6-njy gün: Gül ysly çaga!

Mekgäniň iň bagtyýar öýünde bir ene ýaşaýardy. Ol şol garaşylýan çaganyň ejesi, dünýäniň iň bagtly zenany hz. Aminedi. Begenjinden ýaňa guş bolup uçaýjak bolýan Amine ýanyndakylara şeýle diýýärdi: «Çagamyň dünýä inmegi bilen ähli ýere nur çaýyldy. Men hamana, nurdan ummana düşen ýaly boldum.»

Akja arlyga oralan çagajyk süýji ukuda ýatyrdy. Otagyň içinde ol çaganyň müşk-anbar ysy bark urýardy. Bu iň beýik pygamberiň bäbekligidi. Adamlar onuň daşyny gallap: «Gör, nähili eýjejik çaga!» diýşip, haýran galyp synlaýardylar.

Çaganyň kakasyna Abdulla diýerdiler. Emma ol çagasy dünýä inmänkä aradan çykypdy. Emma bäbejigiň atasy bardy. Onuň atasy güýçli, rehimdar we jomart adamdy. Ol Mekgäniň häkimi Abdulmuttalypdy. Dessine adam iberip: «Agtygyň boldy, ýüzi on dördi gijäniň Aýy ýaly, onuň ýaly çaga heniz dünýä inenem däldir» diýip buşladylar.

Abdulmuttalyp eglenmän öýe geldi, bäbejigi bagryna basdy. Ýüregi begençden gürsüldäp urýardy. Ol gülümsiräp, bäbegi synlap durşuna: «Balamyň ady Muhammet bolsun! Goý, ol ähli ýerde söýlüp taryp edilsin! Şonuň üçin oňa bu ady dakýan. Oňa oňatja göz-gulak boluň. Gelejekde oglumyň ady bütin äleme ýaýylar» diýdi.

Hz. Amine göwreli wagty bir düýş görüpdi. Düýşünde oňa ogluna bu ady dakmagy aýdylypdy.

Abdulmuttalyp agtygynyň bolanyna begenip mal soýup, uly zyýapat berdi. Hemmeleri zyýapata çagyryp, garyp-gasarlaryň garnyny doýurdy. Ähli ýeri şatlyk-şagalaň gurşap alypdy. Mekge şäheri öňküsinden gözelleşip, ýagtylan ýalydy. Sebäbi indi ol ýerde hz. Muhammet (s.a.w) bardy.