ZABIÝE IBN BERA (R.A.)
“Jihad tesbisiniň bize ýetip gelmegine sebäp bolandyr.”
Yslam dininiň taryhy, “Allanyň dinine kömek ediň” sözüni özüne görelde edinen, ömürlerini hak dine we oňa tabyn bolanlara kömek etmekde tükeden adamlardan dolydyr. Muňa derek olar, “Alla-da size kömek eder”[1] buşlugyny hut älemleriň ötesinden alypdyrlar we Yslam dininiň taryh sahypalarynda atlaryny “kömek edýän” manyda, “Ensar” diýip yz galdyrypdyrlar we bu beýik mertebeli älemleriň ýyldyzlary derejesine ýetipdirler. Ine şolaryň biri-de Zabiýe Binti Beradyr (r.a.).
Zabiýe (r.a.), Ensardan bolan Ebu Katadäniň aýalydyr. Ensardan bolmagyň hakyny bermek üçin jäht we gaýratlaryny gaýgyrmany, her pursatda Resulallaga kömek etmek üçin ellerinden geleni edipdirler. Resulallanyň (aleýhisselam) aýallar üçin gurnan ylym mejlislerinde öz ýerini alyp, köňül gözýetimini bu mejlislerden alan ruhany bereketler bilen aýdyňladyp, bezäpdir. Aýdyňlanan köňli bilen ybadata gaty ünsli bolan Zabiýe (r.a.) jumga namazlaryna-da gitmek islände, Resulalla (aleýhisselam) oňa ýüzlenip:
Ybadata berk üns bermeginiň ýanynda jihad yşky bilenem dolup joşan Zabiýe (r.a.) muny eşidende:
Resulalla-da (aleýhisselam):
Jihad tesbisini Resulalladan (aleýhisselam) sorap öwrenen we onuň bize çenli gelip ýetmegine sebäp bolan zenana sahaba Zabiýäniň (r.a.) nirede wepat edendigi barada maglumat ýokdur. Alla (jelle jelälühü) ondan razy bolsun.
[1] Muhammed, 7.