan müşrikleri näme etmelidigi hakynda geňeş edilende, Resuly-Ekremiň (s.a.w) şu sözleri onuň nähili wepadar ynsandygyny subut edýär: «Eger şu wagt Mutim bin Adiý diri bolup, menden ýesirleri boşatmagymy haýyş etsedi, hiç hili fidýe (ýesir tölegi) alman, hemmesini azat ederdim».[13]
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) baglaşan ýaraşyklaryna, ýaranlyk ylalaşyklaryna-da wepalydy. Hudeýbiýede musulmanlaryň tarapynda bolup, ylalaşyga goşulan huzaa taýpasy, kureýşiň tarapyndan bolup, ylalaşyga giren bekirogullarynyň hüjümine sezewar bolupdy. Ýarygije edilen çozuşa kureýşlileriň hem goldaw berendiginiň üsti açylypdy. Huzaalylar bolan ýagdaýy Resulalla (s.a.w) ýetirenlerinde, Ol (s.a.w) dessine goşunyny jemläp, ýola düşdi. Bu waka Mekgäniň eýelenmeginiň sebäbi hökmünde taryha girdi.[14]
Resuly-Ekremiň (s.a.w) adaby-muaşereti (ahlak kadalary) bilen baglanyşykly gysgaça mazmunymyzy şeýle sözler bilen tamamlalyň:
Ol (s.a.w) adamlaryň ýagşy niýetli, gaýratly, işeňňir, rehimdar, haýyrsöýer, tertip-düzgünli, dürs, kiçi göwünli, wepaly bolmagyny isleýärdi. Olara üst-başy bulam-bujar, sölite, gödek, ýaman niýetli, ýalta, gazaply, rehimsiz, ýalançy, tekepbir bolmagy gadagan edýärdi. Ynsanlaryň biri-birilerini söýmegini, biri-birilerine goldaw bermeklerini, biri-birileriniň öňündäki jogapkärçiligini, borçlaryny duýup, şoňa görä ýaşamaklaryny arzuw edýärdi.
[1] Tirit – iri dogralan gaty çöregiň üstüne etli çorba guýlup taýýarlanýan tagam
[2] Sahyhy-Buhary Muhtasarý Tejrid-i Sarih Terjemesi, I, 29.
[3] Müslim, «Iman», 107.
[4] Buhary, «Iman», 39.
[5] Müslim, «Fedaýyl», 56.
[6] Tirmizi, «Şemail», 60; Hace Mehmed Raif Efendi, «Muhtasar Şemail-i şerif Terjemesi, s. 245.
[7] Abdurrahman Azzam, «Rasul-i Ekremin örnek ahlaky», (çev. Hayreddin Karaman), s. 46.
[8] Ibn Kesir, «Şemailür-Resul», (çev. Naim Erdogan), s. 87; Tirmizî, «Şemail», 55.
[9] Ibn Kesir, «Şemailür-Resul», (çev. Naim Erdogan), s. 88; Tirmizî, «Şemail», 55.
[10] Abdurrahman Azzam, «Rasul-i Ekremin örnek ahlaky», (çev. Hayreddin Karaman), s. 61.
[11] Tirmizi, «Şemail», 57.
[12] Ibn Sad, «Tabakâtül-Kübra», VII, 59; Şibli, «Asr-y Saadet», I, 137; Abdurrahman Azzam, «Rasul-i Ekremin Örnek Ahlaky», (çev. Hayreddin Karaman), s. 38.
[13] Abdurrahman Azzam, «Rasul-i Ekremin Örnek Ahlaky», (çev. Hayreddin Karaman), s. 36-37.
[14] Ibn Hişam, «Es-Siretün-Nebeviyye», IV, 32-38; Ibn Sad, «Tabakatül-Kübra», II, 134; Taberi, III, 111-112; Ibnül-Esir, «El-Kamil», II, 239-241; Sahih-i Buhary, Muhtasarý Tejrid-i Sarih Terjemesi, X, 295 we başg.; Abdurrahman Azzam, a.g.e., s. 37.