Gaýypdan habar 1

Gaýypdan habar berýän birnäçe hadysyň beýany

Bu hadys sahyh, mutewatür ýollar arkaly gelip ýetipdir. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bir gezek münberde sahabalara ýüzlenip şeýle diýipdir[1]:

اِبْنِى حَسَنٌ هذَا سَيِّدٌ سَيُصْلِحُ اللّهُ بِهِ بَيْنَ فِئَتَيْنِ عَظِيمَتَيْنِ 

Aýdylyşy ýaly hem, kyrk ýyl soň hezreti Hasan (r.a) hezreti Muawiýe (r.a) bilen ylalaşygy ýola goýýar we iki uly musulman goşuny söweşiň bäri ýanyndan gaýdýar. Şeýlelikde onuň belent mertebeli atasynyň gaýby mugjyzasy ýene bir ýola ykrar bolýar.

Ikinjisi. Bu hadys hem sahyh ýollar bilen gelipdir. Muhammet alýhyssallatu wessalam hezreti Ala (r.a)[2]:

سَتُقَاتِلُ النَّاكِثِينَ وَالْقَاسِطِينَ وَالْمَارِقِينَ

diýmek bilen Jemel, Syffyn, Hawariç ýaly wakalaryň boljagyny öňünden habar beripdir.

1) Bir gezek hezreti Aly (ra) hezreti Zübeýir (r.a) özara degişme gürrüňler edip gülşüp otyrkalar Muhammet aleýhyssalatu wessalam (Hezreti Zübeýiri görkezip): «Bu saňa garşy nähak ýere söweşer»[3] diýipdir.

2) Muhammet aleýhyssalatu wessalam öz aýallaryna şeýle diýipdir: «Siziň araňyzdan biri uly pitnä baştutanlyk eder, onuň töweregindäkileriň köpüsi öldüriler. [4]

وَتَنْبَحُ عَلَيْهَا كِلاَبُ الْحَوْئَبِ

Otuz ýyl soňra şu sahyh hadyslarda habar berilýän wakalaryň hemmesibolýar. Hezreti Alynyň Jemel söweşinde hezreti Äşädir Zübeýr weTalha dagylar bilen söweşmegi, Syffynda Muawiýä, Harewrada we Nehruwanda bolsa Hawarije garşy söweş alyp barmagy, bular onuň belent mertebeli atasynyň gaýpdan beren habarlarynyň tassyk bolandygyny görkezýändir.

3) Pygamberimiz aleýhyssalatu wessalam hezreti Ala «Bir adam seniň sakalyňy öz başyň gany bilen ezer» diýip, janyna kast ediljegini bildiripdir. Hezreti Aly (r.a) ol adamy tanaýan ekeni. Ol Abdurrahman ibni Muljemul-Harijidir.[5]

4) Muhammet aleýhyssalatu wessalam Zussedýe diýen adamyň bir geň alamatyny suratlandyrmak bilen harijiler diýen toparyň dörejegini öňünden habar beripdir. Dogrudanam, harijiler bilen bolan söweşde şol adamyň jesedi tapylypdyr. Şonda Hezreti Aly (r.a) pygamber mugjyzasynyň tassyk bolandygyny beýan edipdir we munuň bilen özüniň dogry ýoldadygyny delillendiripdir.[6]

5) Ümmi Seleme ýaly birnäçe ygtybarly hadys rawylaryna görä, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam hezretiHüseýiniň Tafda, ýagny Kerbelada öldüriljegini[7] habar beripdir. Aýdyşy ýaly hem, elli ýyldan soňra şol ýürek paralaýjy waka bolup geçýär. Şeýdip, pygamber aleýhyssalatu wessalamyň bu gaýyby habary hem dogry çykypdyr.

6) Muhammet aleýhyssalatu wessalam: «Menden soňra A:li-Beýtim ölüme, bela, sürgüne duçar bolar[8]

يَلْقَوْنَ قَتْلاً وَ تَشْرِيدًا

diýip ençeme ýola habar bermek bilen, A:li-beýtiniň başyna nähili kynçylyklaryň geljegiini azda-kände beýan edipdir. Aýdyşy ýaly hem bolupdyr.


[1] «Bu meniň agtygym Hasan baştutan bolar. Alla onuň üsti bilen iki uly goşuny ylalaşdyrar». (Buhary, «Sulh» 244; «Alametun-Nubüwwe», 249).

[2] «Sen ähtinden dänen zalymlar we dinden çykan kimseler bilen söweşersiň» (Heýsemi, «Mejmuaz-zewaid» 7/138; BeýhakiDelailinnübüwwe» 6/414)

[3] Hakim, «Müstedrek» 3/366367; Heýsemi, «Mejmuaz-zewaid», 7/235; Beýhaki, «Delailinnübüwwe»  6/412.

[4] «Hawebiň itleri onuň üstüne üýrüşer». Hakim, «Müstedrek» 3/120; «JemiulFewaid» 2/719; «Silsiletül-Ehadisi-Sahiha» №475.

[5] Hakim, «Müstedrek» 3/113, 141; «Jamius-Sagyr», hadys № 2586; Heýsemi, «Mejmuaz-zewaid»,9/138.

[6]Buhary, 3/243; Müslim, 2/744, 745; Beýhaki, 6/426.

[7] Müsned, 1/85, 3/256; Jamius-Sagyr, hadys №211; Heýsemi, «Mejmuaz-zewaid», 9/187.

[8] Hakim, «Müstedrek» 4/116, Ramuzul-Ehadis, s. 135; Ajluni, «Kenzul-Ummal» 14/267.