Gaýypdan habar berýän birnäçe hadysyň beýany
Anyk ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Allanyň resuly (aleýhyssalatu wessalam) kän gezekler şeýle diýip aýdypdyr[1]:
عَلَيْكُمْ بِسِيرَةِ الَّذَيْنِ مِنْ بَعْدِى اَبِى بَكْرٍ وَ عُمَرَ
ýagny Ebu Bekir bilen Omaryň özünden uzak ýaşajakdygyny, olaryň halyf boljakdygyny, öz wezipelerini kemsiz berjaý etjekdiklerini, olaryň ikisiniňem Allatagalanyň we Pygamberiň görkezen ýolunda ýörejekdiklerini habar beripdir. Ebu Bekiriň az, Omaryň bolsa köp wagtlap halyf boljagyny we örän köp ýeňişler gazanjagyny bildiripdir.[2]
Şeýle hem[3],
زُوِيَتْ لِىَ اْلاَرْضُ فَاُرِيتُ مَشَارِقَهَا وَمَغَارِبَهَا وَسَيَبْلُغُ مُلْكُ اُمَّتِى مَا زُوِىَ لِى مِنْهَا
diýipdir. Ýagny «Gündogardan Günbatara deňiç bar ýer meniň ymmatymyň agalygynda bolar. Munuň ýaly mülke hergiz hiç bir ymmat eýe bolan däldir» diýipdir. Habar berşi ýaly hem bolýar.
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, Bedr söweşiniň öňüsyrasy, Pygamberimiz (asm), ine, şeýle diýipdir[4]:
هذَا مَصْرَعُ اَبِى جَهْلٍ، هذَا مَصْرَعُ عُتْبَةَ، هذَا مَصْرَعُ اُمَيَّةَ، هذَا مَصْرَعُ فُلاَنٍ وَ فُلاَنٍ
ýagny küreýşiň müşrik[5]kethudalarynyň nirede öldüriljegini birin-birin görkezipdir. «Men öz elim bilen Übeýý Ibni Halefi öldürerin»[6] diýipdir. Habar berşi ýaly hem bolupdyr.
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Medine bilen arasy bir aýlyk ýol bolan Damaskyň Mute diýilýän ýerinde bolup geçen söweşi edil görüp duran ýaly, jikme-jik gürrüň beripdir[7]:
اَخَذَ الرَّايَةَ زَيْدٌ فَاُصِيبَ، ثُمَّ اَخَذَهَا اِبْنُ رَوَاحَةَ فَاُصِيبَ، ثُمَّ اَخَذَهَا جَعْفَرُ فَاُصِيبَ، ثُمَّ اَخَذَهَا سَيْفٌ مِنْ سُيُوفِ اللّهِ
Şondan iküç hepde geçenden soňra Ýala Ibni Münebbih söweş meýdanyndan gaýdyp gelýär. Heniz ol söze başlamanka, Muhbiri-Sadyk aleýhyssalatu wessalamyň özi söweş barasynda giňişleýin maglumat berýär. Ýala Ibni Münebbih: «Walla, hut diýşiň ýaly boldy»[8] diýip, onuň aýdýanlarynyň dogrudygyny tassyklaýar.
[1]«Menden soňra Ebu Bekire we Omara tabyn boluň!» Müsned, 5/382, 385, 399, 402;Tirmizi, «Menakib» 16, 37; Ibni Maje, «Mukaddime» 11;« Tuhfetül-Ahwezi» 10/147.
[2]Tirmizi, hadys № 3662; Hakim, «Müstedrek» 3/75, «Jemiul-Fewaid» 2/498.
[3]«Zemin meniň için düýrlenip goýuldy. Maňa Gündogardan Günbatara çenli aralyk görkezildi. Ymmatymyň häkimiýeti maňa görkezilen şol aralyga deňiç baryp ýeter». Müsned, 5/278; Müslim, 4/2215, 8/171, Ibni Maje, hadys № 3952.
[4]«Ine, şu ýerde Ebu Jehil, şu taýda Utbe, şu ýerde Ümeýýe öldüriler, şu ýerde bolsa pylan kişi, bu ýerde-de pylany öldüriler». (KadyYýaz, «Şyfa», 1/343; «Sahihi–Müslim»4/2203).
[5]Müşrik– Alla şirk goşýan.
[6]Hakim, «Müstedrek» 2/327.
[7]««Baýdagy Zeýd göterdiwe ol şehit boldy. Soňra baýdagyIbni Rewaha ýerden galdyrdy, olam şehit boldy. Soňra Jafer baýdagy eline aldy, olam şehit boldy. Soňra baýdagy Allanyň gylyçlarynyň biri aldy».Buhary, 5/182; Ajluni,«Kenzul-Ummal» 11/367; «Sahihul-Jamiüs-Sagyr» 1/122.
[8]Hafaji, «Şerhuş–şifa», 3/210; Ibni KaýýymJewzi, «Zadul-Mead» (tahkik: Arnawud), 3/385.