3-nji gün: Käbäniň eýesi!

Ebrehe Käbäni ýykmak üçin uly goşun ýygnap, säher bilen Mekkä tarap ýörişe çykdy. Ebrehäniň goşunynda uzak diýarlardan getirilen äpet söweş pilleri hem bardy. Ebrehe olary dürli reňkli ýüpek matalar bilen bezemegi buýrupdy. Söweş pilleriniň arasynda iň güýçlisi Mahmyt atly pildi. Mahmyt ýer sarsdyryp, agyr goşunyň iň öňüni çekip barýardy. Ebrehe Mahmydyň bir zarbada Käbäni ýumurjakdygyna ynanýardy. Agyr goşun Mekgä golaýlanda, goşunyň bir bölegi öňden gidip, mekgelileriň şäheriň töwereginde otlap ýören mallaryny taladylar. Sürlen mallaryň içinde Abdulmuttalybyň hem iki ýüz düyesi bardy.

Käbe uzakdan şar-gara göwher ýaly bolup görünýärdi. Ebrehe şäheri eýelemezinden öň, Mekgäniň häkimi bilen görüşmek isledi. Dessine Abdulmuttalyby çagyrtdy. Ebrehe oňa diňe Käbäni ýykmaga gelendigini we hiç kim garşy çykmasa gan dökülmejekdigini aýdanyndan soň, «Menden haýyşyň barmy?» diýip sorady. Abdulmuttalyp bolsa, Esgerleriň iki ýüz düýämi aldylar, şolary yzyna ber!» diýip jogap berdi.

Ebrehe onuň bu jogabyna geň galyp: «Maňa Käbäni ýykma diýip ýalbararmykaň öýdýärdim welin, seniň bar aladaň düýeleriň eken. Dogrusyny aýtsam, men saňa akylly adamsyň öýdýärdim. Emma men ýalňyşypdyryn» diýip, onuň üstünden gülmäge durdy.

Abdulmuttalyp oňa: «Düýeler meniňki, olary goramak meniň borjum. Käbäniň eýesi bolsa Alladyr. Elbetde, Käbäni hem Onuň özi gorar» diýdi.

Bu jogaba Ebrehäniň gahary geldi. Ol «Kimden gorasada, menden gorap bilmez» diýip gygyrdy. Abdulmuttalyp «Onçasyny görübiris» diýdi-de düýelerini alyp, Mekgä dolandy. Käbä baryp, «Eý, Allam! Guluň öz malyny gorady, Sen hem Özüňe degişli bolany gora!» diýip doga etdi. Soňra Mekgäniň ilatyna şäheri terk etmelidigini aýtdy. Adamlar şäheri boşadyp, Käbäniň töweregindäki depelere dyrmaşdylar. Olar bu depeden ähli boljak zatlary arkaýyn görüp biljekdiler.