7-nji gün: Hz.Muhammediň (s.a.w) enekä berilmegi!

Şol döwürler mekgeliler täze dogan çagany sährada ýaşaýan çarwalara seretdirmäge berer ekenler. Mekgäniň jowzaly howasy ýaňy doglan çagalara ýaramsyzdy. Olar yssy howada çalt keselleýärdiler.

Şonuň üçin Amine bäbegini salkyn sährada ýaşaýanlara seretdirmäge beresi gelýärdi. Bu pikirini gaýynatasy hem oňlady. Hz. Muhammet (s.a.w) indi arassa howadan dem alyp, sagdyn ulalmalydy.

Şol gün Mekgä Badyýe sährasyndan aýal bary gelipdi. Olar Mekgeden ýörite çaga almaga gelen enekelerdi. Mekgeliler olara çagalaryna seredýändikleri üçin hak töleýärdiler. Olaryň hemmesine çaga tapyldy. Emma Abdulmuttalybyň agtygyna eneke tapylmady. Kakasynyň ýoklugy sebäpli Muhammedi (s.a.w) hiç kim seretmäge alasy gelenokdy. Emma ony gujaklaryna alyp gören bolsadylar, ondan hiç haçan ýüz öwürmezdiler. Muhammedi (s.a.w) alman, Mekgeden bir ädimem ätmezdiler. Badyýa sährasyndan bir aýal öz adamsy bilen gelipdi. Olaryň ýanynda garryja eşegi bilen düýesi bardy. Aýalyň gujagyndaky çaga açlygyna çydaman aglaýardy, sebäbi açsuwsyz geçilen ýoluň dowamynda enäniň göwsüne birje damjada süýt inmändi. Olar Mekgä gelýänçäler, ýolboýy kynçylyk baryny çekipdiler. Olar hem Mekgeden çaga almaga gelipdi. Ýolda olara Abdulmuttalyp gabat geldi. Abdulmuttalyp bu aýalyň ýanyna baryp, «Sen nireli?» diýip sorady.

– Badyýaly.
– Adyň näme?
– Halyma.

Abdulmuttalybyň Halyma syny oturdy. Oňa: «Seniň örän owadan adyň bar, manysy hem «yumşak häsiýetli» diýmegi aňladýar» diýdi. Halymanyň açlykdan ýaňa solan ýüzünde ýylgyryş peýda boldy. Abdulmuttalyp akylly we päk ýürekli adamdy. Ol: «Meniň bir agtyjagym bar, kakasy ýok diýip hiç kim oňa eneke bolasy gelmedi. Oňa sen eneke bolarmyň?» diýip sorady. Halyma yzyna boş gaýdasy gelenokdy. Adamsy bilen maslahatlaşdy-da, Abdulmuttalybyň teklibini kabul etdi. Şondan soň Abdulmuttalyp ony agtyjagynyň ýanyna äkitdi. Baranlarynda, Muhammet (s.a.w) akja dolagynda meýmiräpjik ýatyrdy. Öýe girenden, üýtgeşik, hoşboý ys burnuna uran Halymanyň kalbyna şatlyk uçgunlary döredi. Ol bäbejigi haýran galyp synlap durka, bäbek birden gözüni açdy-da Halyma seredip ýylgyrdy. Halyma ony derrew gujagyna alyp emdirmäge durdy. Görse, onuň süýdi eýýäm köpelipdir. Ýogsam, uzak ýoluň argynlygyndan onda bir damja-da süýt galmandy. Eneleriň iň bagtyýary hz. Amine bäbegini ogşap, bagryna basdy. Ol çagajygyna eneke tapylanyna begenýärdi. Indi onuň çagasy arzuw edişi ýaly, salkyn jülgede ulajakdy. Ol Halyma her dürli sowgat berip, Muhammedi (s.a.w) oňa tabşyrdy. Hz. Amine beýik Allatagalanyň Muhammedi (s.a.w) gorajakdygyny bilýärdi. Ol doga-dileg edip, bäbejigini Halyma bilen Badyýe sährasyna ugratdy.