Resuly-Ekrem aleýhissalatu wessalam jar çekdirip, özüniň pygamberligini yglan edipdir. Şonda ol pygamberligiň delili hökmünde Kurany-Azymüşşan[1] ýaly mukaddes kitapdan (permandan) daşgary, ulamalaryň ykrar etmegine görä,[2] müňe ýakyn mugjyza görkezipdir. Onuň mugjyza görkezendigi pygamberligi deýin şübhesizdir. Kurany-Haki:mde kapyrlaryň Pygamberimizi jadygöýlükde aýyplaýyşlary birnäçe gezek gaýtalanýar. Diýmek, kapyrlar öz gözleri bilen görensoňlar şol mugjylary inkär edip bilmändirler, şol sebäpli öz-özlerini hem-de ýaranlaryny aldamak üçin Pygamberimizi (s.a.w) jadygöýlükde aýyplamakdan başga alaçlary galmandyr.
Hawa, Muhammet aleýhissalatu wessalamyň mugjyza görkezendigi baradaky habar şeýle bir anyk welin, ýüz tewatür[3] güýjündedir. Mugjyza diýmek bolsa Haktagalanyň öz bendesini pygamber edip saýlandygynyň tassyknamasydyr, bendesini «sadakte»[4] («Ras aýdýaň!») diýip makullamagydyr. Mysal üçin, sen mejlisde ýa-da hökümdaryň gözüniň öňünde «Hökümdar maňa pylan wezipäni ynandy» diýip gürleseň, daşyňdakylar seniň bu aýdan sözüňe delil görkez diýmegi ahmal. Ana, şonda hökümdar hem «Dogry» diýip, seniň sözüňi tassyklasa gerek. Şol mahal hökümdar seniň haýyşyň boýunça hemişeki adatyny, öňden bäri ýöräp duran kada-kanunyny üýtgedäýse dagy, seniň sözüň dogrulygy has kesgitli, has ygtybarly bolar.
Edil şonuň ýaly-da, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam hem: «Şu älemiň Halygy meni wekil edip iberdi» diýýär. Sözüne delil edip, ýüzlerçe mugjyza görkezýär. «Halygym hemişeki adatyny, öňden bäri ýöredip gelýän düzgünini meniň islegim we haýyşym bilen üýtgedýär. Ynanmasaňyz, barmaklaryma serediň! Ine, çeşmeden akýan ýaly bäşisindenem şaglap suw akýar. Aýa garaň! Barmagym bilen yşarat edip görkezýän welin, ol ikä bölünýär. Şu agaja serediň! Meniň sözümi tassyklamak üçin olar ýanyma gelýär, şahadat kelemesini gaýtalaýar. Bary-ýogy iküç adama ýetjek iýmit bilen iki ýüz, üç ýüz adam doýýar!»
Şu ýerde bir zady bellemek gerek. Pygamber Serwerimiziň gepiniň iki çykmajakdygyny, onuň hakykatdan-da pygamberdigini diňe mugjyzalary däl, eýsem her bir hereketi, edýän her bir işi, aýdýan her bir sözi, ahlagy, ahwaly, hüý-häsiýeti, kaddy-kamaty hem görkezýändir. Ýagşy-ýamany saýgaryp bilýän her bir adam muňa düşünýändir. Meselem, ysraýyl ogullaryndan meşhur Abdulla bin Selam (r.a) ýaly alym kişiler Pygamber aleýhyssalatu wesselamyň mübärek roýuna gözi düşenden, «Bu ýüzde ýalan, hile ýok, bolubam bilmez»[5] diýip, iman getiripdir.
Dogrusy, ulamalar Pygamber aleýhyssalatu wesselamyň pygamberligini tassyklaýan delildir mugjyzalaryň müňe ýakyndygyny aýdýan hem bolsa, aslynda olaryň sany müňlerçedir, hatda ýüz müňlerçedir. Galyberse ýüz müňlerçe ýoly yzlaýan, ýüz müňlerçe dürli pikire gulluk edýän adamlar onuň pygamberligini ykrar edýär. Kurany-Haki:miň kyrka golaý mugjyzawy aýratynlygyny sanamanymyzda hem, onda Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligini subut edýän ýene müňlerçe delil bardyr.
Adamzat döräli bäri pygamberlik diýlen zat bardyr. Taryhda özüni pygamber yglan eden ýüz müňlerçe adam ýaşap geçipdir. Şol adamlar özleriniň pygamberdigini subut etmek üçin mugjyza görkezipdirler. Bu bir inkär edip bolmajak hakykatdyr.[6]Ine, Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligi şol hakykatdan müň mertebe çyn hakykatdyr. Çünki Isa, Musa (aleýhimüssalam) ýaly pygamberleriň nebiligine güwä geçýän deliller, wakalar, ahwallar we olaryň öz ymmatlaryna bolan mynasybeti Resuly-Ekremiň (aleýhyssalatu wessalam) şahsyýetinde has kämil, has ösen, has belent derejede dabaralanypdyr.
Diýmek, pygamberlik alamatlary Ahmet aleýhyssalatu wessalamda has kesgitli, has kämil derejede görünýän bolsa, onda onuň pygamberligi hem beýleki pygamberleriňkiden has anyk, has kesgitlidir.
[1]Kurany-Azymuşşan – Şany belent Kuran.
[2]Askalani, Fethul-Bari, 6/454; Newewi, Şerhu Sahihi-Müslim, 1/2.
[3]Tewatür – Sözüne ygtybar edilýän jemagat tarapyndan aýdylan, içinde hiç hili ýalan ähtimaly bolmadyk habar.
[4]Sadakte – Dogry aýdýaň!
[5]Suýuti, «Hasais», 1/473; Kady Iýaz, «Şifa», 1/207,247; «Mişkatul-Mesabih», hadys № 5870.
[6]Müsned, 5/266; Ibnul-Kaýýym el-Jewzi, Zadül-Mead (tahkik: el-Arnawud), 1/43-44.