Gaýypdan habar berýän birnäçe hadysyň beýany
1. Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Pygamberimiz (asm) şeýle diýipdir[1][2]:
اِنَّ الْخِلاَفَةَ بَعْدِى ثَلاَثُونَ سَنَةً ثُمَّ تَكُونُ مُلْكًا عَضُوضًا
وَاِنَّ هذَا اْلاَمْرَ بَدَاَ نُبُوَّةً وَرَحْمَةً
ثُمَّ يَكُونُ رَحْمَةً وَخِلاَفَةً ثُمَّ يَكُونُ مُلْكًا عَضُوضًا ثُمَّ يَكُونُ عُتُوًّا وَ جَبَرُوتًا
Pygamberimiz (asm) ýokardaky hadyslaryň üsti bilen halyflyk döwrüniň dört çaryýarlardan soň hezreti Hasanyň alty aýlyk halyflygy bilen tamam boljagyny, ondan soňra ymmatynyň soltanlyk bilen dolandyrylyjakdygyny, soltanlygyň soňunyň bolsa sütemkärlige, pitne-pisada ýazyp gitjegini habar beripdir. Habar berşi ýaly hem bolupdyr.
2. Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelen sahyh hadysa görä, Pygamberimiz (asm):
يُقْتَلُ عُثْمَانُ وَهُوَ يَقْرَاُ الْمُصْحَفَ وَاِنَّ اللّهَ عَسَى اَنْ يُلْبِسَهُ قَمِيصًا وَاِنَّهُمْ يُرِيدُونَ خَلْعَهُ
diýmek bilen, hezreti Osmanyň halyf boljagyny, ony agdarmaga synanyşyk ediljegini, Kuran okaýarka, zalymlyk bilen öldüriljegini habar beripdir. Habar berşi ýaly hem bolupdyr.
3. Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen ýene bir sahyh hadys.
Bir gezek Pygamberimiz (asm) hajamat etdiren (gan aldyrmak) wagty, Abdulla Ibni Zübeýir Pygamberimizden çykan gany hamala şerbet içen ýaly (teberrik hökmünde) içipdir. Şonda Pygamberimiz (asm) (oňa) şeýle diýipdir[4]:
وَيْلٌ لِلنَّاسِ مِنْكَ وَ وَيْلٌ لَكَ مِنَ النَّاسِ
Şeýle diýmek bilen, Ol (asm) edermenligi, batyrlygy bilen tanalýan bu sahabanyň ymmatyň başyna geçjegini, elhenç hüjümlere sezewar boljagyny, ol zerarly ynsanlaryň agyr günleri başyndan geçirjegini habar beripdir. Habar berşi ýaly hem bolýar. Abdulla Ibni Zübeýir Emewiler döwründe Mekgede halyflygyny yglan edip, olara garşy gahrymanlarça söweş alyp barýar. Ahyry Hajjajy-Zalym uly goşun sürüp Mekgä gelýär. Onuň bilen bolan gazaply söweşde gahryman sahaba şehit edilýär.
4. Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, Pygamberimiz (asm) Emewiler dinastiýasynyň dörejegini,[5]emewi hökümdarlarynyň köpüsiniň halka gaty zabun darajagyny, Ýezid[6] bilen Welidiň hem şolaryň hatarynda boljagyny aýdypdyr. Şeýle hem Ol (asm) hezreti Muawiýäniň ymmatyň başyna geçjekdigini öňünden habar beripdir we şonda oňa[7]:
وَاِذَا مَلَكْتَ فَاَسْجِحْ
diýip, özüni mylakatly, adalatly alyp barmagyny maslahat beripdir. Pygamberimiz (asm)[8]:
يَخْرُجُ وَلَدُ الْعَبَّاسِ بِالرَّايَاتِ السُّودِ وَ يَمْلِكُونَ اَضْعَافَ مَا مَلَكُوا
diýmek bilen bolsa, emewilerden soňra Abbasy dinastiýasynyň peýda boljagyny we olaryň häkimiýetiniň köp asyrlap dowam etjegini habar beripdir. Habar berşi ýaly hem bolupdyr.
[1]«(Menden) soňra halyflyk otuz ýyl (dowam eder). Soňra ol sütemkär soltanlyga öwrüler». «Sahihül-Jamiüs-Sagyr», hadys № 3336.
[2]«Bu diniň başy pygamberlik we rahmetdir. Onsoň rahmetiň dowam edýän halyflyk döwri başlar. Halyflygam soltanlyga öwrüler, soltanlygyň yzy bolsa eden-etdilige, pitne-pisada ýazar». Kady Yýaz, «Şyfa» 1/338; Müsned, 4/273.
[3]«Osman Kuran okaýan pursaty şehit ediler. Allaoňa halyflyk lybasyny geýdirermikä diýýärin. Olar (onuň) bu lybasyny çykartmak islärler». (Iki tapawutly hadysdan alnan). Hakim, «Müstedrek» 3/100, 103; «Jemiül-Fewaid», 1/1884, 2/555; Kady Yýaz, «Şyfa», 1/338, 339.
[4]«Ynsanlar sen zerarly hupbat çeker, sen hem ynsanlar zerarly hupbat çekersiň». «Metalibül-Aliýe» 4/21.
[5]KadyYýaz, «Şyfa» 1/338; Ali el-Kary, 1/683; Hafajy, «Şerhuş-şyfa» 1/179.
[6]Askalani, «Metalibül-Aliýe» h. № 4528.
[7]«Häkimiýetiň başyna geçen wagtyň, mylakatly we adyl bol!» Heýsemi, 5/186.
[8]«Abbasyň zürýady(elleri) gara baýdak göteriportaçykar. Olaryň häkimiýeti dura-bara güýçlener». Kady Yýaz, «Şyfa» 1/338.